Garagum derýasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Çölde suwaryş desgalarynyň iň ulusy Garagum derýasydyr. Ol Günorta-Gündogar we Günorta Türkmenistanyň çöllük ýerlerinden akyp geçýär. Ol döwletimiziň üç derýasyny – Amyderýany, Murgap we Tejen derýalaryny birleşdirdi. Garagum derýasynyň Amyderýa – Murgap aralygyndaky birinji nobatdakysy (uzynlygy 400 km.) 1954–1959-njy ýyllarda guruldy.
Emeli derýa Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Kerki (öňki Atamyrat) şäheriniň golaýyndan – Başsakadan başlanýar. Onuň 40 kilometre golaýy Bosaga–Kerki kanaly boýunça akýar. Şondan soň, ol Amyderýanyň köne akabasy bolan Kelif Uzboýunyň guran hanasy boýunça akýar. Soňra Obruçew sährasy diýilýän çägeli toýunsow tekizliginiň üstünden geçip, Günorta-Gündogar Garagumyň ulgam çägelikleriniň içi bilen akýar. Bu ýerde onuň çägesöw kenarlaryny köwüp, akýan ýoluny gömýän pursatlary hem bolýar. Şular ýaly howply hadysalara garşy kuwwatly tehnikalaryň kömegi arkaly göreş alnyp barylýar.

Amyderýanyň suwy Garagum derýasynyň kömegi bilen Mary şäherinden dört kilometrlikde Murgap derýasy bilen birleşýär. Şu ýerden Murgap – Tejen aralykdaky ikinji nobatdakysy başlanýar. Onuň ikinji nobatdakysy (uzynlygy 140 km) 1960-njy ýylda guruldy. 1961-nji ýylda Murgap – Tejen aralygynda uly Hanhowuz suw howdany (göwrümi 87,5 mln. m3, 1974 ý.) guruldy.

Tejen–Aşgabat aralygyndaky üçünji nobatdakysy (uzynlygy 257 km) 1961–1962-nji ýyllarda gazyldy. 1962-nji ýylyň 12-nji maýynda Amyderýanyň suwy Aşgabada geldi. Onuň paýtagta gelmegi bilen Aşgabadyň golaýynda Gurtly suw howdany guruldy.
Garagum derýasynyň Gökdepe – Bereket aralygyndaky dördünji nobatdakysynyň gurluşygy hem çalt tamamlandy. Gökdepäniň golaýynda suw saklamak üçin uly Köpetdag suw howdany guruldy (göwrümi 190 mln. m3, 1974 ý.) Garagum derýasynyň Amyderýa – Bereket aralygyndaky uzynlygy 1100 km-dir. Derýanyň suwy Bereketden turba arkaly Balkanabada, Hazara we Türkmenbaşa akdyrylýar.

Garagum derýasy we beýleki suwaryş desgalarynyň gurlan we ulanylan wagtlarynda, olar bilen akýan suwlaryň bir bölegi çöle akdyrylyp, oýtak ýerleriň uly meýdanlaryny suw basýardy. Netijede, köldür arnalar emele gelip, esli ýerlerde batgalaşan köller peýda bolýardy. Hanadan agyp akýan suwlaryň ýaýran ýerleri Ýylanly suwlulandyryş derýasynyň zolagynda hem bardy. Olar öri meýdanlarynyň oýtymynyň kiçelmegine sebäp bolýardy. Türkmenistanda çölüň aýry-aýry suw basan ýerleri 250 müň gektar meýdany tutýardy, suw baýlyklarynyň ýitgisine getirýärdi. Soňky ýyllarda suwlaryň biderek akdyrylmagynyň öňi alnyp başlandy we çöl landşaftlaryny dikeltmek işi geçirilýär.[1]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Orta mekdepleriň VII synpy üçin Türkmenistanyň fiziki geografiýasy synag okuw kitaby

Şablon:Türkmenistanyň derýalary