Daş asyry

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Obsidian naýza ujy

Daş asyryadamzadyň ösüşinde iň gadymy medeni-taryhy döwür, şonda esasy zähmet gurallary we ýaraglar esasan daşdan ýasalypdyr, emma agaç bilen süňk hem ulanylypdyr. Daş asyrynyň ahyrynda toýun gap-gaçlaryň ulanylyşy giňden ýaýrapdyr.

Daş gurallar daşyň dürli görnüşlerinden ýasalypdyr. Çakmak daşy we hek daşynyň slanesleri kesiji gural hem-de ýarag hökmünde ulanylypdyr, bazalt bilen gum daşyndan bolsa iş gurallary, meselem, el degirmenleri üçin daşlar ýasalypdyr. Şeýle hem agaç, süňk, gabyk, sugun şahy ulanylypdyr.