Mazmuna geçiň

Türkmenistan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Respublikasy
Türkmenistanyň baýdagy Türkmenistanyň gerbi
Baýdagy Tugrasy
Paýtagty Aşgabat şäheri
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Dili Türkmen dili
Gimni Türkmenistanyň döwlet gimni
Meýdany 488 100 km²
Ilaty
 – ilat/km²
6,2 milliondan gowrak[1]9,4/km²
Garaşsyzlyk güni 27 oktýabr, 1991 Bellenilýän senesi 27-nji sentýabr. (2017)
Puly Türkmen Manady TMT
Wagt guşagy UTC +5
Telefon kody +993
Internet TLD .tm

Türkmenistan merkezi Aziýada bir döwletdir. Goňşy döwletleri: Owganystan, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan we Özbegistan.

Taryh

Türkmenistanyň taryhy
Sahypalar

Oguz han
Gorkut Ata
Görogly
Magtymguly
Turkmenbaşy

Oguz han eýýamy

Gorkut ata eýýamy

Görogly beg eýýamy

Magtymguly Pyragy eýýamy

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamy

Geografiki ýerleşişi

Türkmenistanyň sputnikden görünüşi.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.

Relýefi

Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

Klimaty

Türkmenistan üçin çölüň aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, Aral ýakasynda we Garabogaz köl aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.[1] Archived 2009-08-24 at the Wayback Machine

Suw resurslary

Ekerançylygyň geografiki ýerleşişi ilkinji nobatda - suwaryş suwlarynyň ýaýraýşy, olaryň möçberi we peýdalanylyş derejesi bilen baglanşyklydyr. Türkmenistanda suwaryş maksatlary üçin, esasan, derýa we ýerasty suwlary peýdalanylýar. Garagum çölünde maldarçylygyň esasy suw üpjünçiligi guýular arkalydyr. Derýanyň suwlaryny suwaryş üçin peýdalanmak maksady bilen suwaryş ýaplary gazylýar.

Türkmenistanyň iň uly derýasy Amyderýa bolup, ol ýurdumyzyň gündogar-demirgazyk bölegini kesip geçýär. Ekişe ýaramly ýerleriň we ilatyň köp bölegi bolsa ýurduň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Emma ol ýerde suw upjunçiligi örän ýetmezçilik edýär. Ýöne suwaryş suwunyň gaty çäkli ýerlerinde suw bilen üpjün etmek maksady bilen, Amyderýanyň suwunyň bir bölegini günorta-günbatara Garagum derýasy bilen gönükdirildi.

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişi

Paýtagt Aşgabadyň görnüşi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine dört etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär.

Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 37 etrap, 5 şäherlerdäki etraplar, 47 etrapdaky şäher, olardan 6-sy etrap hukukly şäher, 68 şäherçe, 469 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1690 sany oba ilatly ýerlerdir.[1]

Raýon emele getiriji täsirleriň esasynda, Türkmenistan aşakdaky raýonlara bölünýär:

  • Türkmenistan-bir bütewi halk hojalyk toplumy;
  • Welaýat tipli uly ykdysady raýonlara bölünýär (olar 5 sany);
  • Aşgabat - Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty, Aşgabat şäheri öz derejesi boýunça welaýat hukukly şäher statusyna eýedir;
  • Uly ykdysady raýonlar kiçi raýonlara bölünýärler. (olar 15 sany);
  • Kiçi raýonlar öz gezeginde hojalyk-adminstratiw etraplara bölünýär (49 sany);
  • Ykdysady raýonlaryň esasy bölegi şäherlerdir (olar 20 sany);
  • Şonça şäherçelere bölünýär (68 sany);
  • Geňeşlikler ykdysady raýonlaryň oba ýerlerindäki bölümidir (469 sany);
  • Oba ykdysady raýonlar kiçi ilatly punktlara bölünýär (1690 sany).

