Mazmuna geçiň

Azerbaýjan taryhy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

XVI-XVIII asyrlarda

[düzet | çeşmäni düzet]

Azerbaýjan Sefewiler döwründe Osmanly-sefewi urşy Sefewi türkmenleriň hökümdarlygyny XVI asyryň ahyrlarynda Ysmaýyl I (1501-1524) esaslandyrýar. 1500-1501-nji ýylda Sefewiler Şirwan şasy Farruh Ýasaryň goşunyny derbi- dagyn edip Semahy we Bakuwy eýeleýärler. Soňra bolsa günorta tarap Nahiçewana süýşýärler. Bu ýerde 1501-nji ýylda Ysmaýyl Akgoýunly döwletiniň esasy güýjüni ýeňlişe sezewar edýär. Ol şol ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda Töwrize girýär. Şol ýerde şa täjini geýmek bilen özüni Azerbaýjanyň şasy diýip yglan edýär. Ysmaýyl şa döwletiň paýtagty edip Töwriz şäherini saýlaýar. XVI asyryň başlarynda Merkezi Aziýada Temirler döwletini ýykan Muhammet Şeýbany han (1500-1510) güýçli döwlet gurup, Sefewiler döwletiniň garşysyna durýar. 1510-nji ýylda Ysmaýyl şa Şeýbany hany ýeňip, Horasany Şeýbanylaryň elinden alýar. Sefewileriň günbatara süýşmegi bolsa Osmanly döwleti tarapyndan güýçli garşylyga sezewar bolýar. Şeýlelikde, 1514-nji ýylda Çaldyran düzlüginde gazaply söweş bolup, söweşde Ysmaýyl I goşuny soltan Selim I goşunyndan ýeňilýär. Şol söweşden soň, ysmaýyl şa uly söweşlere gatnaşmandyr we 1524-nji ýylda 35 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Tagta Ysmaýylyň ogly Tahmasp I (1524-1576) çykypdyr. Tutuş XVI asyryň dowamynda Osmanly döwleti Azerbaýjany basyp almak meýlinden el üzmändir. Osmanly hökümdary soltan Süleýman Azerbaýjanyň üstüne dört gezek (1534, 1535, 1548, 1554) ýöriş edipdir. Söweşiň gidişinde osman goşunlary Töwriz şäherini basyp alýarlar we rehimsizlik bilen talaýarlar. Urşuň netijesinde 1555-nji ýylda Amasýa şäherinde iki döwlet arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Şertnama boýunça Gündogar Ermenistan, Gündogar Gürjüstan we Azerbaýjan Sefewiler döwletiniň düzüminde galýar. Osmanly döwletiniň Azerbaýjany basyp alyp, Kaspiý deňziniň kenarlaryna çykmak meýli başa barmaýar. 1576-njy ýylda Tahmasp I ölenden soň, onuň ogullarynyň tagt ugrundaky özara dawalary başlanýar. Ýokary gatlak wekilleriniň goldamagynda tagta Ysmaýyl II (1576-1577) çykýar. Emma ol ýyl ýarym geçensoň dildüwşülip öldürilýär. Sefewiler döwletiniň içki agzalalygyndan Osman soltany Myrat III peýdalanypdyr. 1578-nji ýylda ýüz müň adamdan ybarat osman goşuny Zakawkazýa çozýar. Netijede, on iki ýyla çeken uruş başlanýar. Basyp alyjylar Şemahy, Derbendi we Şirwany alýarlar. Şol bir wagtda Osmanlylary goldap Sefewileriň üstüne Krym hanlygy hem çozuş edýär. Sefewiler bir wagtyň özünde hem Osmanly döwletiniň hem Krym hanlygynyň garşysyna göreşmeli bolupdyr. Osman soltany Myrat III uly ýitgiler çekip, tutuş Zakawkaziýany şeýle hem Azerbaýjany basyp alypdyr. 1590-njy ýylda Stambul şertnamasy boýunça Sefewiler döwletiniň patyşasy Abbas I (1587-1629) Azerbaýjanyň günorta-gündogar böleginden galanyny Osman döwletine bermäge razy bolýar. Osman döwletiniň Azerbaýjany basyp almagy XVII asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. Azerbaýjanyň territoriýasyndan Osman goşunlaryny çykarmak maksady bilen Abbas I birnäçe reformalary geçirýär. Ol Azerbaýjanyň tertip-düzgünli goşunyny döredýär. Merkezi häkimiýeti berkidýär. 1598-nji ýylda Sefewiler döwletiniň paýtagtyny Kazwinden Eýranyň Yspyhan şäherine geçirýär. Abbasylaryň döwründe döwlet dili azerbaýjan dili bolupdyr. 1607-nji ýylda Abbas I Osmanly döwletinden tutuş Azerbaýjany, şeýle hem Ermenistanyň we Gürjistanyň bir bölegini yzyna almagy başarýar. Osman-sefewi urşy ara wagt salnyp, tä 1639-njy ýyla çenli dowam edýär. Urşuň netijesi Sefewiler döwletiniň ýeňşi bilen gutarýar.

