Mazmuna geçiň

Indoneziýalylar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Indoneziýalylar (orang-orang Indonesia) Indoneziýa Respublikasynda ýashaýanlaryn özine berýän ady.

Ýurduň ylatynyň 96% malaý-polinez diller maşgalasyna we go. Mongoloid toparyna degishli Indoneziýa dillerinde gepleýän I-dan ybaratdyr. Lingwistler, şeýle hem etnograflar kahalatlarda Indoneziýa şahasyna degishli dilde gepleýän ähli halklar, şol sanda olaryň Indoneziýadan daşarda ýashaýanlaryna hem I. diýip atlandyrylýar. Indoneziýanyn graždanlygyndaky I-yn sany 124,9 mln adam (1971). Ýurduň halklarynyň umumy sany 150-deň gowrak, dilleriniň we dialektleriň sany 1000-deň hem geçýär. Ýurduň ylatynyň 90%-I 13 sany uly halkdan (her haýsy 1 mln gowrak) durýar. I-nyň köpüsi (85 % golaýý) yslam dinine 2%-e golaýý induizm dürli gornuşlerine, 4%-I hristian dinine, 3%-I buddizme we konfusiançylygy (hytaýlar) lar. I-yn emele gelmeginde hususan go. Mongoloid jynsa, melänez we weddoid antropologik tipe degishli ekwatorial (negr-awstraloid) jynsa hem-de belli ir derejede ýewropiedlere degishli birnäçe etnik komponentler gatnashýar. Go. Mongoloidler b,e,on 3-2 munýýllyklaryn sepgidiňdeň bashlap, Aziýa materiginiň go-gd raýonlaryndan tapgyr-tapgyr bolup gelýärler. Içerki we daşarky migraşyýanyn we etnik jynslaryň biri-biri bilen özärä gatnaşhyklaryň dowam etmegi netijesinde Indoneziýanyn häzirki zaman etnik ozbolushlygy emele gelýär. Ýurduň dürli halklary sosiýal-ykdysady we medeni ösüşhiň dürli derejesinde durýarlar. Indoneziýada ýashaýan köp halklarda obshina-urug gatnaşhyklaryň galyňdylary örän güýçli, papuaslarda, kuwu äkitlerde we b-da bolsa ilkidurmush obşina jemgyýetiniň alamatlary saklanyp gelýär. Häzirki wagtda Indoneziýada ýashaýan ownuk halklaryň ýakynlashmak prosesi bolup geçýär. Aragatnaşhyk we döwlet dili diýip Indoneziýa dili (gelip çykyşhy boýunça Malaý dili) hasaplanýar. I-nyň taryhy, ykdysadýýeti we medenýeti barada Indoneziýa (seret) diýen mäkälädä giň maglumat berilýär.