Şeýlelikde, Türkmenistanda raýonlaşdyrmagyň 9 basgançagy emele geldi. Olaryň birinjisi we ikinjisi döwlet ähmiýetli mikraýonlardyr. Üçinjisi kiçi raýonlardyr. Dördünji, bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji we dokuzynjy basgançaklar - mikraýonlardyr. Bu sistema girýän birlikleriň 8-si (kiçi raýonlardan başgasy) adminstratiw organlary tarapyndan edara edilýär. Munuň özi ykdysady-durmuş raýonlaşdyrma bilen adminstratiw-territoriýal bölünşigiň bir bütewi sistemasyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti

"Gülistan" söwda merkezi, Aşgabatda bazary bar

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna tarap gidýän gadymy “Beýik Ýüpek” söwda ýollarynyň çatrygynda, geografik taýdan iňňän amatly ýerde ýerleşýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň territoriýasynyň üsti bilen Gadymy we Orta asyr döwürlerinde hem dünýä bazarlaryna tarap kerwen ýollary, ýodalary geçipdir. Uzaklarda başlanan kerwen ýolunyň bir şahsy öz döwründe gadymy siwilizasiýa merkezleriniň biri bolan Merwiň üsti bilen geçipdir. Gündogardan Ýewropa tarap uzalyp gidýän kerwen ýolunyň söwda merkezleriniň biri bolan gadymy Köneürgenç hem “Türküstanyň derwezesi” diýlip atlandyrylypdyr. Beýik ýüpek ýolunyň ýene bir şahasy ilki Murgap derýasynyň boýy bilen, soňra Owganystanyň üstünden Hindistana çenli baryp ýetipdir.Gündogaryň we Günbataryň gadymy söwda aragatnaşyklaryny Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrmakda uly orny bolan Beýik ýüpek ýoly indi biziň täze döwrümizde-Garaşsyzlyk zamanamyzda ýene-de dikeldilip başlandy. Ýöne bu gezek usul kerwen ýollary boýunça däl-de, polat reýsleri arkaly dikeldilýär. Tejen-Sarags-Maşat demir ýolunyň gurulmagy bilen Türkmenistanyň üstünden Transaziýa kontinentara demir ýol magistraly açyldy we ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gidýär. Ol Pekinden (Hytaý) Ýewropanyň bosagasynda ýerleşen Ystambula (Türkiýä) çenli ýetýär, Pars aýlagyna hem ýeter. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşmegi, onuň geosyýasy ýagdaýynda örän uly amatlyklyklar döredýär. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynda Amyderýa çenli ýarym million kwadrat kilometre golaý (491,2 müň kw.km) demirgazykdan günorta bolsa 650 km, uzylyp gidýýär. Merkezi Aziýanyň ähli meýdanynyň 12,2%-I Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýa garşsyz döwletleriň arasynda Türkmenistan Gazagystandan soňrf umumy meýdany boýunça iň iri döwlet hasaplanýar. Ilaty 24 million adama golaýlaşan goňşy Özbegistanyň hem tutýan meýdany Türkmenistanyňkydan az. Özbegistan gündogarda Owganystan düwleti bilen Türkmenistanyň araçäk serhetleriniň uzynlygy 864 km, Eýran Yslam Respublikasy bilen bolsa 1,5 müň kilometr golaýlaşýar. Türkmenistan demirgazyk günbatarda Gazagystan döwleti bilen hem araçäkleşýär. Merkezi Aziýanyň döwletlerine garanda Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Ýewropa bölegine ýerleşen ykdysady-geografik raýonlaryna, Kawkazyň garaşsyz döwletlerine has ýakyn we amatly ýerleşmegi bilen tapawutlanýar. Ol döwletler Merkezi Aziýa döwletlerine özleriniň transit ýüklerini Türkmenistanyň üsti bilen daşaýarlar. Hazar deňziniň kenaryna Türkmenbaşy porty Merkezi Aziýanyň “Günbatar derwezesi” hasaplansa, “Türkmenabat-Goňrat-Beýnew” demir ýoly derwezesi. Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanda Türkmenistanyň duzluk territoriýalary has agdyklyk edyar. Bu bolsa yurdumyzyn dunya bazarlaryna tarao cykalgalaryn has kop bolmagyna amatly shertler doredyar. Mysal ucin, Türkmenabat-Haýraton aralygynda Amyderya-Hyrat we Atamyrat-Ymamnazar awtomobil yollary arkaly Lyutfabat, Etrek-Gurgen, Aşgabat-Gowdan-Bajygyran awtomobil yollaryndan bashga-da, Eýran Yslam Respublikasyna tarap Tejen-Sarahs-Mashat demir ýolunyn gurulmagy dunya bazaryna täze çykalgadyr. Türkmenistan landşaftynyn esasy bolegini meýdany boýunça Sahara we Gobi çöllüklerinden son dünýäde üçünji orny eýeleýan Garagum çöli tutýar. Ol hojalyk taýdan heniz az özleşdirilen. Ol ýaşaýşyn seýrekligi, juda az orumlaşanlygy, yssylygy bilen tapawutlanyar. Emma ýerasty tebigy baýlyklaryn kopdurliligi bilen Türkmenistan indi dünýä bellidir. Türkmenistanyň giň meýdanynyň 7%-gür ilatly obalaryň, suwarymly ekerançylyk massiwleriniň, iri şäherleriniň, gür gatnaw ýollaryň, oazisleriň paýyna düşýär. Derýa jülgeleriniň, suwaryş kanallarynyň, dag etekleriniň özleşdirilen ýerleri-oazisler Türkmenistanyň köplenç çetki künjeklerinde ýerleşýärler. Garagum derýasynyň zonasy Türkmenistanyň günorta böleginiň ululy-kiçili köp oazislerini ýeke-täk suwaryş sistemasyna birikdirýär.

