Indoneziýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Indoneziýa respublikasy
Indoneziyanyň baýdagy Indoneziyanyn gerbi
Indoneziyanyň baýdagy Indoneziyanyn gerbi
Paýtagt Jakarta
Prezident Joko Widodo
Dil Indoneziýa dilleri
Gimn Indoneziya Raya
Meýdany 1,904,569 km²
Ilat
 – ilat/km²
222,781,000
 117/km²
Garaşsyzlyk 17 Awgust 1945
Pul Rupiah
Wagt Uytgeyar
Telefon kod 62
Internet TLD .id

Indoneziýa (ind. Indonesia), resmi ady — Indoneziýa Respublikasy (ind. Republik Indonesia) — Günorta-gündogar Aziýada iň iri döwlet.

Umumy maglumaty[düzet | çeşmäni düzet]

Ol Zond arhipelagynyň adalarynda ýerleşýär we dünýädäki iň iri ada döwlet bolup durýar. Ol Aziýa bilen Awstraliýanyn aralygynda Malaý (Indoneziýa) arhipelagynyn adalarynda (uly Zond, Kiçi Zond we Molukka adalary) ýerleşýär. Indoneziýanyn sostawyna täze gwineýa (gb. Irian) Aziýanyn günbatar bölegi we onuň töweregiňdäki käbir ownuk adalar hem girýär. Meýdany 1904,3 mun km/kwadrat. Ilatyň 144,9 mln. Adam (1979) ýýlyn aýagynda). Paýtagty-Jakarta şäheri. Indoneziýa adminstratiw taýdan welaýatlara boluňýar. Jakarta we Jokýakarta şäherleri-de aýratyn adminstratiw birliklere bölünen.

Döwlet gurluşy[düzet | çeşmäni düzet]

Indoneziýa respublikasy. Häzirki konstituşyýasy 1945 ýýlda. (1949 ýýlyn 27 dekabryndan 1959 ýýlyn 5 iýulyna çenli ýurtda başga konstituşyýalar hereket etdi). Kabul edilýär. Döwletiň we hökümmediniň baştutany prezident. Prezident halk konsultatiw kongresi (HKK) tarapyndan 5 ýýl möhlete saýlaňýar. 1969 ýýlyn kanunyna görä döwlet häkimýetiniň ýokary organy HKK bolup, ol parlamentin halk wekilleri söwetiniň (HWS) 460 wekilinden dürli ýerli jemgyýetçilik toparlarynyň 460 wekilinden ybaratdyr. Kanun çykarjylyk funksiýalary HBS degishlidir. Sud sistemasy ýokary suddan (onuň çlenlerini president belleýär), oblast sudlaryndan, döwlet sudlaryndan (ýustisa ministry belleýär.) hem-de musulman dini sudlaryndan ybaratdyr.

Tebigaty[düzet | çeşmäni düzet]

Indoneziýa ekwatoryýal, atmosferanyň çalşyp durýan mossunly zonasynda ýerleşýär. Indoneziýanyn ekwatora we adalarda ýerleşmegi ol ýerde mydama maýýl howanyň bolmagy üçin şert döredýär. Indoneziýada deňiz suwunyň tempraturasy hemişe +27-dan ýokarydyr. Suw akymlary möwsüme görä üýtgäp durýar, deňiz haýwanlaryna baý. Ýeriniň ½ böleginden gowragyny orta beýiklikdäki daglyklar we pes daglyklar tutýar. Gb,Irianda kem-kes, beýik daglyklara (in beýik ýeri 5029m) düş gelmek bolýar. Ýurduň bütin gd. Bölegini diýen ýaly epinli we wulkanyk daglar tutýar. Wulkanlar örän köp.

Indoneziýanyn köp bölegi kaýnozoý tektogenezisine, dg-gd Sumatra we go-gb. Kalymaňtaň mezozoý oblastyna, Täze Gwineýanyn go. Bölegi we Aru a-lary bolsa mezozoýa çenli bolan ýýgyrtlanmalara degishlidir. Indoneziýanyn geologyç gurlusynda metamorfik jynslar, dürli sostawdaky paleoý, mezozoý we paleogen-neogen effusiw çokundy jynslar, sheýle hem antropegen wulkanyk hadysalar gatnashýarlar. Gažylyp alyňýaň peýdaly zatlardan nebitm kömür, demir-laterit magdanlary, marganes, galaýý, alýumynyý, nikel bar. Ýurduň köp böleginiň klimaty ekwatoriýalydyr. Gd. Ýawada we Kiçi Zond adalarynda bolsa subekwatoriallardyr. Peslikleriň hemme ýerinde diýen ýaly ortaça aýlyk t+25-27. Ýýllyk ygalyň mukdary 2000–4000 mm-e ýetýär. Indoneziýanyn derýa seti gurdyr. Köpüsi hemishe bol suwly derýälär. Esasy derýalary: Kapuas, Baryytom Kampar, Muşy, Mamberamowe Digul. Indoneziýanyn meýdanynyň 4/5 bölegine golaýýnyn, easan ulýond adaarynyn we Gb. Irianyn çaklrinde mydama çygly tokaýlaryň gyzyl-sary laterit, dag laterit we laterit topragy bar, düzlüklerde tropiki batgaçylyk we laterit gleý, go-gd-da gyzyl laterit, gyzyl-goňur topraklar agdyklyk edýär.

