Mazmuna geçiň

Köpetdag

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Aşgabat şäheriň ýanynda, Türkmenistan bilen Eýranyň araçäklerinde ýerleşýän we 650 km uzynlykda, serhet boýunça uzap gidýän bir dagdyr. Dagyň Türkmenistandaky iň belent nokady Şah-Şah gerşidir onuň beýikligi 2912 metrdir. Paýtagty Aşgabat şäheriniň demirgazyk-gündogar tarapynda 2,940 m, Eýran tarapda bolsa 3,191 m.Meýdany 28 000 km2. Uzynlygy 500 kilometrden hem artyk.Köpetdag fiziki-geografik aýratynlygy boýunça 3 bölege bölünýär KöpetdagTürkmen–Horasan dag ulgamyna girýär. Onuň uzynlygy 500 km-den hem artyk bolup, meýdany 28 000 km2. 4.Köpetdag fiziki-geografik aýratynlyklary boýunça näçe bölege bölünýar ?

Köpetdag fiziki-geografik aýratynlyklary boýunça 3  bölege  bölünýär:

1. Gündogar, 2. Merkezi, 3. Günbatar Köpetdaga bölýärler. Gündogar Köpetdag- gündogarda pes dagly Bathyz belentligi bilen sepleşýär. Gündogar Köpetdag ýokary mel, paleogen we neogen döwürlerinde emele gelen mergel, toýun, çäge daşly jynslardan ybaratdyr. Bu jynslar tozamaklyk hadysasyna durumsyz we tiz owranýan jynslar bolany üçin, bu ýerde baýyrly ýer üstüniň gurluşy (relýef) emele gelipdir. Gündogar Köpetdagyň iň beýik nokady Arslan gerşidir.

Merkezi  Köpetdag -Köpetdag  ulgamynyň  iň  belent  bölegidir.  Onuň beýik depesi Şah-Şah (2912 m) bolup, ol Howdan gerşinde ýerleşýär. Geologik gurluşy boýunça Merkezi Köpetdag tutuşlaýyn diýen ýaly mel döwrüniň jynslaryndan ybaratdyr. Hek daşlary owranma (tozama) hadysalaryna dözümlidir. Şol sebäpli bu ýerde dik jarly uçut gaýalar, dar we çuň jülgeler emele gelipdir. Ýer üstüniň gurluşynyň bu görnüşleri tektoniki hereketiň we suwuň ýuwujylyk işi netijesinde döräpdirler.

Günbatar Köpetdag- Arçmandan Däne-ata obasyna çenli uzalýar. Ol Köpetdagyň iň giň ýaýran bölegidir. Bu ýerde dagyň ini 100–150 km-e ýetýär. Geologik gurluşy boýunça onuň gündogar bölegi mel döwrüniň mergel we hek daşlaryndan düzülendir. Şol sebäpli bu ýerde köp sanly gerişler – Sünt, Hasardag, Gözdepe, Gözlüdag, Arpaekilen, Monjukly ýerleşýär. Olaryň iň belendi Üçguýy (1918 m) dagydyr. Käbir ýyllarda Üçguýuda gar, hatda tomus aýlarynda-da eremän saklanýar.Köpetdagyň esasy gerişleriniň arasyndaky jülgeleriň köpüsi düme we suwarymly ekerançylyk üçin peýdalanylýar. Dagyň kese jülgelerinde Arçabil we Gökdere ýaly gök öwsüp oturan ýerleri bar. Kömek gerek bolsa Imo id-99361372133


           Ahal düzlüginden Köpetdagyň görnüşi