Azerbaýjan XIX-XX asyryň başlarynda

[düzet | çeşmäni düzet]

XIX asyryň birinji ýarymynda azerbaýjan-rus gatnaşyklary Türkmençaý şertnamasy Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi we onuň netijeleri

XVIII we XIX asyrlaryň sepgidinde hem Azerbaýjanyň halkara ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galypdyr. Eýran we Türkiýe Zakawlazýany basyp almak syýasatyndan entek el çekmändir. Patyşa Russiýasy hem Zakawkazýany, şol sanda Azerbaýjany basyp almaga ymtylypdyr. Şu hili şertlerde Azerbaýjanyň ýönekeý ilaty, şeýle hem feodal gatlagyň daşdan görüji dolandyryjy topary Russiýa döwletine birikmegiň tarapdary bolupdyrlar. Patyşa Russiýasy Azerbaýjan meselesinde kolonial syýasatyny ýöredýärdi. Emma muňa garamazdan Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi onuň üçin ähmiýetli bolupdyr. 1800-nji ýylda Talyş hanlygy, Kuba hanlygy we Garabag hanlygy Russiýanyň howandarlygyny kabul edýärlerler. 1801-nji ýylda Gruziýanyň Russiýa birikmegi baradaky manifest täzeden dikeldilýär. Netijede, Azerbaýjanyň şol wagtlar Gruziýanyň düzüminde bolan Gazak we Şamşadil soltanlyklary hem Russiýa birikdirilýär. 1804-nji ýylyň başlarynda rus goşunlary Genje hanlygyny eýeleýärler. 1805-nji ýylda bolsa Garabag, Şeki, Şirwan hanlyklarynyň hökümdarlary özleriniň Russiýa birikdirilmegi baradaky şertnama gol çekýärler. 1806-njy ýylda Kuba we Bakuw, 1809-njy ýylda bolsa Talyş hanlygy Russiýa döwletine birikdirilýär. Şeýlelik bilen, 1809-njy ýyla çenli Demirgazyk Azerbeýjanyň ähli territoriýasy diýen ýaly parahatçylykly ýol bilen Russiýa birikdirilýar. Zakawkazýanyň Russiýa birikdirilmegi Eýranyň, Türkiýänyň şeýle hem Angliýanyň we Fransiýanyň Russiýa bolan gapma-garşylygynyň has ýitileşmegine getiripdir. 1804-nji ýylda Eýran, 1806-njy ýylda bolsa Türkiýe Russiýanyň garşysyna urşa başlaýarlar. Bu uruşda Zakawkazýanyň halklary, Russiýanyň tarapynda durupdyrlar. Uruş Russiýanyň ýeňmegi bilen tamamlanýar. 1813-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Gülüstan ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Parahatçylyk şertnama laýyklykda Eýran Demirgazyk Azerbaýjanyň Nahiçewandan galan ähli hanlyklaryň Russiýa birikdirilmegini ykrar edýär. Emma Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi Eýrany we Angliýany kanagatlandyrmandyr. Netijede, Angliýa tarapyndan meçew berlen Eýran 1826-njy ýene-de Russiýanyň garşysyna täzeden urşa başlaýar. Urşa Türkiýe hem goşulýar. Urşuň gidişinde ýerli ilat yzygiderli ýagdaýda rus goşunyna kömek beripdurupdyrlar. Şamhoryň we Genjäniň eteginde Eýranyň goşuny derbi-dagyn edilýär. Rus goşunlary eýran goşunyny Araks derýasynyň aňrysyna çenli gysyp çykaryp, Günorta Azerbaýjanyň territoriýasyna girýärler we Töwriz, Ardabil we beýleki şäherleri eýeleýärler. Günorta Azerbaýjanyň ilaty rus goşunlaryny gyzgyn garşylapdyrlar. Eýran parahatçylyk soramaga mejbur bolupdyr. 1828-nji ýylyň 10-njy fewralynda Töwriz şäheriniň golaýyndaky Türkmençaý obasynda Eýran bilen Russiýanyň arasynda parahatçylyk şertnamasyna gol çekilýär. Şertnama laýyklykda Eýran Demirgazyk Azerbaýjandan el çekýär we ol ýerleriň Nahiçewan bilen birlikde Russiýa birikdirilmegini ykrar edýär. Günorta Azerbaýjan bolsa Eýranyň düzüminde galdyrylýar. Zakawkazýanyň, şeýle hem Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegini Türkiýe hem ykrar edýär. Şeýlelikde, XIX asyryň başlarynda Demirgazyk we Günorta Azerbaýjan taryhy ösüşiň dürli ýoly bilen gitmeli bolupdyrlar. Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi azerbaýjan halkynyň taryhy ykbalynda uly progressiw rol oýnapdyr. Azerbaýjan halkynyň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşiniň mundan beýlekki ýoluny kesgitläpdir. Halk daşarky duşmanlaryň yzygiderli talaňçylykly çozuşlaryndan halas bolup asuda ýaşap başlapdyrlar. Patyşa hökümetiniň düzümine birikdirilmeginiň ilkinji ýyllaryndan başlap, hanlyk düzgüni ýatyrylypdyr. Azerbaýjan welaýatlara-prowinsiýalara bölnüp, onuň başynda patyşa ofiserleri (serkerdeleri)-komendantlar goýlupdyr. Olar harby-okrug ýolbaşçylaryna, harby-okrug ýolbaşçylary bolsa öz gezeginde Kawkazyň baş serkerdebaşysyna tabyn bolupdyrlar. Komendantlar giň ygtyýarlyklardan peýdalanypdyrlar. Garabagda we Nuhda welaýat, Bakuw, Kuba we Genje şäherlerinde şäher sudlary döredilipdir. Komendantlaryň eden-etdikleri, salynýan salgytlar ilatyň arasynda nägilelikleri döredipdir. Bu bolsa daýhanlaryň we şäher garyplarynyň topalaňlaryna getiripdir. Şeýle gozgalaňlar 1831-nji ýylda Talyşda, 1837-nji ýylda Kubada, 1838-nji we 1849-njy ýyllarda Şekide we beýleki ýerlerde bolup geçipdir. Kähalatlarda ýerli han-begler bu gozgalaňlary öz peýdalaryna ulanjak bolupdyrlar. Emma bu gozgalaňlar diňe bir rus kolonizatorlarynyň garşysyna däl-de eýsem baý-feodallaryň garşysyna hem gönükdirilipdir. 1840-njy ýylda patyşa hökümeti Azerbaýjanda öz möwrütini geçiren, Komendant dolandyrylyşyny üýtgedip, onuň ýerine sud-administratiw düzgüni girizýär. 1840-njy ýylyň reformasy boýunça Zakawkazýanyň territoriýasy paýtagty Tbilisi şäheri bolan Gruzin-Imeret guberniýasyna we paýtagty Şemah şäheri bolan Kaspiý oblastyna bölünipdir. Azerbaýjanyň guberniýasynyň bir bölegi Gruzin-Imeret guberniýasyna degişli bolupdyr. Emma territoriýasynyň esasy bölegi Kaspiý oblastyna degişli bolup, oňa Şemah, Nuh, Zenkoran, Bakuw, Kuba we Derbent uýezdleri giripdir. 1846-njy ýylda Kaspiý oblastynyň ýerine Şemah guberniýasy döredilýär. 1859-njy ýylda güýçli ýer titremegi sebäpli Şemahyň weýarn bolmagy guberniýanyň merkeziniň Bakuwa geçirilmegine getirýär. Netijede, geberniýanyň ady hem üýtgedilip Bakuw guberniýasyna öwrülýär. 1868-nji ýylda Azerbaýjanyň territoriýasynda ikinji guberniýa-Ýelizawetpol guberniýasy döredilýär. Patyşa hökümeti Azerbaýjany Russiýa birikdiren ilkinji günlerinden başlap, ýerli feodallara we dindarlara daýanyp başlaýar. Ýerleriň uly bölegi patyşa hökümetiniň we ýerli han-begleriň elinde jemlenipdir. Emma patyşa hökümetiniň alyp baran kolonial syýasatyna garamazdan, Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi ol ýerlerde oba hojalygyň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegine itergi beripdir. Ýüpekçilik çalt depgin bilen ösüp, Russiýa äkidilýän ýüpegiň mukdary hem artypdyr. Oba hojalygynda haryt önümçiligi giňelipdir, haryt-pul gatnaşygy mundan beýläkde ösüpdir. Azerbaýjanyň şäherlerinde we obalarynda demirden ýasalýan önümleriň, dürli gurallaryň, mis gap-çanaklaryň, dokmaçylyk, küýzegärçilik önümleriniň önümçiligi giňelipdir. Halyçylyk giňden ösüpdir. Azerbaýjan halylary ýurduň daşynda hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr. XIX asyryň 20-nji ýyllarynda Azerbaýjanda manufaktura görnüşindäki kärhanalar hem peýda bolup başlapdyr.

