Mazmuna geçiň

Garagum

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Garagum çöli sahypasyndan gönükdirildi)
Türkmenistanyň geografiýasy

 g  ç  r 

Garagum çöli Türkmenistanda ýerleşýär. Tutýan meýdany 350,000 km² bolan bu çöl Türkmenistanyň 70 prosentinden gowragyny öz içine alýar. Adynyň Garagum (Gara Gum) gumunyň reňkiniň beýleki çölleriň gumundan garaňky reňkde bolanlygy sebäplidir. Türkmenistanyň çäklerindäki ähli çägelik düzlükleri öz içine alýar.

Garagumuň iň uly böleginiň iki dürli ady bolup, oňa Peslik Garagum ýa-da Merkezi Garagum diýýärler. Ýer üstüniň deňiz derejesinden beýikligi töweregindäki ýerlerden pes bolany üçin oňa Peslik Garagum diýilýär. Merkezi Garagum diýilmeginiň sebäbi bolsa bu çägelik meýdanyndan günbatarda-da, gündogarda-da, demirgazykda-da, günortada-da başga çägelikleriň ýerleşýändigi üçindir. Merkezi Garagum Balkan, Ahal, Mary welaýatlarynyň çäklerine ýaýrandyr.

Tutýan meýdany boýunça ikinji uly çägelige Üňüzaňyrsy Garagum diýilýär. Bu çägelik tutuşlygyna diýen ýaly Daşoguz welaýatynda we Lebap welaýatynyň demirgazyk-günbatar çetinde ýerleşýär.

Meýdany boýunça üçünji ýerde durýan çäge-düzlüge Günorta-Gündogar Garagum diýilýär. Bu çägelik Merkezi Garagumuň gönüden-göni gündogardaky dowamydyr. Günorta-Gündogar Garagum Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşýär.

Garagumuň hemme ýeri boýdan-başa çägeler bilen örtülen däldir. Günorta böleginde toýunly düzlükler takyrlyklar bilen cäge gerişleriniň, depeleriniň utgaşykly ýer üstüniň giňden ýaýran çäkleri öri meýdanlary üçin ýylyň bütin dowamynda amatlydyr. Ata-babalarymyz “Gumum bar – humum bar” diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Türkmen halkynyň sallançagy, gowgaly ýyllarda goragçysy bolan we ony maldarçylyk, gurluşyk önümleri, şeýle hem dürli ýerasty baýlyklar bilen bol-elin üpjün edýän bu ümmülmez giňişlik, sözüň doly manysynda, ülkämiziň genji-hazynasydyr, tükeniksiz baýlygydyr. Şuny göz öňünde tutup, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada:

Gaýmagyň galňasyn, synman gaýnagyn, Goýny Garagumly – gorly türkmensiň!

Garagumuň – desterhanyň, hazynaň, Rysgal-bereketli, barly türkmensiň! –

diýip ýazýar (275-276 s.).

Garagumyň düzümine 2013-nji ýylyň 18-nji iýulynda açylyp ulanylmaga berilen ''Bereketli Garagum döwlet goraghanasy'' açyldy.


aUNESСOЩ