Aşgabat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Aşgabat (Parsça: عشق آباد Ashq-abad), Türkmenistanpaýtagty. Aşgabat şäherine degişli 5 etrap we 1 şäherçe bardyr.

Ashgabat

Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Şäher garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerip, Orta Aziýanyň uly syýasy ykdysady merkezlerinin birine öwrüldi. Aşgabat Köpetdag etegindäki düzlükde we Garagum çölün oňa yanaşýan böleginde, deniz derejesinden 214 240 metr belentlikde, demirgazyk ginligin 37°31' gündogar uzaklygyň 57°31' ýerleşyär. Şäherin ýer üsti dag etekden çöllüge tarap kem-kemden peselýär. Aşgabat şäheri ykdysady-geografik jähtden amatly ýer- de ýerleşyär. Ol yurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr. Bu ýerden Türkmenbaşy-Türkmenabat, Aşgabat-Daşoguz demir we awtomobil yollary geçyär. Halkara aeroporty arkaly Aşgabat dünýäniň dürli döwletlerini birleşdirýän howa yollarynyň çatrygy hasap lanýar. Bu bolsa şäherin durmuş-ykdysady merkez hök münde ösmegine uly yardam edýär. VŞäherin suw üpjünligi Garagum derýasynyň, Köpet- dagdan akyp gelýän uly bolmadyk çeşmeleriň we yerasty suwlaryň hasabyna amala aşyrylýar./ Aşgabat şäheri gadymy Yüpek ýolunyň ugrunda, gala laryň ýerleşen ýerinde emele gelipdir. Şäherin häzirki or- nunda bolan köne gala Parfiýa patyşalygynyň gülläp ösen döwrüne, ýagmy biziň eýýamymyzdan önki 300-nji ýyllara degişlidir. 1881-nji ýylda ozalky Ashabat obasynyň ýer- leşen ýerinde ruslaryň harby berkitmesi döredilipdir. Zakaspiý oblastynyň söwda-senagat, harby işleri şu ýerde jemlenip, gonsy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklar yola goýlupdyr. Şäher ýuwas-ýuwaşdan ösüp başlaýar. 1924- 1991-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan Sowet Sosialistik respublikasynyň paýtagty bolýar. Şol ýyllarda şäherde uly bolmadyk senagat kärhanalary peýda bolýar. 1948-nji ýyl. da bolan aýylganç ýertitremesi şäherin bütinleý diýen ýaly weýran bolmagyna getirýär. Sonra Aşgabat şäheri täzeden dikeldilýär. Häzirki wagtda Aşgabat ög ösüşinin täze döwrüni baş dan geçiryär. Garaşsyzlyk ýllarynda paýtagtymyzy ös- dürmek barada döwlet syýasaty yöredilip gelinýär. Şonuň netijesinde, Aşgabat örän gysga döwrün içinde üçünji mün. ýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Ilatynyň sany boýunça Aşgabat ýurdumyzyň iň uly şäheridir. Şäherde ýurdumyzyň ilatynyň 12,7%-ine golay jemlenendir. 1897-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň maglu- matlaryna görä, şäherde 19,4 müň adam ýaşapdyr. Soňky 110 ýylyň içinde onun ilaty 40 essä golaý artdy. v Aşgabat yurdumyzyň iň köp milletli şäheridir. Bu ýerde ilatyň esasy bölegini tutýan türkmenler bilen birlikde rus lar, tatarlar, ermeniler, azerbaýjanlar, ukrainler uly etniki toparlary emele getirýärler.V v Aşgabat şäheri 0,47 mün inedördül kilometr meýdany tutýar. Aşgabat döwletimizin welaýat derejesi berlen pay. tagt şäheridir. Şäher dolandyryş taýdan bäş sany şäher et- raplaryna bölünýär: Köpetdag, Azatlyk, S. Nyýazow adyn daky etrap, Çandybil, Arçabil. Asgabat şäheri döwletimíziň iri senagat merkezi hasap lanýar. Bütin Türkmenistanda öndürilýän senagat önü- minin 5,7 %-i şäherin paýyna düşyär. Ykdysadyýetiniň esasyny senagat pudagy düzyär. Şäheriň senagaty garaşsyzlyk ýyllarynda düzüm taýdan düýpli özgerdi. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinin senagat önümçiliginin düzüminde elektroenergetika, maşyngurluşygy we metal işläp be- jermek, ýeňil we azyk senagaty, derman-himiýa senagaty esasy orun tutýar. Aşgabadyň elektroenergiýa bolan üpjünçiligini durnuk- ly kanagatlandyrmak maksady bilen şäherin günorta böle ginde 2006-njy ýylda ýyllyk kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan gaz turbinaly döwlet elektrik stansiýasy işe gi- rizildi. Häzirki wagtda Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin güýjenmesi 220 KW deň bolan halkalaýyn tok geçiriji ulgamy gurulýar. Yurdu- myzda öndürilýän maşyn gyrluşyk önümleriniň 90%-e go- laýy Aşgabat şäherinin paýyha düşyär. Şäherde dürli önüm leri öndürmäge ýöriteleşen «Türkmenmaşyngurluşyk», «Nebitmaşyngurluşyk», «Azykmaşyngurluşyk», «Demir», «Elektrotehnika», «Santehönümler» zawodlary hereket edýär. Aşgabat şäherinde awtoulaglary, teplowozlary we durmuş-medeni tehnikalary bejerýän merkezler hem ýerleşendir. Şäherin gurluşyk materiallary senagatynyň iri kärhanalaryna aýna, «Demirbetonönümleri», «Arkaç kombinatlary degişlidir. Paýtagtymyzyň gurluşyk toplu myny ösdürmek işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze şähergurluşyk syýasaty esasynda amala aşyrylýar. Derman-himiýa Aşgabat şäherinin yöriteleşdirilen se- nagat pudaklarynyň biridir. Aşgabadyň «Saglyk» derman kärhanasynda Türkmenistanda ösýän derman otlardan we beýleki ýurtlardan getirilen çig mallardan dermanlaryň 90-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Bilelikdäki «Türkmen- derman Ajanta Farma Limited» kärhanasynda dermanlaryň gerdejik, süýri däne we ürgün görnüşleri çüýşejiklerde we derman çüýşelerde sanjym serişdeleri, melhemler, diş ýuwulýan serişdeler öndürilýär. «Tenekar» derman kär hanasy infuzion erginleri taýýarlamaga niýetlenen suwy taýýarlaýan çylsyrymly köp tapgyrly ulgamdan, infuzion erginleri taýýarlaýan, infuzion erginleri derman çüýşelere guýýan we olara ýarlyklary ýelmeýän bölümlerden durýar. Häzirki wagtda kärhanada infuzion erginleriň 16 görnüşi- nin önümçiligi yola goýuldy. Berkarar döwletin bagtyýarlyk döwründe AŞgabat şä- herinde ýeňil senagaty ösdürmeklige aýratyn orun beril. ýär. Şäherin senagat önümleriniň 40%-den gowragy ýeňil senagatyň paýyna düşýär. Aşgabat şäherinde häzirki za man tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan «Türkmenbaşy» we «Aşgabat» dokma toplumlary, medisina we kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän, «Yüpek», «Argaç» ýün egriji, haly, «Türkmengalkan» aýakgap, «Ahab, «Bahar» tikinçilik fabrikleri, «Egriji» kärende kärhanasy ýerleşyär. Häzirki wagtda şäheriň demirgazyk-günbataryndaky dokma top lumynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Öndürýän önümleriniň möçberi boýunça azyk sena gaty ýeňil senagatdan son ikinji orunda durýar. Aşgabat şäherinin azyk senagaty kärhanalary, esasan, et, süýt, süyji-köke, çakyr, piwo öndürmeklige ýöriteleşdirilendir. Şäherde döwlet we hususylaşdyrylan söwda merkez lerinin we kärhanalarynyň, durmuş hyzmaty edaralarynyň uly toplumy ýerleşyär. Aşgabat ýurdumyzyň welaýatlary, şeýle hem dünýänin