Hindistan
| |||||
![]() |

Hindistan Respublikasy (hind. भारत गणराज्य, Bhārat Gaṇarājya?, iňl. Republic of India) — Günorta Aziýada döwlet. Hindistan tutýan meýdany boýunça dünýäde ýedinji, ilat sany boýunça bolsa, ikinji orunda durýar. Ol günbatarda Päkistan, demirgazyk-gündogarda Hytaý, Nepal we Butan, gündogarda Bangladeş we Mýanma bilen araçäkleşýär. Mundan hem başga, Hindistanyň günorta-günbatarda Maldiw adalary, günortada Şri-Lanka we günorta-gündogarda Indoneziýa bilen deňiz araçägi bär.
Mazmuny
UMUMY MAGLUMAT[üýtget | edit source]
Meýdany: 3287,6 müň km2
Ilaty: 1.1 milliarddan gowrak adam.
Paýtagty: Nýu Deli şäheri (ilaty 7,2 milliondan gowrak).
Döwlet dili: hindi dili, ikinji döwlet dili iňlis dili hasaplanýar.
Dini: induizm (83%) we yslam
Esasy şäherleri: Kalkutta, Mumbaý, Madras, Haýdarabat we başgalar.
Döwlet gurluşy: Parlamentar federatiw respublika.
Pul birligi: Hindi rupiýasy
Tebigaty[üýtget | edit source]
Hindistanyň territoriýasy Hindistan ýarym adasyny Gimalaý we Karakorum daglarynyň bir bölegini, Hind-Gang düzliginiň gündogar bölegini, Bengal aýlagyndaky hem-de Arap deňzindäki adalaryň birnäçe toparyny öz içine alýar. Kenar ýakasynyň uzynlygy 12 müň inedördül kilometre golaý. Kenarlary pes we gowşak dilkawlanandyr. Hindistanyň territoriýasynyň 3/4 bölegine golaýy düzlükler we tekiz daglyklardyr.
Esasy derýalary[üýtget | edit source]
Gang, Hind, Brahmaputro, Godawari, Krişna, Narbada, Mahanadi, Kaweri.
Kölleri[üýtget | edit source]
Iň uly köli Kaşmir jülgesindäki Wular kölüdir. Dekan tekiz daglygyndaky Lonar köli wulkanly ýerdir. Hindistanyň territoriýasynyň köp böleginde gyzyl topraklar ýaýrandyr. Onda başga-da gyzyl-sary ferrallit, gyzyl-goňur, gyzylymtyl-goňur, gyzyl ferrallit, çal, çal-goňur, çemen, küljümek, dag-çemen, allýuwial topraklar bar.
Hindistan ýarym adasynyň we Hind-Gang düzlüginiň tebigy ösümlikleri, esasan sawannalardan (akasiýa, palma) hem-de tokaýlardan (tik, sandal, bambuk) ybarat. Hindistanyň demirgazyk-gündogarynda ýapragyny dökýän garyşyk tokaýlar, günbatar daglaryň ýele eňňitlerinde, Gang we Brahmaputra derýalarynyň deltalarynda ebedi gök öwüsýän garyşyk tokaýlar ösýär.
Hindistanyň faunasy Hindi-Malaý welaýatyna degişlidir. Süýdemdirijilerden maýmynlar, sugunlar, antilopalar has häsiýetli bolup, hindi pili, ýolbars, pantera, gimalaý aýysy duşýar. Şir, gaplaň, kaşmir suguny bütinleý diýen ýaly gyrlyp gutarypdyr. Guşlaryň, süýrenjileriň we balyklaryň faunasy baýdyr. Hindistanda zapowednikleriň we milli parklaryň 47-si bar.
Taryhy[üýtget | edit source]
Daş asyry döwründe Hindistanda adamzat jemgyýetiniň bolanlygy barada arheologik tapyndylar şaýatlyk edýärler. Hind derýasynyň jülgesinden tapylan bürünç medeniýetiniň ilkinji senesi goýlan galyndylar b.e.öň 3 müň ýyllygyň başlaryna degişlidir.
