Germaniýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
German Federatiw Respublikasy
Flag of Germany.svg Coat of arms of Germany.svg
Germaniýanyň baýdagy Germaniýanyň gerbi
EU-Germany.svg
Paýtagt Berlin
Resmi diller Nemes dili
meydany 356.8 müň km2
Federatiw prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer
Federatiw kanţler Angela Merkel
Gimni Deutschlandlied
Puly Ýewro
Telefon kody +49
Internet TLD .de

Germaniýa (nem. Deutschland), resmi ady — German Federatiw Respublikasy (nem. Bundesrepublik Deutschland), AFR (nem. BRD) — Merkezi Ýewropada döwlet.

Demirgazyk araçäkleri Demirgazyk deňzi, Daniýa, Baltika deňzi; gundogary Polşa we Çehiýa Respublikasy; günortasy Awstriýa we Şweýsariýa bolmak bilen gunbatar tarapy Fransiýa, Lüksemburg, Belgiýa we Niderlandlar bilen araçäkleşýär. Köplenç maýyl howaly. Almaniýanyň umumy meýdany 357,021 km². 82 million halkly ýurt (2015). Ýewropa Birleşiginde ilat sany boýunca 1-nji ýeri eýeleýar we sol bir sanda dasary ýurtly ilaty bilenem 3-nji ýerde durýar. Paýtagty Berlin şäheri.Ýurduň ilatynyň 88%-i şäherlerde ýaşaýar.

Germaniýanyň eksportynyň 50%-ini üpçün edýän,senagatynyň esasy ýöriteleşdirilen pudagy maşyn gurluşygydyr.Umumy maşyn gurluşygy kärhanalary Bawariýada, Reýn-Westfaliýa etraplarynyda jemlenip,senagat kärhanalary we elektrik stansiýalar üçin iň täze we ýokary öndürijilikli gurallar öndürilýär.Awtomobil önümçiliginiň uly kärhanalary Wolfsburgda "Folkswagen'' kompaniýasy,Ştutgartda "Daýmler-Bens",Kýolnda "Ford", Frankfurtda "Opel", Mýunhende "BMW",Haýlbronnede "Audi" ýerleşýär.Ýurduň awtomobil ýollarynyň umumy uzunlygy 230 müň km,şonuň 11 müň km-i ýokary tizlikli awtomobil ýollarydyr.Ýük we ýolagçy dolanyşygynda awtomobil ulagy birinji orny eýeleýär.Ikinji orunda demir ýol ulagy durýar.Uly gami duralgalary-Gamburg,Bremen,Wilgelmshafen,Rostok.

[Faýl:Deutschland topo.png|left|thumbnail|250px|Almaniýa]]