Indoneziýanyn köp bölegi-peslikler we 1300–1500 m-e çenli beýiklikli dag ýennitleri ebedi gök, çygly ekwatoryýal tokaý bilen örtülendir. Bu tipdaki tokaýlarda esasan, fikuslar, dipterokarp agaçlary, raşamala, pandanuslar, çörek agajy, sheýle-hem palmalar agaç gornushli paporotnikler, bambuklar ösýär. 1300–1500 m we 2600–300 m aralykdaky zolakda dag-tropiki tokaýlar giň ýaýran, olarda, esasan , ebedi gök (ebedi gök dublar), ýasy ýaprakly agaçlar (buk, dub kashtan), purly agaçlar (podokarpus), go-gd-da ýapragyny dökýän tropiki tokaýlar (tik, kazuarin) we sawannalar ösýär.

Indoneziýa teritoriýasyny köp bölegi Hindi-Malaý zoogeografik oblastynyň Malaý podoblastýa, Gb, Irian, Molukka we Kiçi Zond adalarynyň käbiri Awstralyýa oblasynyn Papuas podoblastyna degishlidir. Indoneziýanyn gb. Böleginde esasan maýmynlar, bir we iki shahly kerkler, piller, malaý aýýsy, totugushlar, krokodiller, ýýlanlar, zemzenler ýashaýar. Gd bölegi üçin torbalylar, ýarganatlar, kakady totulary mahsusdyr. Içerki suwlary we deňizler balyga baýdyr.

Taryh[düzet | çeşmäni düzet]

Biziň eýýamymyzyň I-II müň ýyllyklarynda arhipelagdo wajyp durmuş ykdysady ösüş bolupdur.  Urug jemgyýetçilik durumuşyndan ösen döwlete geçildi.  Şeýle döwletiň başynda dolandyryşyň raja, soltan durup ähliň suwlaryň eýesidi. Dolandyryjy synp rajalaryň pesli ýada ýakynlarydy, olar welaýat dolandyryjylar , harby ýolbaşçylar, ýokary we orta dindarlar, oba kethudalary degişlidi. Olaryň wagtlaýyn ýerleri bardy. Daýhanlar jemgyýetçilik ýerlerden ýer alypdyrlar. Ýeriň esasy eýesi  döwletdi. Olary hemme tarapdan saldytlar arkaly gysýardylar. Hünärmençilik oba hojalykdan  bölünip aýrylypdyr. XI asyrda döwlete degişli bolup başlady, ony aristrokratik we býrokrastik dolandyryjylar dolandyrýardy. Diňe XIV-XV asyrlarda bu ýerlerde iri ýer eýeçilik hokum sürüp başlady. Ýyrdy syýasy we medeni merkezi Indoneziýanyň merkezine  g.d Ýawa döwletine geçdi. Şeýdip ýüz ýýllyklaryň içinde ol öne gidýär.  Materigiň dolandyryjysy  18 ýaşly Airlangga  (Erlangga) oňa 1022-ýylda atasyndan Bali adalary geçýär.  1037-ýylda we merkezi Ýawany birleşdirýär. Arilangga taryha Ýawa ýerlerini  birleşdiriji hökmünde geçýär.  Öl ekerançylyga söwda uly üns  berýär. Ol günorta –gündogara  Aziýadan, Hytaýdan, Hindistandan gelýärler.  Ol iudizm dinine uly üns berýär.  Onuň iki aýalyndan hem öz çagasy bolmaýar.  1049-njy  ýylda ol aradan çykýar.  Ölmezden öň aýalynyň yzyndan gelen çagalaryna ýurdy ikä bölüp berýär.  Ol ölenden soň dawa jenjel bolmazlygyny isleýär.  Birinji ogluna  Brantas etrapyndan Panjaly knýazlyga çenli,ikinji ogly jahhala  derýasynyň aşak akymy, Kedra çenli eýe bolýar.  Kedri güýçli, gülläp ösýän knýazlyk bolýar.  Ol Galiýadada täsirlidi, ol Persiýa arap ýurtlary bilen söwda edýär.  Emma daýhanlaryň närazylygy döreýär.  Goňşy Tumapel knýazlygyndan bolan Kepr Angrak 1222-da Kedri gündogar Ýawany ozone boýun egdirýär.  Täze döwlet Singozarini esaslandyrýar. Ol ähli etraplary öüne birikdirýär.  Bu ýere köp söwdagärler gelýär.  Olaryň köpüsi günbatar Hindistana Arap we Terd döwletlerindedi. Söwdagärler Arhipilakda yslam dinini ýyýradypdyrlar.  Ýöne XIII- asyrda Hytaýlylar hem köp agalykda söwdagärler, garakçylar, goşuna gulluk edýän  esgerler, ýewropalylardan  Mark Pollo 1292-nji ýylda, 1321-nji ýylda Katolik dindary Odariko do Pordenone bolýar. Täze Majapahit döwleti döräp, çalt ösýär.  Olbarada orta asyr kitaby bolan”Rajalaryň” kitabynda 1295-1328 beýan edilýär.  Suwaryş işleri kämilleşdirilýär, täze ýerleri özleşdirýär.  1364-nji ýylda ony dolandyryjy Gaji Mari aradan çykandan soňra  döwlet aşak gaçyp başlaýar. Ezilen daýhanlaryň närazyçylyklary, ykdysady kynçylyklary, dini näsazlyklary döreýär.  XV asyrda günbatar Malaki güýçlenýär. Olara Hindistandan söwdagärler gelýär. Söwda kwantallary peýda bolýar Ýöne bütin Indoneziýany alanymyzda onuň esasy sebäbi iri ýer eýeçiliginiň dagynyklygy bilen baglanşykly. Ýöne Indoneziýanyň halky ykdysady medeni we etniki taýdan ýakynlaşyp başlady. Medeniýetinde millililik duýulýardy.  1035-nji ýylda  “Arjunyň taýy” diýen etniki eserinde  Ýawada teatr, gurjak teatry barada gürrün berýär.  Sanskrit dili we edebiýaty peýda bolýar.  Indoneziýada iň irki musulman ýazywy 1082-nji ýylda peýda bolýar Ol baradaky maglumatlar Ýawadan tapyldy.  Demirgazyk Lumatriýada yslam dini güýçli bolýar. Sebäbi ol ýere musulman söwdagärleri köp barýarlar.  Owadan matalary dokamak, zergärçilik, nagyş salmak bilen şöhratlanypdyr.  Gymmat bahaly metallardan şaý- sepleri öndüripdirler.  Edebiýat, teatr, sungaty binägärçilik ösýär. Gadymy dillere derek  Ýawa dili geçýär.  Gurjak teatry şu günlere çenli gelip ýetdi.  Artisler iri ýer eýeleriniň  howlusynda, obalarda baýramçylyklarda oýnapdyrlar.  Ýurtda köp ybadathanalar owadan nagyşly edilip gurlupdyr.  Ýurdyň merkezinde kerpiçden ýasalan owadan jaýlar giň köçeler bolup, daşyna daşdan gümew diwarlary aýlapdyrlar,goramak üçin.  Malaý dili bütin Arhipilaga ýayrapdyr.  Indoneziýa respublikasy 1945-nji ýylda döränden soň döwlet diline öwrülipdir.