XV asyryň ahyrlarynda Hindistanda ilkinji kolonial gul edijiler-portugallar peýda bolýar. XVI asyryň I ýarymynda olar deňiz ýakasyndaky obalaryň ençemesinde (Goa, Daman, Diu we başg.) ornaşyp, Hindistanyň diňe bir söwdasyny ele almak bilen çäklenmän, eýsem, basyp alan territoriýalarynyň ilatyny kolonial ekspluatasiýa sezewar edýärler. Demirgazyk Hindistany birleşdirmek Beýik Mogollar dinastiýasy döwründe amala aşyrylýar. XVIII asyryň I ýarymyndan Mogollar dinastiýasy dargaýar.
XVII asyryň başlarynda Hindistanda Ýewropa söwda kapitaly peýda bolýar. Hindi täjirleriniň kömegi bilen iňlisler, gollandlar, fransuzlar hindi önümlerini satyn alyp, olary diňe bir Ýewropa däl, eýsem, Eýrana, Indoneziýa, Ýaponiýa, Hytaýa we başga ýurtlara hem çykarypdyrlar. Döwletleriň, Mogol imperiýasynyň mirasdüşerleriniň arasyndaky togtamaýan uruşlar Hindistanda iňlis we fransuz çaknyşyklaryna getiripdir
Ost-Hindistan kompaniýalarynyň söwda ekspansiýasyndan harby ekspansiýalara geçmegi üçin amatly ýagdaý döredýär. Beýik Britaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky dünýäde birinjilik gazanmak ugrundaky göreş Hindistanyň territoriýasyny hem öz içine alýar. 1746-63-nji ýyllarda Günorta Hindistanda Ost-Hindistan kompaniýalarynyň arasyndaky dyngysyz diýen ýaly alnyp barlan urşuň netijesinde iňlisler öz bäsdeşlerini doly derbi-dagyn edip, Bengaliýany basyp alýarlar we Karnatigi hem-de Audy wassal garaşlylyga sezewar edýärler. Deliniň basylyp alynmagy bilen (1803) Beýik Mogol iňlis Ost-Hindistan kompaniýasynyň oýnatgysyna öwrülýär.
Hindistanda milli azat edijilik hereketleri täzeden ýokary göterilýär. 1946-njy ýylda goşunda, flotda we awiasiýada iňlislere garşy köpçülikleýin çykyşlar bolýar. 1946-njy ýylyň awgustynda Hindistanda J. Neruwyň baştutanlygynda wagtlaýyn hökümet düzülýär. 1947-nji ýylyň 15-nji awgustynda Hindistanyň territoriýasynda iki sany täze garaşsyz döwlet: Hindistan we Päkistan dominionlary döreýär. 1949-njy ýylyň 26-njy noýabrynda kabul edilen täze Konstitusiýa boýunça Hindistan respublika diýlip jar edilýär. Konstitusiýa 1950-nji ýylyň 26-njy ýanwaryndan güýje girýär.
Halk hojalygy[üýtget | edit source]
Hindistan agrar-industrial ýurt. Nebit, himiýa, alýuminiý senagaty, maşyn gurluşygy senagaty bar. Hindistan mineral we energetik resurslara baýdyr. Çykarylýan kömrüň 3/4 bölegi diýen ýaly Damodar jülgesinde jemlenendir. Günbatar Hindistanda täze nebitli-gazly etraplar işe girizildi. Atom çig maly (uran magdany) gazylyp alynýar. Gazylyp alynýan demir magdanynyň 1/2 bölegine golaýy eksport edilýär. Marganes, slýuda, boksit, altyn, almaz, mis magdanlary gazylyp alynýar. 1984-85-nji ýylda 157 mlrd. kwt/ elektroenergiýa öndürildi. Gara we reňkli metallurgiýa, maşyn gurluşygy hem metal işläp bejerýän, himiýa, sement, kagyz, dokma, gant, poligrafiýa senagaty ösen. Alýuminiý senagaty ösýär. Dokma we azyk senagaty ýurduň gadymy pudaklarydyr. Azyk senagatynda gant önümçiligi esasy orny eýeleýär. Hökümet ownuk kärhanalaryň we hünärmentçiligiň ösmegine goldaw berýär. 1985-nji ýylda demir ýoly 62 müň km-e golaý, awtomobil ýoly 1700 km. boldy. Esasy portlary-Bombeý, Kalkutta we beýlekiler. Halkara ähmiýetli aeroportlary Bombeýde, Kalkuttada, Delide we Madrasda ýerleşýär.
