Dehistan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Dehistan [Dehista:n] - Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýan sebit; Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Madaw obasynyň 22 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şähristanlyk; geçmişde gadymy welaýat we onuň adybir merkezi. Bu ýer Dehistan diýilmeginiň sebäbi ol ýerde Dah taýpalarynyň ýaşanlygyndandyr.

Gadymy Dehistan[düzet | çeşmäni düzet]

Bu köne şähristanlyk iki at bilen - Maşat-Misserian ýa-da Dehistan diýlip tanalýar. Dehistan diňe bir-iki ýüz gektar meýdany tutýan orta asyrlaryň paýtagt şäheri bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalaryň toplumyny özünde birleşdirýän gür ilatly tutuş welaýatdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän Günorta-Gündogar bölegi häzirki döwrüň geografiki kartalarynda Misserian düzlügi diýlip atlandyrylýar. Gadym zamanlarda Girkaniya ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly uly oazis hem bolupdyr. Ol Demirgazyk Eýranyň Gürgen jülgesini özüne birleşdirýän giň medeni ulgamyň bir bölegi hasaplanypdyr. XX asyrda bu düzlük adamlar tarapyndan özleşdirilmändir, ýagny birmahallar ilatyň tuluşlygyna göçüp gideli bäri adam aýagyny sekmedik çölüstanlygyň topragy deslapky durkuny saklap galypdyr. Şeýlelikde, binagärlik sungatynyň, çylşyrymly suwaryş ulgamynyň, birmahalky özleşdirilen ekinzarlyklarynyň we bossanlyklarynyň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň düzi biziň günlerimize şol mes topragynyň bereketi bilen gelip ýetipdir.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Bu etraplarda suwarymly ekerançylyk işleri köp asyrlaryň dowamynda yzygiderli alnyp barlypdyr: arheologlar oba hojalyk işleriniň gözbaşyny bürünç asyryndan (biziň eýýamymyzdan ozalky II asyr) alyp gaýdýanlygyny we uzak wagtlyk — XVI asyra çenli dowam edenligini kesgitlediler. Biziň eýýamymyzdan ozalky I asyrda bu ady agzalýan oazis Uly Horezmiň tabynlygyna degişli ekeni. Soňra beýik Aleksandryň we onuň mirasdüşerleri Selewkidleriň döwründe grekleriň basyp alyşlaryny başdan geçirýär, parfiýalylaryň golastyndaka bolsa güýçli depginde gülläp ösýär. Gündogara agalyk etmek ugrunda Rim imperiýasy bilen elmydama bäsleşip gelen, öz döwründe çäksiz kuwwatly hasaplanan Parfiýa patyşalygynyň hökümdarlary Arşakidler - dahlaryň, ýagny sak-massaget taýpalaryndan gaýdýan gadymy milletiň nebereleridir. Ähtimal, bu ülkäniň ady hem şol dah sözünden gelip çykan bolsa gerek. Dogry, alymlar «Dehistan» sözüniň gelip çykyşyny başgaça hem düşündirýärler. Olaryň pikirine görä, gadymy şäheriň ady «deh» diýen pars sözi bilen baglanyşyklydyr. «Deh» sözi parsça oba, il diýmegi aňladýar, gönümel manysy bolsa «obalaryň ýurdy» diýmekdir. Sasanylaryň hökümdarlygy wagtynda bu künjeklere türkler aralaşyp ugraýar we eýran dünýäsinden Aleksandryň diwary diýlip atlandyrylan beýik seňňer arkaly bölünip aýrylýar. Bu seňňere başgaça Gyzylalaň hem diýýärler, ol baryp-ha parfiýalylaryň dolandyran zamanlarynda