Azarbeýjan
| |||||
![]() | |||||
Paýtagt | Baku | ||||
Prezident | Ylham Alyýew | ||||
Dil | Azarbeýjan dili | ||||
Gimn | Azarbeýjan gimni | ||||
Meýdany | 86.600 km² | ||||
Ilat – ilat/km² |
10.173.200 111/km² | ||||
Garaşsyzlyk | 28 maý 1918 | ||||
Pul | Azerbaýjan manady | ||||
Wagt | UTC +4 | ||||
Telefon kod | +994 | ||||
Internet TLD | .az |
Azarbeýjan Respublikasy Günorta Kawkazyň gündogar böleginde, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. Ol günortada Eýran, günbatarda Türkiýe we Ermenistan, demirgazykda Russiýa we Gürjüstan bilen araçäkleşýär. Ýurdun kenarýaka uzynlygy 713 kilometre barabardyr. 2019-nji ýyldaky maglumatlara görä, Azarbeýjanyň ilaty 10 million 173 müň adam. Azarbeýjan dili ýurduň resmi döwlet dili hasaplanýar. Ýurtda yslam dininden başga-da hristian dininin mezheplerine uýýanlar hem bar. Azarbeýjan döwleti özüniň konstitusion häsiýetnamalaryna laýyklykda, demokratik, hukuk, dünýewi respublikadyr. Azarbeýjan Respublikasy -prezident respublikasydyr. Azarbeýjan Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa geňeşiniň, Demokratiýa we Ykdysady ösüş Guramasynyň (GUAM), Yslam Konferensiýasy Guramasynyň, Gara deňiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasydyr. Şelýe hem Azarbeýjan Ýewropa Bileleşigi, NATO, Halkara Pul Gaznasy, Ýewropanyň Ösüş we Döwrebaplaşdyryş banky we Yslam Ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk edýär. Azarbeýjan - şöhleler ýurdy "Azarbeýjan" sözüniň gadymy taryhy bar. Bizin eýýamymyzdan öň, azarbeýjan topraklarynda ýaşaýan ilatyň agramly bölegi otparazlar eken. Bu ýurduň ady "Azer" ot, alow sözünden gelip çykandyr diýlip hem çaklanylýar.
Azarbeýjan - gadymy medeniýetiň we däp-dessurlaryň ýurdy hasaplanýar. Taryhyň dürli döwürlerinde bu ýerlere ornaşan oguz taýpalary ýerli ilat bilen uýgunlaşyp, olaryň medeniýetini baýlaşdyrypdyrlar. Azarbeýjan köp sanly pelsepeçileriň, alymlaryň, şahyrlaryň, heýkeltaraşlaryň, sazandalaryň we suratkeşleriň dörän mekanydyr. Bu ýerde Nizami Genjewi, Hagani Şirwani, Bahmanýar, Fizuli, Nasreddin Tusi, Şah ismail Hatai, Molla Panah Wagif, A. Beki-hanow, M.F. Ahundow, M.A. Sabir, J. Mamedgulizade, Guseýn Jawid, J. Jabbarly, Samed Wurgun, Aliaga Wahid we Resul Ryza ýaly alymlar, şahyrlar ýaşap geçipdirler.
Azarbeýjanyň ylym we biliminin hem köp asyrlyk taryhy bar. 1919-njy ýylda açylan Baku Döwlet uniwersiteti, 1945-nji ýylda döredilen Azarbeýjanyň Ylymlar akademiýasy ýurtda ylmyň, medenieýtiň we bilimiň ösüşine iňňän uly goşant goşdy. Onlarça ýokary okuw mekdepleri we tehnikumlar, müňlerçe mekdep, kollej we liseýler häzirki Azarbeýjanyň bilim ulgamyny düzýär.
On ýyllyklaryň dowamynda ýurduň senagat pudagy çalt depginlerde ösdi. Nebit, himiýa, metallurgiýa, maşyngurluşyk ýaly senagat pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda pagtaçylyk, üzümçilik we maldarçylyk ýaly ugurlarda işler talabalaýyk edilip gurnaldy we uly ösüşler gazanyldy.
Häzir hem Azarbeýjany nebitsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Nebit diňe bir baýlyk däl, eýsem-de bolsa, ýurduň şöhrat- şanydyram. Irki döwürlerde çet ýurtlardan nebit üçin köp adamlar gelipdirler. Müňýyllyklaryň dowamynda içi nebitli meşik düýe kerwenleri gündogardan günbatara gatnap durupdyr.
Baýramçylyklar we belli seneler[düzet | çeşmäni düzet]
1 ýanwar - Täze ýyl baýramçylygy. 8 mart - Halkara Zenanlar güni. 9 maý - Ýeňiş güni. 15 iýun - Azarbeýjan halkynyň azat edilen güni. 26 iýun - Azarbeýjan Respublikasynyň Ýaragly Güýçleriniň güni. 31 dekabr - Dünýädäki azarbeýjanlaryň raýdaşlyk güni. Nowruz baýramy - bäş gün. Gurban baýramy - iki gün. Oraza baýramy - iki gün.
Türk döwletler: ![]() ![]() ![]() ![]() ![]() ![]() ![]() | |
Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | Baýan Ölgiý | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | Dolgan-Nenes | Gagauzystan | Hakasiýa | Garagalpagystan | Kabarda-Balkariýa | Garaçaý-Çerkes | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy | Ýakudystan |
Aziýanyň ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Azarbeýjan1 · BAE · Bahreýn · Bangladeş · Bruneý · Butan · Ermenistan1 · Eýran · Filippinler · Gazagystan1 · Gruziýa1 · Gündogar Timor · Günorta Koreýa · Gyrgyzystan · HHR · Hindistan · Indoneziýa · Iordaniýa · Kamboja · Katar · KHDR · Kipr · Kuweýt · Laos · Liwan · Malaýziýa · Maldiwler · Mongoliýa · Müsür2 · Mýanma · Nepal · Oman · Owganystan · Özbegistan · Päkistan · Russiýa1 · Saud Arabystany · Singapur · Siriýa · Şri-Lanka · Taýland · Täjigistan · Türkiýe1 · Türkmenistan · Wýetnam · Yrak · Ysraýyl · Ýaponiýa · Ýemen | ![]() |
1 Ýewropada hem ýerleşýär; 2 Afrikada hem ýerleşýär |
Ýewropanyň ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Albaniýa · Andorra · Awstriýa · Azerbaýjan1 · Belgiýa · Belorussiýa · Beýik Britaniýa · Bolgariýa · Bosniýa we Gersegowina · Çehiýa · Çernogoriýa · Daniýa · Ermenistan1 · Estoniýa · Finlýandiýa · Fransiýa · Gazagystan1 · Germaniýa · Gresiýa · Gruziýa1 · Horwatiýa · Irlandiýa · Islandiýa · Ispaniýa · Italiýa · Kipr1 · Latwiýa · Lihtenşteýn · Litwa · Lýuksemburg · Makedoniýa · Malta · Moldawiýa · Monako · Niderlandlar · Norwegiýa · Polşa · Portugaliýa · Rumyniýa · Russiýa1 · San-Marino · Serbiýa · Slowakiýa · Sloweniýa · Şwesiýa · Şweýsariýa · Türkiýe1 · Ukraina · Watikan · Wengriýa | ![]() |
Garaşly territoriýalar | Akrotiri we Dekeliýa · Aland adalary · Farer adalary · Gernsi · Gibraltar · Jersi · Men adasy · Şpisbergen · Ýan-Maýen | |
1 Aziýada hem ýerleşýär; |