Esasy ekinleri: şaly, bugdaý, arpa, mekgejöwen, gowaça, şekerçiňrik, çaý, kofe, kauçuk we başgalar.
Ýaragly güýçleri[üýtget | edit source]
Hindistanyň ýaragly güýçleri guryýer goşunlaryndan, Hindistan howa güýçlerinden we Harby-deňiz güýçlerinden ybarat. Baş serkerdebaşy-prezident. Goşuna goranmak ministri gös-göni ýolbaşçylyk edýär. Goşun, awiasiýa we flot meýletinleri toplamak ýoly bilen komplektlenýär: Hindistanda ählumumy harby borçlulyk ýok. Ofiserler düzümi harby uçilişelerde hem-de milli kadet korpusynda taýýarlanylýar. Ofiserleriň bir bölegi goşunyň ýörite ugurlary boýunça daşary ýurtlarda taýýarlyk geçýär.
Medeniýeti we milli gymmatlyklary[üýtget | edit source]
Medeniýeti[üýtget | edit source]
Hindistanyň medeniýeti dört müň bäş ýüz ýyldan bäri ösüp gelýär. Geçen müňýyllyklarda ýurduň medeniýetinde ösüşler hem gazanyldy, täze-täze medeni ojaklar döredildi, saz we dürli sungat görnüşlerinde täzeçil ideýalar emele geldi.
Bilimi[üýtget | edit source]
1990-njy ýyllarda ýurtda bilim alýanlaryň sany 154 million eken. Başlangyç, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim berýän mugallymlaryň sany takmynan 3.5 milliona golaýdyr. Ýurtda 15 ýaşdan kiçi bolan çagalara başlangyç bilim hökmanydyr we mugtdyr. 1983-nji ýylda ýurduň bilim ulgamynda täze özgerişlikler amala aşyryldy. Bilim beriş ulgamy birnäçe bölege bölündi. Başlangyç we doly orta däl mekdeplerde bilim beriş möhleti 10 ýyl. Ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin hökmany suratda 12 ýyllyk doly orta mekdebi tamamlamak gerek. Ştatlardaky başlangyç mekdeplerde bilim döwlet dilinde berilýär.
Ýokary bilimi barada[üýtget | edit source]
Uniwersitetlerde we beýleki ýokary tehniki mekdeplerde ýaşlara iňlis dilinde bilim berilýär. Hindistanda 226 uniwersitet, 4.7 müň takyk we gumanitar ugurlarda bilim berýän kollejler, 1.9 müň mugallymçylyk, 185 inžener-tehnik we 359 lukmançylyk kolleji hereket edýär. Ýurduň iri uniwersitetleri: Kalkutta (150 müň talyp), Bombeý (150 müň talyp), Rajasthan (150 müň talyp), Deli ( 130 müň talyp), M.K Gandi adyndaky uniwersitet (150 müň talyp). Ýokary okuw mekdeplerinde 6.5 million talyp bilim alýar. Ol hem ýurduň 17-23 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň 5-6 göterimini tutýar.
Ylmy[üýtget | edit source]
Ýurtda köp ugurly ylmy-barlag ojaklarynyň iňňän uly ulgamy döredilipdir. Olaryň arasynda döwlete degişli ylmy-barlag edaralary bilen bir hatarda hususy baglag institutlary we laboratoriýalary hem bar. Olar ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýlarlar. Ylmy-barlag institutlarynda däp bolan ylymlar lukmançylyk, agronomiýa, weterinarçylyk, meteorologiýa, häzirki zaman ylymlaryndan atom energiýasy, älem giňişliginiň öwreniş we elektronika ýaly ugurlarda işler alnyp barylýar.
Bolliwud[üýtget | edit source]
Ol Hindistanyň Mumbaý şäheriniň kinoindustriýasynyň sinonimi hasaplanýar. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Golliwud meňzeş edilip atlandyrylypdyr. Bolliwud Bombeý we Golliwud sözlerinden emele getirilipdir. Bolliwuddaky meşhur kinostudiýalar “Filmalaya” we “Film City” şäheriň demirgazyk böleginde ýerleşýär. Her ýyl Bolliwudyň kinostudiýalarynda 600-700 film surata düşürilýär. Olar esasanam hindi hem-de urdu we penjab dillerinde çykýar.