Ilaty[düzet | çeşmäni düzet]

Indoneziýada 150-deň gowrak halk ýashaýar. Olaryň köpüsi öz (96 %)dilleri, medeňiýeti we durmuşhy boýunça malaý-poliňiziýa diliniň indoneziýa toparyna degishlidir. Bu toparyn has uly halklary: ýawanlar, we olara kowumdash şundanlar hem madurlar, malaýlar, olara ýakyn banjaklar, minangkabauwlar, açerler, batakla we bashgalardyr.

Indoneziýanyn shaherlerinde we plantasyýa raýonlarynda hytaýlar (3 mln ýakyn), asly hindistanlylar we päkistanlylar (90 mun), araplar (100mun), gollandlar (10mun) hem ýashaýar.

Döwlet dili indonez dili.

Esasy dini yslam.

Ylatyn ýýlyk köpelişhi orta hasap bilen 2,8% (1963-70) Ylatyn üçden iki bölegi Ýawa a-nda jemlenendir. Ylatyn 70%-e golaýý oba ýerlerinde ýashaýar (1965). Ylaty 100 müňden geçýän shaherlerin her birinde 1mln-dan gowrak ýashaýar.

Sazy[düzet | çeşmäni düzet]

Indoneziýanyn sazy taryhy döwrün öňümidir. Gadym wagtlardan bary dil üsti bilen saz-söhbet edilip gelnipdir. Indoneziýanyn sazynyň esasyny 5 sesli slendro sistemasy düzýär, ol 7 sesli pelog sistemasyna çenli giňelýär. Indoneziýa sazynyň häsiýeti sypaty giň ösen geterfonaýadan we köp seslikden ybaratdyr. Indoneziýanyn häzirki zaman sazynda ýewropa notasyýasy hem ulanylýar. Garashsyzlyk gazaňylaňdan soň (1945), saz kollektiwleri milli däpleri döredijilikli ösdürmäge çalyshýarlar. Kompozitorlardan Syjasmina, A.Paşarybu, Susbini we bashgalar bellidir. 1952 ýýldan bary Jokýakartada döwlet sazçylyk mekdebi ishleýä. 1960 ýýlda konserwatoriýa, Indoneziýa klassyky sazçylyk mekdebi açylýar. 1968 ýýlda we Jokaýakartada radionyn ýanynda kämera orkestrleri hem ishleýär.

Album[düzet | çeşmäni düzet]

Seret[düzet | çeşmäni düzet]

Sepler[düzet | çeşmäni düzet]