Garagum çöli

Uzynlygy 1300 kilometr Garagum derýasy Türkmenistanda ykdysady we durmuş özgerişkleriniň baş zonasydyr. Geografik taýdan has günortada ýerleşişi boýunça Garagum derýasynyň zonasy goňşy Özbekistanyň Mürzeçöl, Garşy kanallaryň zonalaryndan özüniň agroklimatik resurslary boýunça has amatlylygy bilen tapawutlanýar. Garagum derýasynyň zonasynda ýagtylygy we ýylylygy has köp talap edýän inçe süýümli gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Garagum derýasynyň zonasynda ýurdumyzyň ilatynyň deň ýarsyndan köpüsi ýaşaýar. Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO-nyň) agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň geosyýasy ähmiýeti barha rowaçlanýar. EKO girýän 10 döwletiň ählisiniň 300 million adamdanam gowrak ilaty bolup, olaryň umumy meýdany 7960 müň kwadrat kilometrdir. Türkmenistan EKO-nyň geografik giňişliginiň merkezinde ýerleşýär. Onuň üsti bilen esasy halkara demir ýol magistrallaryň (“Transaziýa”, “Demirgazyk-günorta”) we turbaprowodlaryň geçirilmegi barada birnäçe iri möçberli taslamalar işlenip düzülýär. Türkmenistanyň klimat resurslary, gün radiýasynyň ýokary derejeli oba hojalygyna ýaramly günleriň köp bolmagy, klimatyň gurak we kontinentallygy bilen häsiýetlendirilýär. Tutuşlygyna alanynda Türkmenistanyň agroklimat resurslary oba hojalygyny, onun esasy ugry suwarymly ekerançylygy alyp barmak üçin amatlydyr. Ýurdumyzyn mineral-çig mal resurslary boýunça dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda durýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň territoriýasy himiki çig mallaryň, gurluşyk materýallaryň zapasyna hem baý ýurt hasaplanylýar.

Gaz we nebit

Dokma senagaty

Däneçilik we Pagtaçylyk

Oba hojalygynyň umumy häsiýetnamasy

Ýurdumyzyň ykdysady oba hojalygy örän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň 40%-den gowragy oba hojalyk önümleridir.

Türkmenistanyň oba hojalygy, esasan, iki pudakdan: ekerançylykdan we maldarçylykdan ybaratdyr. Ekerançylyk oba-hojalykda öndürilýän umumy önümiň 67%-ini we maldarçylyk 33%-ini öndürýär. Şeýlelikde ýurdumyzda oba hojalygyň esasy ugry ekerançylykdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Turkmenbaşynyň “Täze oba” syýasatyna laýklykda, oba hojalygynda hususy eýeçiligiň ösmegine giň ýol açyldy. 1998-nji ýylda oba hojalygynyň umumy önüminiň 62%-ini ilatyň hususy hojalyklary öndürdi. Geljekde onuň tutýan orny has artar. Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalygyň uly orny bardyr. Oba hojalygyň umumy önüminiň ýarysyndan gowragy azyk önümleriň paýyna düşýär.

