Mazmuna geçiň

Tejen derýasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Tejen (Gerirud) derýasy ululygy we ähmiýeti boýunça Türkmenistanda üçünji orunda durýar. Ol Murgapdan uzyndyr (1124 km). Onuň 800 kilometre golaýy Owganystanyň we Eýranyň çäklerinden akýar. Bu derýa özüniň gözbaşyny Owganystanyň okean derejesinden 3000 metr belentlikde ýerleşýän daglaryndan alýar. Ol ýerde oňa Saryjeňňel diýlip at berilýär. Derýa orta akymynda Gerirud, Türkmenistanyň çäklerinde bolsa Tejen diýlip atlandyrylýar. Derýanyň suw ýygnanýan meýdany 70 müň km2 bolsa-da, alyp gelýän suwy azdyr (30 m3/s), sebäbi onuň suwunyň esasy bölegini Owganystanyň Hyrat (Gerat) oazisini suwarmak üçin sowup alýarlar. Tejen derýasy hem Murgap derýasy ýaly öz suwuny gardan we ýagyşdan alýar. Şoňa görä-de joşgunlar diňe ýazyna bolýar. Diňe şu wagtda (iki aýda) suw sekuntda 500 m3 we ondan hem köpräk harçlanýar. Emma joşgunlar tiz ýatyşýar, şoňa görä-de derýa tomsuna Sarahs şäherçesiniň aşak tarapynda guraýar. Derýa suwunyň 80 göterimi ýaz aýlarynda akýar. Ozallar suw howdanlary we ullakan bentler ýokka, Tejen derýasy joşýardy we oazisiň halk hojalygyna ägirt köp zyýan ýetirýärdi. Häzirki wagtda Tejen derýasynyň suwunyň akyşy doly kadalaşdyryldy. 1950-nji ýylda Ilkinji Tejen suw howdany guruldy we ulanmaga berildi, häzir bolsa Ikinji Tejen we Horhor suw howdanlary işleýär. Tejendäki suw howdanlary derýanyň ýazyna joşmagynyň zyýanly netijeleriniň soňuna çykmaga we onuň suwlaryny suwaryş üçin islege laýyk peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Emma derýanyň az suwlulygy oazisiň suwarylýan meýdanlarynyň giňeldilmegini juda çäklendirýär. Derýanyň deltasynda we orta akymynda suwaryş üçin ýaramly 600 müň gektardan köpräk ýer bar bolsa-da, şol ýerleriň diňe az bölegi peýdalanylýar. Garagum derýasynyň Tejen derýasy bilen birikdirilmegi, Tejen suw howdanlaryndaky saklanýan suwaryş suwuny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi.[1]

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Orta mekdepleriň VII synpy üçin Türkmenistanyň fiziki geografiýasy synag okuw kitaby

Şablon:Türkmenistanyň derýalary