Azerbaýjanyň sosial-ykdysady ýagdaýy XIX asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň ösüşinde täze döwür başlanýar. Bu döwürde Russiýada başlanan sosial-ykdysady üýtgeşmeler Azerbaýjana-da öz täsirini ýetiripdir. Russiýada krepostnoýçylyk hukugynyň ýatyrylmagy kapitalistik gatnaşyklaryň ösmegine itergi beripdir. Russiýanyň ýüpek mata senagatynyň ýüpegi talap edip başlamagy Azerbaýjanda ýüpek egirme-dokma fabriginiň döremegine getiripdir. 60-njy ýyllaryň başynda Hanabatda moskwaly senagatçylar Alekseý we doganlar Woroninler 432 stanokly 500 orunlyk ýüpek egirme-dokma fabrigini gurýarlar. 1865-nji ýylda Kadabek mis erediji zawod işe girizilip, onda 200 işçi işläpdir. 1859-njy ýylda rus telekeçileri tarapyndan Surahanda nebiti gaýtadan işleýän iri zawod gurulýar. Bu zawoddan başga-da Apşeronda onlarça nebit senagaty kärhanalary işläpdirler. Obalarda kapitalistik gatnaşyklar haýal ösüpdir. Russiýada krepostnoýçylyk hukugy ýatyrylandan 10 ýyl geçensoň 1870-nji ýylda Azerbaýjanda daýhan reformasy geçirilipdir. Bu reforma daýhanlaryň feodallara garaşlylygynyň soňuna çykman, tersine, feodallaryň daýhanlary mundan beýläkde ezmegine mümkünçilik döredipdir. Daýhanlar reformadan soň hem ýer eýeleriniň peýdasyna dürli borçlary ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Olar tölegleri pul ýa-da azyk görnüşinde töläpdirler. Suwarymly ýerler we öri meýdanlar ýene-de han-begleriň ellerinde galypdyr. Azerbaýjanda daýhan reformasy hemme ýerde geçirilmändir. Ol diňe beglik ýerlerinde ýaşaýanlara degişli bolup, galan ýerlerede geçirilmändir. Daýhanlaryň 70 %-ni öz içine alýan döwlet ýerlerinde ýaşaýan daýhanlara degişli bolmandyr. Bulara garamazdan Azerbaýjanda geçirilen daýhan reformasy belli bir derejede oba kapitalizmiň ösüşine itergi beripdir. Daýhanlaryň azat bolmagy şäherlerde ösýän senagaty üpjün etjek işçi armiýasynyň rezerwini döredipdir. Olar ýuwaş-ýuwaşdan işçi kadrlarynyň üstüni doldurypdyrlar. Deýhanlar reformasy ýurtda haryt gatnaşyklarynyň kapitalistik-haryt gatnaşyklarynyň peýda bolmagyna hem getiripdir. Azerbaýjanda ykdysadyýetiň we pul-haryt gatnaşyklarynyň ösmeginde 1883-nji ýylda Bakuwy Tiblisi şäheri bilen birleşdiren Zakaspiý demir ýolunyň bakuw böleginiň gurluşygy we Kaspi deňiz gämi gatnawy uly orny eýeläpdir. Azerbaýjanyň Russiýa döwleti bilen söwda gatnaşygy giňelip başlapdyr. Rus telekeçileriniň azerbaýjan çig malyna bolan islegi has artyp başlaýar. 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda dörän pagta senagaty Azerbaýjanyň oba hojalygynyň esasy pudagy hökmünde mundan beýläk ösüp başlapdyr. Pagta senagatynyň ösmegine birinji nobatda rus pagta senagatynyň oňa bolan islegi şert döredipdir. Netijede bolsa, Azerbaýjanyň uýezdlerinde senagatyň täze pudagy bolan pagta arassalaýan zawodlaryň peýda bolmagyna getiripdir. Azerbaýjanyň oba hojalygynda buýan köküni almak, temmäkiçilik, üzümdarçylyk, bagbançylyk ýaly pudaklary uly ösüşlere eýe bolup, olar Russiýanyň bazarlary bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Emma bulara garamazdan, Azerbaýjanyň obalarynda feodal gatnaşyklaryň saklanmagy ol ýerlerde kapitalizmiň ösüşini bökdäpdir. Ýerleriň öňküsi ýaly döwletiň, pomeşikleriň we han-begleriň elinde saklanmagy daýhanlarda nägileligi artdyrypdyr. Bu bolsa öz gezeginde daýhanlaryň ýerli hen-begleriň we rus kolonizatorlaryň garşysyna göreşe galmagyna getiripdir. Ýaraglanan daýhanlaryň uly bolmadyk toparlarynyň han-begleriň we patyşa çinownikleriniň üstüne çozuş edip, olaryň ellerinden zatlaryny alyp garyplara paýlan wagtlary hem az bolmandyr. Bu daýhanlaryň özboluşly çykyşy bolup, halk arasynda olara gaçaklar diýip at beripdirler. Şeýle otrýadlaryň biri Zangerur we Nahiçewan uýezdlerinde hereket edip, oňa belli gaçak Nabi ýolbaşçylyk edipdir. Ol birnäçe ýyllap ezijileriň garşysyna göreş alyp barypdyr. Umuman alanymyňda, XIX asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň obalarynda kapitalistik gatnaşyklar haýal we köp kynçylyklar bilen ösüpdir. Hemme ýerlerinde bir meňzeş ösmändir. Senagatda esasan hem nebit senagatynda ösüş bildiripdir. Bu ösüş ilkinji nobatda rus senagatynyň ýangyja bolan islegi bilen bagly bolupdyr. Nebit senagatyna XIX asyryň II ýarymyndan başlalp ýerli rus maýadarlary bilen birlikde daşary ýurt maýadarlary hem aralaşyp başlapdyrlar. 1885-nji ýylda Baku guberniýasyndan 489 mln. put nebit alnypdyr. Doganlar Nobeliň firmasy 1879-njy ýylda 3 mln. manat maýa goýan bolsa, 11 ýyldan soň, ol 15 mln. manada baryp ýetipdir. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň sany ýyl geçdigiçe artyp başlapdyr. 1890-njy ýylda Bakuwda şeýle zawodlaryň 148-si işläpdir. Bakuwyň nebiti Ýewropa, Aziýa, 1886-njy ýylda Hindistana, soňra bolsa Hytaýa çenli baryp ýetipdir. Bakuwyň nebit senagatynyň güýçli ösmegi onuň Kawkazda iri senagat merkezine öwrülmegine getiripdir. Senagatyň ösmegi bilen onuň ilaty hem ösüpdir. 1897-nji ýylda onuň ilaty 113.904 adama ýetipdir. Azerbaýjanyň beýleki şäherlerinde hem senagatyň dürli görnüşleri bilen bilelikde ilat sany hem artypdyr. Kuba şäheriniň ilaty 18 müň, Şemahyňky 23 müň, Nuhuňky 26 müň, Şuşuňky 26 müň, Ýelizawetpoluňky 34 müň adama baryp ýetipdir. Netijede, Azerbaýjanyň ilatynyň sosial gurluşynda hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýurtda täze buržuaz we proletar synplary döreýär. Azerbaýjanda buržuaz synpy köp milletiň ruslaryň, azerbaýjanlaryň, ermenileriň we beýleki milletleriň wekilleri hökmünde kemala gelipdir. Buržuaz synpy bilen bilelikde ýene-de bir synp proletariat synpy hem peýda bolýar. Azerbaýjanda proletariat synpynyň kemala gelmeginde obalardaky ýersizleşen daýhanlar esasy rol oýnapdyrlar. Olar iş gözläp şäherlere gidip proletariatlara öwrülipdirler. Işçiler synpynyň kemala gelmeginiň ýene-de bir çeşmesi Günorta Azerbaýjandan iş gözläp gelýän talaban daýhanlardy. Bakuwda senagatyň güýçli ösmegi köp mukdarda işçi güýjini talap edýärdi. Bu bolsa öz gezeginde Bakuwda köpmilletli işçi synpynyň döremegine şert döredipdir.