Himiýa senagaty

Ýurdumyzda himiýa senagatynyň ilkinji kärhanasy Merkezi Garagumda ýerleşen Derweze kükürt zawodydyr. Ol 1928-nji ýylda guruldy we jöwzaly klimat şertlerinde, transport taýdan amatsyz bolany üçin, bu zawod diňe 1961-nji ýyla çenli işledildi. Gowurdakdaky kükürdiň käni açylandan soň, ol ýerde 1932-nji ýylda kükürt zawody işe girizildi.

Himiýa senagaty has köp pudakly senagat. Ol dag-magdan himiýa, esasy himiýa, nebit himiýa, durmuş himiýasy we farmasewtika ýaly himiýa senagaty köp pudaklary öz içine alýar.

Ekerançylygy

Ýurdumyzda ekerançylygyň aşakdaky pudaklary ösdürilýär

Ýokardaky ekinlerin tutýan meýdany 1 mln. 700 müň gektardan (1999-njy ýylda) gowrak bolup, olarda esasy orun däneçilik we pagtaçylyga degişli. Däne ekinleriniň we gowaçanyň ekin meýdanlary ähli suwarma ekerançylygyň 80% -ne barabardyr.

Syýahatçylyk

Awaza milli syýahatçylyk zolagy, MSZ

Awaza - Türkmenistanyň Milli Syýahatçylyk Zolagy (Awaza-MSZ). Hazar deňziniň gündogar kenarynda, Türkmenbaşy şäherinden 12 km günbatar tarapynda ýerleşýär. 15 iyunda 2009 — birinji 3 oteller girizildi.Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr. Bu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliarddan gowrak $-ny, daşary ýurt maýa goýujylaryň 4 milliard $-ny gönükdirmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Awa­za­nyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň ilaty we zähmet resurslary

20 manat

Ilatyň sanynyň artyşy, esasan, iki sany usul bilen kesgitlenilýär. Birinji usul, bu öň ygtybarly we umumy Kabul edilen usul-ilatyň uçdantutma ýazuwynyň geçirmekden, ikinji usul bolsa, heý ilatyň köpelişini hasaplamakdan we oňa baha bermekden ybaratdyr. Ilatyň uçdantutma yazuwynyň materiallarynyň ylmy we praktiki ähmiýeti ulydyr.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň taryyhynda ilkinji gezek ilatyň uçdantutma ýazuwy GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup 1995-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan 20-nji ýanwaryna çenli geçirildi.

Türkmenistanyň Birleṣen Milletler Guramasynyň 1995-204-nji ýyllar döwründe ýer şarynyň ilat ýazuwynyň nobatdaky tapgyryny geçirmegi yglan edenden son, bu möhüm işi amala aşyran ilkinji döwletdir:

Türkmenistanyň ilat sanynyň kopelişiniň tablisasy

şu ýerde[permanent dead link]

Awtomobil ulaglary

Awtomobil ulaglary döwletiň ykdysadyýetiniň iň wajyp baglaşdyryjy bölegidir. Her ýylda awtomobil ulaglary bilen 500 million tonna golaý ýük daşalýar we 1 milliard ýolagçy gatnadylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda awtoulag serişdeleriniň sany 3 esseden hem artdy. Awtoulaglar parky şu aşakdaky ýaly bölünýär: 77% — ýeňil awtomobiller, 19% — ýük we ýöriteleşdirilen awtomobiller we 4% — awtobuslar.

Häzirki wagtda döwlet ähmiýetli awtoýollaryň uzynlygy 13,7 müň km barabardyr. Mundan başga-da şäheriçi we ýerli ähmiýetli, gaty örtükli köp çatrykly ýollaryň ulgamy bardyr. Şu günki gün umumy uzynlygy 1,6 müň km barabar bolan „Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat“ we „Aşgabat-Garagum-Daşoguz“ awtomagistrallarynyň gurluşygy boýunça işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Awtomagistrallaryň umumy giňligi 31 metr, her bir gatnalýan böleginiň giňligi 12,25 metrdir. Şu obýektlerdäki işleri 2010-njy ýylda tamamlamak bellenildi.

