Mary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Mary (Pars dilinde: مرو) – (Marguş, Merw) häzirki Mary şäheriniñ ady.

Mary welayaty barada[düzet | çeşmäni düzet]

Mary welaýaty 1970-nji ýylyň 15-nji dekabrynda [resmi görnüşde] döredildi. Mundan ozal, ilkinji gezek 1939-njy ýylyň 21-nji noýabrynda döredilip 1963=nji ýylyň 10-njy ýanwarynda ýatyryldy. Türkmenistanyň g.o-gündogarynda ýerleşýär. GDA döwletleriniň iň günorta nokady bolan Çilduhtar obasy bu welaýatda ýerleşýär. Demirgazyk-gündogarda we gündogarda Lebap, Günbatarda Ahal, günorta we güorta-gündogarda Owganystan bilen araçäkleşýär. Meýdany 87.1 müň km2 5 sany şäher, 15 sany şäherçesi bar 400 töweregi oba geňeşi bar.

Tebigaty[düzet | çeşmäni düzet]

ÇÖL ZONASYNDA MURGAP DERÝASYNYŇ BASSEÝNINDE ÝERLEŞÝÄR. Günortasy Paropamiz dag etegidir, territoriýasy günortadan demirgazyga 500 we gündogardan günbatara 470 km uzap gidýär. Merkezinde Murgap derýasynyň deltasynyň çökündileri ýerleşýär. Murgap deltasy Ýolöten tarapdan başlanyp ýelpewaç görnüşde demirgazyk-günbatara uzalyp gidýär. Murgap we Tejen derýalarynyp aralygynda ýerleşen Bathyz belentliginiň iň belent depesi 1267metre ýetýär.

Welaýatyň ýer gabygy tebigy gzas we nebitiň uly zapaslaryna baýdyr.

Klimaty[düzet | çeşmäni düzet]

Klimaty ahs kontinentaldyr. Tomsy yssy, gurak we dowamlydyr. Iýulyň ortaça temperaturasy 28-32 gradus aralygyndadyr. Kä ýyllar ýazyna we güýzüne ekinleri sowuk urýar. Tomsuna g.o-dan güýçli we tozanly, yssy ýeller öwüsýär. Muňa owgan ýelleri hem diýilýär.

Gyşy sowuk däl, gar seýrek ýagýar. Ýanwar ortaça temperaturasy 2,0 gradus. Ygal mukdary 115 millimetrden 270 mm-e çenli.

Gaz Känlari[düzet | çeşmäni düzet]

60-NJY ÝYLLARDA AÇYLAN GAZ KÄNLERI: Baýramaly(1961), Şaraply(1962), Maý(1964), Ýalan(1965). 70-NJI ÝYLLARDA: Şatlyk, ondan soňra Söwetabat, Şorköl, Mollakör, Ýelan, Keli, Üçajy, Seýrap, Garabil, Islim[1]

Etimologiasy[düzet | çeşmäni düzet]

Pars dilinde häzir hem şeýle ulanylýar.

Mary[düzet | çeşmäni düzet]