gurulýar. Gyzylalaň Gürgen derýasynyň akabasy boýunça 170 kilometre çenli uzap gidýär we Hazar deňziniň kenaryny Köpetdag bilen birleşdirýär. Beýik hytaý diwaryna kybapdaşlykda bu diwar birnäçe asyrlap Pars döwletiniň demirgazyk künjeklerini daşky hüjümlerden goramak wezipesini ýerine ýetirýär we bu töwereklere kese ýerlileriň göçüp gelmegini gözegçilikde saklamagy üpjün edýär. Araplaryň basyp alyşlary başlananda Dehistanyň ilatу olara gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezýär. Paýtagt şäheriň daşynyň gabawy esli wagt dowam edensoň, ilat ahyrynda ýeňijileriň golastyna düşýär. Araplaryň goşuny bu şäheri harby goranyş bekedine öwürýär, oňa täze er- Rabat ady dakylýar. Tutuş Gürgen welaýaty arap diliniň gepleýiş kadasyna laýyklykda Jürjan diýlip atlandyrylýar. XI asyrda we XII asyryň birinji ýarymynda Dehistan Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine girýär hem-de gülläp ösýän welaýatlaryň birine öwrülýär. Şol döwürlerde bu ýerde bişirilen kerpiçden ilkinji beýik ymaratlar salnyp başlanýar. Bu berk gurlan binalaryň harabaçylygy şu güne çenli saklanyp galypdyr. Şeýle hem senetgärligiň, ussaçylygyň dürli-dürli ugurlary giňden ýaýraýar. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan ýüzüne her-hili nagyşlar çekilen toýundan ýasalan gap-gaçlar muny gönüden-göni tassyklaýar. Seljuklaryň imperiýasy dargansoň, Dehistan Horezm soltanlygynyň bir welaýatyna öwrülýär. Gürgenç (häzirki Köneürgenç) şäheri Horezmiň şol wagtky paýtagty ekeni. Bu döwür Dehistanyň taryhynda şäher binagärligi babatda iň öňe gidişligiň gazanylan, meşhur ýadygärlikleriň gurlan wagtydyr. Mongollaryň çozuşyndan soňra ozalky kerwen ýollarynyň gatnawy kesilýär we bu gözel ülke kem- kemden gurpdan gaçyp çökýär. Bereketli topragy bol suw bilen üpjün edýän Etrek derýasynyň gatlasynyň weýran bolmagynyň netijesinde Dehistanyň düzlüginde ekerançylyk işleri başbitin ýatyp galýar.

Gadymy şäheriň ýadygärlikleri[düzet | çeşmäni düzet]

Misserianyň gadymy harabalyklary häzirki güne çenli dolulygyna saklanyp galan gorag diwary iki gatly galadan, köp sanly garawul diňlerinden we çuň garymdan ybaratdyr. Bu desgalaryň galyndylarynyň ählisi şäheriň berk harby-inženerçilik ulgamlarynyň esasynda gurlandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy şähristanyň içki meýdanynda 18-20 metr belentlige ýetýän dört sany minara (şäheriň esasy böleginiň daşyna aýlanan diwar bilen goralýar) daşdan hem seleňläp görünýär. Olaryň ikisi şol bir wagtda, XIII asyryň başynda gurlan juma namazy okalýan metjidiň gönüburçly sütüni bolup hem hyzmat edýär. Olaryň arasyny birleşdiriji arka XX asyrda ýykylyp weýran bolupdyr. Ýöne bu ýerlere syýahat eden ilkinji fotoapparatly jahankeşde onuň suratyny alyp ýetişipdir. Bu taryhy suraty düşüren rus harby inženeri Boris Kastalskidir. Beýleki iki minaranyň bolsa sütünleri togalak bolup, olaryň deslapky beýikliginiň diňe ýarpysy ýykylman galypdyr. Minaralaryň demirgazyk tarapda ýerleşýäni gurlan senesi boýunça iň gadymysydyr. Sütüniň