Azerbaýjan SSR-niň döredilmegi

[düzet | çeşmäni düzet]

1919-njy ýylyň maý aýynda Azerbaýjanyň kommunistleri “Garşsyz Sowet Azerbaýjany ugrunda“ diýen şygary öňe sürýärler. Bu şygar astynda kommunistler işçileri we daýhanlary, tutuş progressiw pikirli adamlary Azerbaýjan Sowet Respublikasyny döretmek ugrundaky göreşe çagyrypdyrlar. Bu çagyryşa jogap edip diňe bir işçiler däl-de, eýsem daýhanlar hem köpçülikleýin guramaçylykly çykyş edip başlapdyrlar. 1919-nji ýylda Azerbaýjanyň ähli uýezdlerinde daýhanlar bilen pomeşikleriň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolup geçýär. Genje, Gazak, Şuş, Gökçaý we Lenkoran uýezdlerinde ýaragly gozgalaň has giň gerime eýe bolupdyr. Genje uýezdiniň Gyzyl-Gajylyly obasynda Meşady Kadyryň ýolbaşçylygynda bolup geçen daýhanlar gozgalaňy pomeşiklere uly howyp salypdyr. Ýene-de bir daýhanlaryň ýaragly otrýady Gazak uýezdiniň Ýokary-Aýyply we beýleki obalarynda hereket edipdir. Bu ýerde 1919–njy ýylyň güýz aýynda Gyzyl gwardiýanyň daýhanlar otrýadlary döredilipdir Garabagda, Şamsadil we Gazak yýezdlerinde azerbaýjan we ermeni daýhanlary birleşip, musawat we daşnak häkimetiniň garşysyna çykyş edipdirler. Musawatçylaryň yaragly güýçlerniň garşysyna Geranboý-Ahmetli obasynda Gatyr Mamedin ýolbaşçylygyndaky daýhanlar otrýady duýdansyz göreş alyp barypdyrlar. Gatyr Mamediň we Meşady Kadyryň daýhanlar otrýady dowlet edaralarnyň, hanlaryň, begleriň we pomeşikleriň üstüne çozuş edip, olaryň ýerlerini we mallaryny daýhanlara paýlap beripdirler. Musawatçylara 1919–njy ýylyň sentýabr aýynda Gatyr Mamedi wagşylarça öldürmek başardan hem bolsa, tutuşlugyna daýhanlar hereketiniň öňini almak başartmandyr. Rewolýusion wakalaryň içinde Lenkoran uýezdiniň zähmetkeşlerniň Sowet häkimýeti ugryndaky göreşi has tapawutlanypdyr. 1919–njy ýylyň 25–nji aprelinde işçileriň, daýhanlaryň we rewolýusion esgerleriň ýaragly otrýadlary tarapyndan reaksion ofiserleri ýesir alýarlar we Lenkoran uýezd uprawasyny (iş dolandyryjysyny) agdarýarlar. Häkimýet Rewolýusion Komitetiň eline geçýär. Rewolýusion hereketden gorkan musawaçylar we reaksiýon toparlar tutha – tutlugy we terrorçylykly hereketi güýçlendiripdiler. Sowet häkimiýeti