Administratiw Gurluşy

Türkmenistanyň welaýatlary

Türkmenistan bäş welaýat we aýratyn paýtagt şäherden ybaratdyr.

Bölekler ISO 3166-2 Merkezi Meýdany (km²) Ilaty (2005) No
Aşgabat şäheri TM-S Aşgabat 440 1 000 000
Ahal welaýaty TM-A Änew 97 160 939 700 1
Balkan welaýaty TM-B Balkanabat  139 270 553 500 2
Daşoguz welaýaty TM-D Daşoguz 73 430 1 370 400 3
Lebap welaýaty TM-L Türkmenabat 93 730 1 334 500 4
Mary welaýaty TM-M Mary 87 150 1 480 400 5

Ýokary okuw mekdepleri barada

Häzirki wagtda Türkmenistanda 16 sany ýokary okuw jaylary bar we olarda 250 dürli kärler boýunça ýokary hünärli spesialistler taýýarlanylýar. Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasysy, Halkara türkmen-türk uniwersitetiti. Ýokary tehniki kolleji, Türkmenistanyň polisiýa akademiýasy täze ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girýär.

Ýurdumyzda Galkynyş hereketiniň, teatrlardyr çeper höwesjeňler köpçüliginiň durmuş medeni roly artýar. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini düýpli özgertmekdir, ol özgerişlikler bolsa halkyň hal-ýagdaýyny uzul-kesil ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Milli goşuny

Türkmenistanyň goşunynyň sany, ýurduñ bitaraplygy sebäpli çäklidir. Esgerleri 36,500 bolup, işjeň goşun sany boýunça ýurtlaryň sanawynda 92-nji ýerde durýar.

Türkmenistanda harby gulluga ýylda iki gezek geçirilýär: 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli; 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli. Taslamanyň ýaşy 18 bilen 27 ýaş aralygy. Raýatlaryň hyzmat ediş möhleti 2 ýyl.

Türkmenistandaky Tañklarynyñ esasy görnüşleri : T-90S, T-72. Söweş ulaglary - BMP-1 / BMP-2 / BMP-3, BRM-1K, BRDM-1 / BRDM-2. Maragly işgär daşaýjy - BRDM-1 / BRDM-2. Tanka garşy ýarag - MT-12. Tanka garşy gönükdirilen raketa Malyutka (ATGM), Konkurs (ATGM), Şturm (ATGM), Metis (ATGM). Birnäçe uçuş raketa ulgamy: BM-21 Grad, BM-21 Grad-1, BM-27 Uragan, BM-30 Smerch. Artilleriýa ulgamlary: 2S9 Nona-S, 2S1 Gwozdika, 2S3 Akatsiya, 122 mm D-30 howitser, 152 mm D-1 howitser ýaragy, 152 mm D-20 howitser ýaragy, PM-38.

Turkmenistanyn SU 25 jet uçarlary.
Türkmen esgerleriniñ baýdagy
Türkmen esgerleriniñ baýdagy
Türkmenistanyñ uçarlarynyñ baýdagy
Türkmenistanyñ uçarlarynyñ baýdagy
Türkmenistanyñ deñiz güýçleriniñ baýdagy
Türkmenistanyñ deñiz güýçleriniñ baýdagy

Beýleki

Edebiýat

  • Поспелов Е. М. Географические названия мира. Топонимический словарь. - — М.: Русские словари, Астрель, АСТ, 2002. — 512 с.


Türkmenistan
Taryh • Geografiýa • Syýasat • Demografiýa • Medeniýet • Ykdysadyýeti



 
Türk döwletler we Awtonom türk döwletler
Türk döwletler: Azerbaýjanyň baýdagy AzerbaýjanGazagystanyň baýdagy GazagystanGyrgyzystanyň baýdagy GyrgyzystanKipr Türk baýdagy Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy
Özbegistanyň baýdagy ÖzbegistanTürk baýdagy TürkiýeTürkmenistanyň baýdagy Türkmenistan

Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan

  1. 1.0 1.1 Türkmenistan barada umumy maglumat - Türkmenistanyň daşary işler ministrligi. - Aslyndan arhiwlenen görnüşi.