ýüzünde sudury bozulmadyk ýazgylara görä, ony uly metjit bilen bilelikde 1004-1005-nji ýyllarda ussa Aly ben Ziýýad gurupdyr. Metjidiň jaýy soňra ýer bilen ýegsan edilipdir. Bu binalar Abu Jafar Ahmet atly adamyň buýrmagy esasynda dikeldilipdir. Ikinji minara birinjiden 200 ýyldan soň 120 metr çemesi günortada, ýokarda ýatlanyp geçilen metjidiň burçunda peýda bolupdyr. Ol howly şekilli, sütünli galereýalardan ybaratdyr. Onuň esasy binasy üsti aýlaw görnüşinde ýapylan inedördül jaýdyr, ýöne häzir onuň diňe iki sany gönüburçly sütüni galypdyr. Bu sütünler binýadyndan başlap tä depesine çenli bişen kerpiçden örülipdir we owadan çykgytlar, diş-diş kertikler bilen nagyşlanypdyr, mawy reňkde syrçalanypdyr. Onuň bezeg işleri, esasan, ösümlikleriň şekilleriniň has çeperleşdirilen mysalynda ýerine ýetirilipdir. Arap hatynyň süýnmek nusgasynda Horezm şasy Muhammet II-niň we binagär-ussalaryň atlary nagyşlanyp ýazylypdyr. Misserianda ýene-de pesinden dört metjit gurlupdyr diýlip çaklanylýar: olaryň ikisi şähristanyň içinde, galan ikisi bolsa senetgärleriň ýaşaýan ýanaşyk obasynda - rabatda ýerleşipdir. Demirgazyk rabatda gurlan juma namazy okalýan uly metjidiň kaşaň görnüşi diňe fotosuratyň üsti bilen bize gelip ýetipdir. Ol XX asyrda ýykylýar we haraba öwrülýär. Diňe alymlaryň irginsiz geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde beýleki minaralaryň binýadynyň sudurynyň üsti açylýar. Metjitleriň üçünjisiniň tapylmagyna bolsa, XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda bu ýerde barlag işlerini alyp baran rus alymlarynyň maglumatlary we fotosuratlary sebäp bolýar. Tutuşlygyna alanyňda, binagärligiň taryhyny öwreniji, akademik Galina Pugaçenkowanyň çaklamasyna görä, Dehislanyň binagärlik stiline sütünli-gümmezli kompozisiýa, bezege we boýag-reňklere az üns berilmegi mahsusdyr. Bu sebitde binalaryň kaşaňlygy hem-de owadanlygy, esasan, olaryň deňölçegli we köp nusgaly meýilnamalaşdyrylyşynyň esasynda gazanylypdyr. Gymmatly harytlardan ýüki ýetik kerwenler gündogardan-günbatara gidenlerinde-de, yzyna gaýdanlarynda-da Dehistanyň üstünden geçipdirler. Bu gatnawlar ençeme asyrlap dowam edipdir, şonuň üçin hem bu ýerde kerwensaraýlaryň köp gurulmagy düýbünden geň däldir. Aslynda, Dehistanyň oba-şäherleriniň döremegine we ösmegine sebäp bolan esasy şertleriň biri - Hazar deňzi bilen Köpetdagyň arasyndaky giňişlikden kerwen ýollarynyň geçmegidir. XI asyryň ahyrlarynda tutuş Horasana we onuň goňşy welaýatlaryna mahsus arhitektura binalarynyň myhmanhanalaryň ornuny tutýan jaýlaryň görnüşinde salynmagy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu gönüburçly ýa-da inedördül, ýöne hökmany suratda deňölçegli, gyradeň desgalaryň meýilnamalaşdyryş gerimi: içki howlyny, myhmanlar üçin özbaşdak ýatak jaýlaryny, ammarlary, dalbarlary, eýwanlary we kerwene goşulýan mallar üçin ot-iým saklanýan bassyrmalary, telärleri göz öňünde tutupdyr. Dehistanyň gündogar rabadynda şeýle görnüşdäki iki sany uly kerwensaraýyň galyndysynyň üsti açyldy.