ugrundaky göreşde duşmanyň elinde K. Agasiew, A. Aliew, M. Aýdinbekow, F. Gubanow, B. Dadaşew, A. Katarzade, I. Kolomiýsew, M. Melikýans, M. Musawi, B. Sardarow, A. Suleýmanow we beýlekiler ýaly halkyň edermen ogullary wepat bolupdyrlar. Bu waka Azerbaýjan musawatçylarynyň halka dönükligini ýene-de bir gezek subut etdi. 1920-nji ýylyň 24-nji aprelinde Azerbaýjanyň Kommunistik (bolşewikler) Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň (AK(b) P MK) harby tehniki kommisiýasy ähli raýon harby-syýasy kommisiýalaryna ýaragly gozgalaňy taýarlamak boýunça göreşiň instruksiýasyny iberýär. 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinde Bakuwda gozgalaň turýar. Azerbaýjanyň gozgalaň eden zähmetkeşlerine 11-nji Gyzyl Goşun kömege gelipdir. Azerbaýjan kommunistleri musawatçylar parlamentine ultimatum berip, Bakuwyň esasy punktlaryny eýeläpdirler. Netijede, şol gün musawatçylar parlamenti häkimiýetiň Azerbaýjanyň rewolýusion kommitetiniň eline geçýändigi baradaky karara gol çekýär. Şeýlelikde, 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinden 28-nji apreline geçilen gije musawatçylar hökümeti agdarylýar we Azerbaýjanda Sowet häkimiýeti ýeňýär. Azerbaýjan Sowet Sosialistik Respublikasy jar edilýär. Wagtlaýyn rewolýusion Kommitet döredilip, onuň düzümüne N. Narimanow (başlyk), A. Aliýew, D. Buniatzade, M. Guseýnow, A. Garaýew, G. Musabekow we G. Sultanow giripdirler. Azerbaýjan Sowet Sosialistik rewolýusiýasy yglan edilýär. 1920-nji ýylyň 28-nji aprelinde bolsa, Azerbaýjan Rewolýusion Kommiteti N. Narimanowyň ýolbaşçylygynda Halk Komissarlar Sowetiniň ilkinji düzümini tassyklaýar. 1921-nji ýylyň 6-njy maýynda Bakuwda Azerbaýjan SSR-niň Sowetleriniň I gurultaýy bolup, onda Azerbaýjanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edilýär. Konstitusiýanyň kabul edilmegi Azerbaýjan halkynyň syýasy ösüşinde uly taryhy ähmiýete eýe bolupdyr. Gurultaýda ýokary döwlet organlary Azerbeýjan Merkezi Ispolnitel Komiteti (AzMIK) we Halk Komissarlar Soweti saýlanypdyr. HKS-yň başlyklygyna N. Narimanow, AzMIK-nyň başlyklygyna M. Gajyýew saýlanypdyr.


Azerbaýjan
Taryh • Geografiýa • Syýasat • Demografiýa • Medeniýet • Ykdysadyýeti