Balkan welaýaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Balkan Welaýaty
—  Welaýat  —
Balkan welaýaty administratiw ýeri
Balkan welaýaty administratiw ýeri
Balkan welaýaty administratiw ýeri
Balkan Welaýaty is located in Turkmenistan
Balkan Welaýaty
Balkan Welaýaty
Location in Turkmenistan
Coordinates: 40°00′00″ dg. g. 55°00′00″ gd. u. / 40.00000° dg. g. 55.00000° gd. u. / 40.00000; 55.00000 (G) (O)
Baýdak we ýurt  Turkmenistan
Welaýat Balkan
Merkezi şäher Balkanabat
Resmi welaýat diýlip yglan edilen senesi 18.05.1992
Düzüm bölekleri
Government
 - Häkim Taňrugyly Atahallyýew
Time zone GÝW (UTC+5)
Website https://balkan.gov.tm/

Balkan - häzirki döwürde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň biriniň ady.

Balkan welaýatynyň ilkinji häkimi---Rejepmämmet Puhanow.

Balkan welaýatynda tirelerden iñ köp Ýomutlar ýaşaýar. Türkmenistanyñ iñ az ilatly welaýaty Balkan welaýatydyr. Munuñ sebäbi Ýomutlaryñ 90% Eýranda (Türkmensähra, Gülistan, Gürgen, Horasan) ýaşaýandygy sebäplidir.

Umumy Maglumat[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň meýdany 138,5 müň inedördül kilometre barabar bolup, ýurdumyzyň umumy meýdanynyň ýüzden 28,4 bölegini tutýar.
Ol günbatarda Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, ýer üsti bilen demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, günortada Eýran bilen, gündogarda Ahal welaýaty, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty bilen araçäkleşýär.
Türkmen halkynyň iňňän gadymy watany bolupdyr. Uly we Kiçi Balkan daglary bu sebitlerde ýerleşýär. Olara umumy Balkan Daglary ady geçipdir.

Balkan welaýatynyň häkimlikleri
F.A.A Işe başlan senesi Işden giden senesi
1 Puhanow Rejepmämmet 26.06.1992 02.07.1997
2 Babaýew Serdar 02.07.1997 30.06.1999
3 Durdyýew Habibulla Abdullaýewiç 30.06.1999 11.09.2000
4 Arazow Rejepbaý Orazowiç 14.09.2000 07.07.2001
5 Artykow Rustam 09.07.2001 10.09.2002
6 Berdiýew Poran 10.09.2002 15.11.2002
7 Kurbyşow Kakageldi 15.11.2002 15.10.2003
8 Tagiýew Täçberdi 15.10.2003 03.03.2006
9 Gurbyýew Meretguly 03.03.2006 25.10.2006
10 Nyýazlyýew Orazmyrat 25.10.2006 09.07.2010
11 Satlykow Satlyk 09.07.2010 11.01.2013
12 Hojamämmet Bäşimmyrat Atamyradowiç 11.01.2013 09.07.2015
13 Durdyýew Durdy 09.07.2015 13.01.2017
14 Satlykow Satlyk 13.01.2017
15 Durdy Durdyýew
16 Ata Hallyýew

Taryh[düzet | çeşmäni düzet]

Balkan welaýaty öz taryhyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar ýöne gynanasakda ol wagtlardan biziň günlerimize köp maglumatlar gelip ýetmändir. Biz Balkan welaýatynyň taryhyna Oguz hanyň döwründen alyp gaýdýas.

Häzirki Balkan welaýatynyň topraklarynda bu günki günlere çenli köp hanlyklar, soltanlyklar, şalar, ýurtlar, uruglar we ş.m. öz hanlyk-soltanlyklaryny sürüp ýaşap geçendirler. Olardan esasylary:

  • Oguz han (Mete han)
  • Alp Arslan (doly ady: Muhammet bin Dawud Çagry)
  • Seljuk Hanlygy
  • Jelaleddin Meňburun (dogulan ýeri Ogurjaly adasy)

Oguz han türkmeniň kynyk taýpasyndan bolan Gara hanyň oglydyr. Rowaýatlara görä Oguz han eneden bolanda 3 günläp öz ejesinden ene süýdini emmändir, çünki ejesi gaýry dinli bolansoň we başga maglumatlara görä Oguzhanyň ejesi Yslam dinini kabul edip öz balasyny gizlinlikde emdiripdir ýagny Yslam dinini kabul edenini bildirmän. Oguz adyny bolsa, ýene-de rowaýatlara görä Oguz han 1 ýaşyny dolduranda il ýaşululary ol oglanjyga näme at goýmaly dip geňeş edenlerinde, Oguz hanyň özi dillenip: "Oguz, Oguz han bolar menden geljekde uly hanlyklar, soltanlyklar iň güýçli ýurtlar dünýä hökümdarlary bolar" dip çaga öz adyny özü aýdypdyr.

Käbir türkologlaryň aýtmagyna görä Oguz hanyň 2 aýaly bolupdyr we bu günki Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe döwletleri Oguz hanyň 1-nji aýalyndan bolandygyny belleýäler.