Maşat gonamçylygy[düzet | çeşmäni düzet]

Gadymy şähristanyň ýedi kilometr golaýyndaky köne öwlüýäniň çäginde orta asyr aramgähleriniň birnäçesi we Maşat atanyň zyýarathana öwrülen kiçeňräk metjidi özüniň başky durkuny saklap galypdyr. Ýerli ilatyň zyýarata gelýän metjidi dörtgyraň bina bolup, onuň üçegi gümmez şekilinde galdyrylandyr. Bu metjit ilkibada çig kerpiçden salnypdyr. XII asyrda, soňra hem orta asyrlaryň ahyrlarynda (ähtimal XVII- XIX asyrlarda) halys lagşansoň, pagsadan galdyrylan metjidiň durky tutuşlygyna täzelenipdir. Onuň dörtgyraň jaýynyň daşyna bir gat bişen kerpiç örtülipdir we onuň üstünde täze gümmez galdyrylypdyr. Gaýta-gaýtadan abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hem-de goşmaça jaýlaryň gurulmagy metjidiň başky keşbini düýbünden üýtgedipdir, ýöne onuň içindäki IX - X asyrlara degişli aýry-aýry ownuk gurnawlar, özboluşly oýulyp haşamlanan mährap we şuňa meňzeş mukaddes saýylýan zatlar ilkinji nusgasynda galdyrylypdyr. Mährap bir-biriniň içine salnan üç gatly, ösümlikleriň şeklinde nagyşlanan we hatdadyň arap elipbiýinde owadanlap ýazan çarçuwasyndan ybaratdyr. Ýaňy-ýakynda Medeni mirasy goramak boýunça halkara maksatnamasynyň çäklerinde türkmen hünärmenleri metjidiň mährabynyň, onuň içki otagynyň durkuny täzelemek işine girişdiler. Şol bir wagtda hem metjidiň esasy girelgesiniň öňündäki gumaksy depede gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Bu gözlegleriň netijesinde metjidiň golaýynda dikeldilen IX asyra degişli minaranyň binýadynyň saklanyp galan bölegi tapyldy. Şeýle hem bu ýerde bir metr çemesi çuňlukda hojalyk howlusynyň ýykylmadyk diwary tapyldy. Deňölçegli sünnälenip meýilnamalaşdyrylan howlynyň ortasynda ajaýyp serhowuz gurlupdyr. Howlynyň gapdalynda ýerli dini jemagaty düzýän sufiý alymlarynyň mejlishana jaýy - hanaka ýerleşipdir. XI-XII asyrlarda Dehistanda sopuçylyk taglymatynyň muşdaklarynyň uly topary ýaşapdyr. Olaryň gündelik durmuşda ulanan serişdeleri arheologiki tapyndylaryň uly kolleksiýasyny düzýär. Bu tapyndylar agyr degirmen daşlaryndan başlap, tä bürünç çyralara, toýundan ýasalan gap-gaçlara we hoşboý ysly atyrlaryň aýnadan ýasalan çüýşelerine çenli uly sanawdan ybaratdyr. Maşat gonamçylygynda saklanyp galan dört sany atsyz aramgäh (1947-nji ýylda olar ýedi sany ekeni) bişen kerpiçden XI - XII asyrlarda salnypdyr. Olaryň ählisiniň üstünde gönüburçly ýa-da tegelek görnüşdäki gümmezler bar. Bu aramgähler şeýle nusgadaky desgalar üçin seýrek duş gelýiin uly göwrümleri boýunça beýlekilerden düýpli tapawutlanýarlar. Olarda bezeg maksatly tegelek ýa-da gapyrga şekilli diňjagazlar ulanylypdyr. Daşky diwarynyň käbir ýerlerinde alebaster suwagynyň yzlary häli-häzirem galypdyr.