Singapur
| |||||
Singapur Respublikasy (iňl. Republic of Singapore; mal. Republik Singapura; hyt. 新加坡共和國, pinin Xīnjiāpō Gònghéguó; tam. சிங்கப்பூர் குடியரசு Ciŋkappūr Kudiyarasu) — Günorta-Gündogar Aziýada bir adada ýerleşýän şäher-döwlet, ol Malakka ýarymadasynyň günorta çetinden insiz Johor bogazy arkaly bölünip aýrylýar. Ol Malaýziýanyň düzümine girýän Johor soltanlygy hem-de Indoneziýanyň düzümindäki Riau adasy bilen serhetleşýär.
Taryhy. Singapur baradaky ilkinji ýatlamalar III asyrdaky hytaý ýazgylarynda bar. ada Şriwidjaýa imperiýasynyň daýanç nokady bolup, merkezi Sumatrede bolupdyr we Tumasik diýip ýawan adyny göteripdir. Tumasik belli bir wagtda esasy söwda merkezi bolupdyr, emma soň çöküp galypdyr. Bu şäher barada arheologiki tapyndylardan başga maglumatlar az.
XV-XVI asyrlarda Singapur Johor soltanlygynyň düzümine giripdir. 1617-nji ýyldaky golland-portugal urşunda Singapur portugal goşuny tarapyndan çozulypdyr.
1819-njy ýylyň 6-njy fewralynda Britan Ost-Ind kompaniýasynyň wekili ser Tomas Stamford Rafflz Singapurda dürli entiki toparlaryň arasynda söwda nokadyny gurmaklyk barada Joharyň soltany bilen razylaşyk baglaşýar.
1867-nji ýylda Singapur Britaniýanyň koloniýasy bolup, iňlisler Singapura Hytaýa barýan ýolda daýanç nokady hökmünde uly baha beripdir.
Ikinji jahan urşy döwründe Ýaponiýa Malaýýany eýeläp, Singapury iňlisleriň elinden aldy. Iňlisler diri güýç sanynyň artykmaçlygyna garamazdan, ýaponlar taktiki usul bilen eýeläpdir. Ýagny iňlisler duşmalary deňizden çozar diýip ähli güýjini diýen ýaly ol ugra serpikdirýär. Ýaponlar bolsa tutuş adadan aýlanyp, gowy berkidilmedik gury ýerden çozýarlar. Singapur 1942-nji ýylyň 15-nji fewralynda Ýaponiýanyň eline geçip, tä 1945-nji ýylyň sentýabryndaky Ýaponiýanyň utulyşyna çenli dowam edýär.
1951-nji ýylda Singapur Britan imperiýasynyň düzüminde öz-özüni dolandyrýan döwlet bolýar. Li Kuan Ýu saýlawlardan soňra premýer-ministriň derejesini göterýär.
1963-nji ýylda referendumyň netijesinde Singapur Malaý Federasiýasy döwleti we öňki britaniýanyň koloniýasyna degişli bolan Demirgazyk Borneo we Sarawak bilen Malaýziýa Federasiýasyna goşulýar.
1965-nji ýylyň 7-nji awgustynda konflikt esasynda Singapur Malaýziýanyň düzüminden çykýar we 9-njy awgustda öz garaşsyzlygyny yglan edýär. singapuryň düzümden çykmagy Malaýziýa hiç hili täsir etmeýär, çünki federasiýanyň ýolbaşçylary bu ýurdyň düzümde bolmagy hytaý halkyna tarapyň peýdasyna etniki balansyň bozulmagyna getirýär diýip pikir edipdirler.
1959-1990-njy ýyllar aralygynda dürli resurslardan kesilen Singapur ( hatda içilýän agyz suwuny hem Johordan we Malaýziýadan getirlipdir) içgi meselelerini çözmäni başarypdyr we üçünji dünýä ýurtlaryň hataryndan ýokary derejeli durmuş ýurduna öwrülmäge başardy.
2004-nji ýylyň 10-njy awgustynda 14 ýyllap Singapuryň premýer-ministri bolan Go Çok Tong respublikanyň prezidenti S.R. Natandan bu derejeden ony aýyrmagy barada resmi haýyştnama ýazdy. Häkimýeti Li Kuan Ýuň uly ogly 52 ýaşly Li Sýan Lun dolandyryp başlaýar.
Aziýa ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Azarbeýjan1 · BAE · Bahreýn · Bangladeş · Bruneý · Butan · Ermenistan1 · Eýran · Filippinler · Gazagystan1 · Gruziýa1 · Gündogar Timor · Günorta Koreýa · Gyrgyzystan · HHR · Hindistan · Indoneziýa · Iordaniýa · Kamboja · Katar · KHDR · Kipr · Kuweýt · Laos · Liwan · Malaýziýa · Maldiwler · Mongoliýa · Müsür2 · Mýanma · Nepal · Oman · Owganystan · Özbegistan · Päkistan · Russiýa1 · Saud Arabystany · Singapur · Siriýa · Şri-Lanka · Taýland · Täjigistan · Türkiýe1 · Türkmenistan · Wýetnam · Yrak · Ysraýyl · Ýaponiýa · Ýemen | |
1 Ýewropada hem ýerleşýär; 2 Afrikada hem ýerleşýär |