Etrek derýasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Etrek – Günbatar Türkmenistanyň (Etrek, Esenguly etraby) we Eýranyň çäklerinden akýan, joşanda Hazara guýýan derýa. Ol gözbaşyny Türkmen-Horasan daglarynyň 3060 metr belentliklerinden alýar. Derýanyň uzynlygy 669 kilometr, Türkmenistanyň çäginde 204 kilometr. Geçmişde Etregiň suwy bol eken, şonuň üçin orta asyrlarda derýanyň ýakalaryndaky düzlüklerde dürli ekinler ekilipdir. Mukaddes Ruhnamada-da bu sebitde (Dehistanda) çekilen gadymy suwaryş desgalary: noburlar, nowhanalar, ene ýaplar, uly ýaplar ýatlanylýar.