Yrak

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Yrak
Flag of Iraq.svg Coat of arms of Iraq (2008).svg
(Baýdag) (Gerb)
Iraq in its region.svg

Yrak (arap. عراق‎‎), resmi ady — Yrak Respublikasy (arap. الجمهورية العراقية‎‎) — Ýakyn Gündogarda, Mesopotamiýa pesliginde, Tigr we Ýewfrat derýalarynyň jülgesinde döwlet. Ol günorta-gündogarda Kuweýt, günortada Saud Arabystany, günbatarda Iordaniýa we Siriýa, demirgazykda Türkiýe we gündogarda Eýran bilen araçäkleşýär. Yragyň territoriýasyny ýurduň günorta-gündogarynda Pars aýlagynyň suwlary ýuwýar.