Türküstanyñ (Merkezi Aziýanyñ) iñ gadymy şäheri bolup häzirki Baýramaly şäheriniñ ýanynda ýerleşendir. “Mary”, “Merw” atlary tutuş daş töweregi gurşap alyp duran ýerler hem göteripdir. Merw şäheri biziñ eramyzdan öñki VII asyrda öñki Erk-gala şäherçesiniñ ýerinde döräpdir we gysga wagtyñ içinde tutuş wahanyñ (oazisiñ) paýtagty bolýar hem-de Ahmedinleriñ döwletiniñ bir bölegi bolýar. B.e. öñ 330-njy ýyldan 323-nji ýyllar aralygynda Aleksandr Makedonskiniñ soltanlygynyñ (imperiýasynyñ) düzümine girýär (Margiana Aleksandriýasy), b.e. öñ 323-nji ýyldan 250-nji ýyllar aralygynda Selewkidleriñ döwletiniñ (Atiohiýa Gäur-gala şäherçesi), b.e. öñ 250-nji ýyldan 209-njy ýyllar aralygynda bolsa Baktriýa patşalygynyñ düzümine girýär. B.e. öñ III asyryñ soñynda b.e. öñ 224 ‎‎‎‎‎‎‎ýyla çenli Part (Arşaklylar, Parfiýa) soltanlygynyñ düzüminde özbaşdak dolandyrmaga hukukly bolan aýratyn welaýat hökmünde berk orun tutýar. 224-651-nji ýyllar aralygynda Merw Eýran sasanidleriniñ ygtyýaryndady. 651-nji ýylda bolsa Arab halifatynyñ Türküstan (orta Aziýa) welaýatlarynyñ biridi. X asyrda ýazylan “Hudul-älem” atly kitabda ýazylyşyna görä, ol uly Horasanyñ iñ uly şäherleriniñ biri bolmyş, öñler Horasan emirleriniñ paýtagty bolup, soñlar Buhara paýtaht bellenipdir. “Hudul-älemiñ” näbelli ‎‎ýazyjysy “Merw safaly we nygmatly ýer, onuñ galasy bar, şony Tähmuris saldyrypdyr, şonda (sasanid) paşalarynyñ köp köşkleri bar we bütin Horasanda şondan gowy şäher ýok..., ol ýerde gowy pagta bitýär...” diýip ýazypdyr. Gadymy çeşmelerde Mary “Merw-e Şahjan”, “Merw-e Şah-jahan” atlary bilen gabat gelýär. Orta asyrda uly Horasanyñ meşhur şäherlerinden biri hasablanypdyr. Ilkinji gezek Mewi abadanlaşdyran Jemşidiñ kakasy Tähmuris (pişdady dinastiýasyndan) diýlip görkezilen taryhy çeşmeler hem bar. İñ uly ösüşe Merw Beýik türkmen-seljuklarynyñ soltanlygynyñ we Horezm şalarynyñ Döwletiniñ düzüminde bolan wagty (XI ortasynda XIII asyra çenli) ýetýär. 1221-1222 ýyllar mongollaryñ çozmagy netijesinde şäher düýbinden weýran (harab) edildi we talanyp, ýaşaýjylary öldürildi we sürgün edildi. Merw şäheri seljuklar döwründe Soltan Sanjaryñ paýtagty bolýar. Emma oguzlar Sanjary ýeñenlerinden soñ, üç gije-gündiz şäheri garat (talañ, harab) edýärler, şol sebäpli şäherde kän weýrançylyk emele gelýär. Bu şäher soñabaka ýene-de abadanlaşýar ýöne Çingiz hanyñ döwründe mongollar şäheri düýpden weýran edip, onuñ müñlerçe ilatyny gyrýarlar, göýä diñe dört adam diri galanmyş. Şeýlelikde, tä Şahruhyñ döwrüne çenli Merw şäheri weýran bolup galýar. Şonuñ döwründe (XIV asyr) Merwa ýene-de jemagat (köpçülik, halk) üýşüp başlaýar, şäher abadanlaşyp ugraýar. Merw şäheriniñ abadanlaşmagy, medeni merkeze öwrülmegi ugrunda Soltan Sanjaryñ (XI-XII) eden hyzmaty uludyr, şonuñ döwründe şäherde uly kitabhanalar, köşkler emele gelipdir, ol weýran bolan şäheriñ ýanynda täze şäher saldyrypdyr. Bu iki (köne we täze) şäher barada Nowaýy özüniñ pars dilinde ýazan bir şygrynda “Ỳaş Merwynyñ ýürek mülki yşk arkaly abadandyr. Köne Merwyny hem-de täze şäheri bina eden Sanjardyr” diýip ýazypdyr. Merwynyñ suwy geçmişde Murgapdan ybarat bolan Merwerut üpjün edilipdir, ol derýa Merwda gutarýan eken. • Giçki orta asyr döwründe (XIII-XVII asyrlar) Merw tutuş Murgab wahany (oazisi) ýaly çuññur kynçylyklary we çökmekligi başyndan geçirýär hem-de soñ hiç haçan dikeldilmeýär.

• Gadymy Merw şäheri umumy meýdany 1000 gektar bolup, ol deñitaýy bolmadyk gorag, köşk, din we medeni jaýlarynyñ toplymydyr. 1990-njy ýyldan başlap Merwiñ ýadygärlikleri “Gadymy Merw” medenitaryhy goraghanasynyñ düzümine goşulýar.

• 1990-njy ýylda Gadymy Merwiñ arheologiki ýadygärlikleri UNESCO nyñ (United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization) karary bilen Bütindünýä taryhy ähmiýetli hem-de Bütin adamzat üçin medeni-taryhy ähmiýetini saklamak maksady bilen dünýäniñ gyssagly gaýtadan dikeltmek we gorap saklamak işlerine mätäç bolan 100 sany ýadygärlikleriniñ hataryna goşulýar.

a) Erkgala

Erkgala göwrümi boýunça gadymy Merw şäheriniň ulgamyna girýän galalaryň iň kiçisi bolsa-da, ýaşy boýunça iň ulusy, belentligi boýunça hem iň beýigidir. Onuň tutýan meýdany bary-ýogy 20 gektara barabardyr. Häzirki wagtda ol gala däl-de, dagyň çykmasy kyn baýyrlaryna çalym edýär. Onuň saklanyp galan beýikligi ortaça 25-28 metre ýetýär. Geçirilen köp sanly arheologik barlaglar galanyň ahemenitler döwrüne degişli hökümdaryň köşgi bolandygyny äşgär etdi. Erkgalanyň içinde köşkden başga-da uly edara jaýy, skladlar, gorhana, nökerler üçin kazarmalar bolupdyr.


b) Gäwürgala

B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äpet galanyň gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň galanyň diwarlary 6 metre ýetýän galyňlykda bolup, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir.

