Şähriýar gala

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Şähriýar gala gadymy Mary şäher galalarynyň içinde iň kiçisidir. Bary-ýogy 20 gektara golaý meýdany tutýan bu galanyň diwarlarynyň salnyşynda belli bir forma eýerilmändir. Gala tutuşlygyn ýoýulan kwadrata çalym edýär. Ol esasan 27×27×6 sm ölçegdäki çig kerpiçlerden pagsa bilen aralaşdyrylyp salnypdyr. Häzirki wagtda gala diwarlarynyň saklanyp galan galyňlygy 2,8-3 metre, beýikligi hem 8-10 metre ýetýär. Galanyň içiniň demirgazyk hem-de deirgazyk-günbatar böleklerinde kazarmalaryň, athanalaryň galyndylaryny, ortada we günorta-gündogarda hem edaradyr ýaşaýyş jaýlarynyň harabalaryny görmek bolýar. Olardan ilkinji bolup göze ilýäni köşk jaýydyr. Köşgüň içinde bary-ýogy ýekeje süýnmek zal bolup, ol öz wagtynda seljuk soltanlarynyň diwany-kabulhanasy bolup hyzmat edipdir.