Soňky ýyllarda Bolliwudyň filmleri günbatar ýurtlarynda hem meşhurlyk gazanyp başlady. Şonuň netijesinde-de Bolliwudyň meşhur aktýordyr aktrisalary günbatar ýurtlarynyň filmlerinde surata düşmäge başladylar. Şol bir wagtda günbatarly kino ýyldyzlary-da Bolliwudyň filmlerinde esasy keşpleri janlandyrmaga höwes bildirýärler.
Dünýäniň iň beýik ymaraty[üýtget | edit source]
Hindistan gadymy binagärlik ýadygärliklerine örän baý ýurt. Ýurduň paýtagtynda-da şeýle ýadygärlikleriň köp sanlysyna duş gelmek bolýar. Bu ýerde gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli saklanyp galan käbir binalaryň gurluşy aklyňy haýran edýär. Mysal üçin, Hindistanyň iň beýik ymaraty bolan Kutb Minar. Onda dürli eýýamlaryň täsin nusgalaryny özünde jemleýän medeni we dini mirasyň utgaşmasyny görmek bolýar. Diwarynda Gurhanyň aýatlary hem minaranyň gurluşygy baradaky maglumatlar ýazylan bu ýadygärlik şäheriň ajaýyp ýerinden 72 metr belentlige howalanyp dur. Onuň aşakdan ýokarlygyna tarap aýlanyp gidýän 379 basgançagy bar. Aýtmaklaryna görä, basgançagyň diňe 156-njysyna çenli çykyp bolýar. Kutb Minardaky demir sütüni-de hakyky gudrat diýip, hasap edip bolar. Beýikligi 7 metr, ini iki adam eliniň uzynlygyna barabar bolan bu demir sütün 4-nji asyrda dikilipdir. 15 asyrdan gowrak wagt geçendigine garamazdan, ol henize çenli poslamandyr. Şol wagtlar şeýle uly demir bölegini nädip guýandyklary we ony poslamaz ýaly näme edendikleri häzire çenli ylymda uly syr bolup galýar.
Lotos ybadathanasy[üýtget | edit source]
Lotos ybadathanasy Bahaýi dininiň dünýäniň dürli yklymlarynda bar bolan ýedi ymaratynyň biridir. Onuň taslamasyny asly eýranly bolan kanadaly arhitektor Fariborz Sahba lotos gülüniň keşbinde döredipdir. Ybadathanany gurmak üçin serişde dünýä boýunça bahaizm dinine uýýanlar tarapyndan ýygnalypdyr. Onuň gurluşygy 1980-nji ýylda başlanyp 1986-njy ýylda hem tamamlanypdyr. Ybadathana 27 sany lotos gülüniň ýaprajygyndan ybarat bolup, ol betondan gurlupdyr we içinden owadan mermer daşlary bilen bezelipdir.
Çeşme[üýtget | edit source]
Zaman Türkmenistan gazeti - http://www.zamantm.com/tm/newsDetail_getNewsById.action?newsId=53162
Aziýanyň ýurtlary |
||
---|---|---|
Ýurtlar | Azerbaýjan1 · BAE · Bahreýn · Bangladeş · Bruneý · Butan · Ermenistan1 · Eýran · Filippinler · Gazagystan1 · Gruziýa1 · Gündogar Timor · Günorta Koreýa · Gyrgyzystan · HHR · Hindistan · Indoneziýa · Iordaniýa · Kamboja · Katar · KHDR · Kipr · Kuweýt · Laos · Liwan · Malaýziýa · Maldiwler · Mongoliýa · Müsür2 · Mýanma · Nepal · Oman · Owganystan · Özbegistan · Päkistan · Russiýa1 · Saud Arabystany · Singapur · Siriýa · Şri-Lanka · Taýland · Täjigistan · Türkiýe1 · Türkmenistan · Wýetnam · Yrak · Ysraýyl · Ýaponiýa · Ýemen | ![]() |
1 Ýewropada hem ýerleşýär; 2 Afrikada hem ýerleşýär |