Geçmişde “butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 400 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi, Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 230 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.


ç) Soltangala

Onuň bina edilen wagty seljuklar neberesiniň dolandyran wagtyna gabat gelýär. Ol seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda-XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy - Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr.

Gapdal diwarlary 1,7den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangala Gäwürgalanyň duldegşir günbatarynda ýerleşýär. Bu iki galanyň arasyndan bolsa gadymy döwürlwrden tä mongol goşunlary tarapyndan weýran edilýänçä uly ykdysady ähmiýetli kanal bolan al-Ruzeýk (al-Razik) ýaby akypdyr. Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. Iki metre çenli çürelip gidýän ýokarky gatlaklarynda bolsa 31×31×7 sm we 27×27×5 sm ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr.

Gäwürgala bilen deňeşdirilende Soltangalanyň diwarlary has gowy saklanypdyr.


d) Şähriýar gala

Şähriýar gala gadymy Mary şäher galalarynyň içinde iň kiçisidir. Bary-ýogy 20 gektara golaý meýdany tutýan bu galanyň diwarlarynyň salnyşynda belli bir forma eýerilmändir. Gala tutuşlygyn ýoýulan kwadrata çalym edýär. Ol esasan 27×27×6 sm ölçegdäki çig kerpiçlerden pagsa bilen aralaşdyrylyp salnypdyr. Häzirki wagtda gala diwarlarynyň saklanyp galan galyňlygy 2,8-3 metre, beýikligi hem 8-10 metre ýetýär.

Galanyň içiniň demirgazyk hem-de deirgazyk-günbatar böleklerinde kazarmalaryň, athanalaryň galyndylaryny, ortada we günorta-gündogarda hem edaradyr ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny görmek bolýar. Olardan ilkinji bolup göze ilýäni köşk jaýydyr. Köşgüň içinde bary-ýogy ýekeje süýnmek zal bolup, ol öz wagtynda seljuk soltanlarynyň diwany-kabulhanasy bolup hyzmat edipdir.


e) Isgender gala hem-de kiçi Soltan gala

Ýerli halkyň dilinde şeýle atlar bilen tanalýan bu galalaryň ilkinjisi Soltan galanyň demirgazygynda, ikinjisi hem onuň günortasynda ýerleşýär. Ýerleşiş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, taryhçy alymlar olara /zleriçe “Demirgazyk aýlaw” hem-de “Günorta aýlaw” diýip at beripdirler. Döwri boýunça aýlawlaryň ikisi-de Solatangaladan soň salnan bolmaly. Isgender galanyň 200 gektara golaý giň meýdany öz wagtynda Merw şäheriniň örän gür oturan ilatly ýeri bolupdyr. Eger-de kiçi Soltan galanyň gündogar bölegindäki Bureýda bilen Gifariniň guburlarynyň başujynda , Teýmirleň döwründe salnan goşa binany hasp etmeseň, bu galanyň içinde gadymýetiň ýerden saýlanyp duran ýekeje diwaryna-da gözüň düşmeýär.


i) Şaýym gala

Araplar döwrüne degişli ýadygärlikleriň biridir. Käbir alymlar ony Abu Muslimiň harby lageriniň galyndylary hasaplaýarlar. Şaýym gala Gäwürgalanyň 1,5 km. günorat-gündogarynda ýerleşýär. Onuň 1,28 kw.km. meýdany bolup, gala diwarlary pagsadan hem-de25×25, 5×5, 24-25×25 ölçegdäki çig kerpiçler, aram-aram hem 26,5 ×?×5 sm. ölçegde bolan kerpiçler ulanylyp salypdyr.

Uly Suratlar[düzet | çeşmäni düzet]

Gurbanguly hajy metjidi Ruhyýet Köşgü Mary muzeýi

Kiçi Suratlar[düzet | çeşmäni düzet]

Daşarky çykgytlar[düzet | çeşmäni düzet]

[1] Türkmenistanyň ylymlar akademiýasy Şaja Batyrow adyndaky taryh instituty Türkmenistan kiçi ensiklopediýasy.