Mazmuna geçiň

Türkmenistanyň gerbi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy

Türkmenistanyň resmi döwlet tugrasy(gerbidir). Onuň ýaşyl reňki döwletiň bezegi bolan ýaşyl meýdanlaryny aňladyp, asudalygyň nyşany hökmünde hem görkezilýär. Täze dogan aý, şeýle-de 5 sany ýyldyz asuda asmany görkezip, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri olary ýüzüne sylyp, dileg edip gelýär. Tugradaky bugdaý we pagta bolçulygyň we halkyň olara nähili hormat goýýandygynyň alamatydyr. Gyzyl zolakda bolsa, 5 sany göl bolup, olaryň hersi bir welaýatyň milli gölüdir. Bularyň birleşmegi bolsa 5 doganyň(welaýatyň) agzybirligi hökmünde görkezilýär. Ortasyndaky at bolsa türkmenleriň milli aty bolan Ahalteke Bedewidir, ady Ýanardagdyr.