Belgiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Baýdagy
Kartasy

Belgiýa (niderl. België, HFE: [ˈbɛlɣijə]; fr. Belgique, nem. Belgien), Belgiýa korollygy (niderl. Koninkrijk België, fr. Royaume de Belgique, nem. Königreich Belgien) — Demirgazyk-Günbatar Ýewropada ýerleşýän döwlet, ÝB-niň, BMG-nyň we NATO-nyň agzasy. Meýdany — 30 528 km², ilat sany — 10,8 mln adam. Ýurduň ady kelt taýpasy bolan belgleriň etnonimiden gelip çykýar. Paýtagty — Brýussel.

Demirgazykda Niderlandlar, gündogarda Germaniýa, günorta-gündogarda Lýuksemburg, günortada we günbatarda bolsa, Fransiýa bilen araçäkleşýär. Demirgazyk-günbatarda kenarýakasyny Demirgazyk deňzi ýuwýar.

Häkimiýet formasy — Konstitusion parlament monarhiýasy, administratiw-territorial gurluşynyň formasy — federasiýa. (federasiýa)