köp döwletleri bilen aragatnaşygy üpjün edýän ulag geçel- gesiniň möhüm wezipesini ýerine ýetirýär. Şonuň üçin yur. dumyzyň merkezine Aşgabat-Mary-Türkmenabat, Aşga- bat-Daşoguz, Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil we demir ýollarynyň şahalary uzalýar. Yurdumyzyň welaýatlaryna, goňşy döwletlere gidýän demir, awtomobil ýollary Aşgabat säherinin ulag-geografiki ýerleşişini amatlaşdyrýar. Şäher- de ýurdumyzyň iň uly, halkara ülnülerine layyk gelýän de mir yol we awtomobil menzilleri, aeroport ýerleşyär. Şäheriň daşyna 200 kilometrden gowrak aýlaw yolunyň gurluşygy tamamlandy. Yolun ugrunda estakadaly, köp şahaly awtomobil mobil ýollarymyň 7-sini we köprülerin 3-sini, jemi uzynlygy 6,8 km bolan awtomobil yollarynyň 2-sini öz içine alýan des galar toplumy guruldy. Aşgabat şäherinin Arçabil, Gökde- re jülgeleri, Köpetdagyň Gindiwar gerşi ýurdumyzyň esasy dynç alyş sebitidir. Aşgabat ylmyň we medeniýetiň uly merkezi hasaplan- ýar. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ylymlar akade miýasy, 2011-nji ýylyň maglumatlaryna görä ýokary okuw mekdepleriniň 19-sy, orta hünär mekdepleriniň 11-si, baş- langyç hünär okuw mekdepleriniň 13-si, orta mekdepleriň 97-si, ministrlikleriň we edaralaryň ylmy-önümçilik institut. lary we tejribe merkezleri, Milli medeniyet merkezi, Merkezi kitaphana, Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Baş milli, Medeniýet merkeziniň Prezident, Şekillendiriş sun gaty muzeýleri, «Türkmenhaly» döwlet korporasiýasynyň Türkmen halysynyň milli muzeyi hem de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň milli gymmatlyklar muzeýi we sergi köşgi, teatrlar, beýikligi 211 metr bolan telewizion minara ýerleşyär. Şäherde saglygy goraýyş edaralarynyň onlarçasy, şol sanda saglyk öyleriniň 10-usy, hassahanalaryň 14-üsi halka hyzmat edýär. Aşgabat şäheri abadanlaşýar, hakyky paýtagt şäherine öwrülýär. Önuň meýdan-çäginde täze häzirki zaman kada laryna gabat gelýän ymaratlar (ýokary okuw mekdepleri, administratiw jaýlar, hassahanalar, ýaşaýys jaýlar we dürli desgalar) gurulýar. Ön belleýşimiz ýaly, Aşgabat şäheri eko logik taýdan arassa şäherleriň biri bolmagynda galar. Onun çäginde 157 gektar meýdanda 30-a golaý sport desgalaryny öz içine alýan «Olimpiýa» şäherjigi gurulýar. Aşgabat Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny amala aşyrýan merkezidir. Şu nukdaýnazardan alnanda Aşgaba- dyň halkara ähmiýeti örän uludyr. Şäher ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm halkara syýasy gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara guramalarynyň dünýä dere jesinde wajyp meseleleri çözmek bilen baglanyşykly masla- hatlar hem geçirilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda ştab-kwar- tirasy ýerleşýän BMG-nin Orta Aziýa boýunça Öñüni alys diplomatiýasynyň Sebit merkezi açyldy. Yewropa döwletleri bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen «Ýewropa öýi» merkezi hem hereket edýär.

Sepler[düzet | çeşmäni düzet]

Flag of Turkmenistan Türkmenistanyň welaýatlary Flag of Turkmenistan
TurkmenistanNumbered.png
1-Ahal welaýaty (Änew) | 2- Balkan welaýaty (Balkanabat) | 3- Daşoguz welaýaty (Daşoguz) | 4- Lebap welaýaty (Türkmenabat)
5- Mary welaýaty (Mary)