*türkolog- bu türki halklarynyň taryhyny öwrenýän ylymdyr, ol taryhy öwrenýän taryhçylarada türkologlar diýilýär.

Mete han-aslynda käbir alymlaryň aýtmagyna görä Oguz han dip başga bir käbir alymlaryň aýtmagyna görä bolsa Oguz han däl Mete han başga bir şahs adam dip belleýäler. Bu bir jedelli taryhy mesele. Mete han taryhda öz adyny 49 sany goşun adam sany bilen beýik hytaý imperatoryny bir gijede basyş edip, alyp ol imperatoryň kellesini kesmegi bilen we hytaýlylary gorkuzyp beýik hytaý diwaryny gurdurmagy bilen öz adyny tanadandyr.

Alp Arslan - Seljukly döwletiniň 2-nji soltany Çagry begiň oglydyr. Ol taryha şeýle girýär: Merw-den başlap (1040-njy ýyl Daňdanakan söweşinden başlap) häzirki Owganystanyň, Eýran Yslam respublikasynyň, Yragyň, Azerbaýjan döwletiniň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Kawkazyň günorta we günbatar, Russiýa federasiýasynyň Soçi şäherine çenli ähli territoriýany basyp alyp Seljukly döwletiniň baýdagy dikip dolandyran türkmendir(Türkmenistan hem öz içine girýär). Ikinji ýörişinde 1071-nji ýylda bolsa häzirki Türkiýe döwletiniň Malazgirt şäherini duşmanlardan azat edip, territoriýasyny giňeldip türklere sowgat eden adamdyr. Emma ömri gysga bolup 1072-nji ýylda aradan çykýar we onuň ýerine ogly Mälik şa geçýär. Mälik şanyň atasy Çagry begiň buýrugy we islegi boýunça hazirki Türkiýe döwletiniň Antalýa şäherine çenli basyp alyp atasynyň soňky deminde ýatyrka oňa atasyna bir gysym topragyny getirip bermekdi, Mälik şa atasynyň isleginem ýerine ýetirdi.

Jelaleddin Meňburun - taryhda Çingiz hany öldüren türkmen dip tanalýar. Dogulan ýeri ýagny kakasynyň Çingiz handan öz goşunynyň pes bolanlygy üçin gaçyp häzirki Balkan welýatynyň Ogurjaly adasynda aýaly Aýçiçek hatynyň dogurmagy esasynda Jelaleddin Meňburun dünýä gelýär.

Balkan welaýatynda häzirki wagtda taryhy ýer Dehistandyr.

Ykdysadyýet we Senagat[düzet | çeşmäni düzet]

Balkan welaýaty ykdysadyýeti we senagaty bilen beýleki welaýatlardan has öňde ilkinjileriň hataryndadyr. Sebäbi welaýatyň topragynyň asty hem üsti hem baýlyklara bürenendir, Hazar deňzinde esasy nebit we gaz gorlarynyň gazylyp alynmagy. Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolsa, çig maly täzeden işlenip dünýä derejesinde we dünýä bazarlaryna eksport edilip satuwa çykarylmagydyr.

Mundan başgada Balkan welaýatynda ýerli kiçi,orta we uly telekeçileriň, hususy kärhanalaryň, açyk we ýapyk paýdarlar jemgyýetileriniň, jemagat hojalyklarynyň, daşary ýurdyň iň öňde baryjy kampaniýalarynyň, holdingleriniň bereketli. halal, mukaddes Balkan topraklarynda işläp daşary ýurtlara öz önümlerini,hyzmatlaryny eksport we import etmegi bilen düşündirilýär.

Oba hojalyk[düzet | çeşmäni düzet]

Oba hojalykda Balkan welaýaty örän pes derejededir sebäbi topragynyň himiki elementleriň mekany bolanlygy bilen we şor topraklary bilen düşündirilýär.

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň narlary, Bereket we Serdar etrabynyň gawundyr garpyzlary welaýatyň içinde has meşhurdyr.

Transport ugurlar, ulag gatnawlary[düzet | çeşmäni düzet]

Balkan welaýaty taryhda hem şugünde hem iň köp gelim-gidimli ýerleriň biri bolupdyr. Sebäbi welaýatymyz Gojaman Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýänligi üçin.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynda 4 görnüşde içerki we halkara-ulag gatnawlary amala aşyrylýar. Olar:

Deňiz gatnawlary
  1. Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy
  2. Türkmenbaşy-Astrahan-Türkmenbaşy
  3. Türkmenbaşy-Hazar-Türkmenbaşy
  4. Türkmenbaşy-Esenguly-Türkmenbaşy
  5. Türkmenbaşy-Gyzylsuw-Türkmenbaşy
  6. Türkmenbaşy-Garabogaz-Türkmenbaşy
  7. Türkmenbaşy-Aktau-Türkmenbaşy
Howa Gatnawlary-Balkan welaýatynda 3 sany aeroport bar

Häzirki wagtda halkara howa gatnawlary diňeje ýük gatnawlary bilen amala aşyrylýar (2020)

Içerki gatnawlar:

  1. Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat
  2. Aşgabat-Balkanabat-Aşgabat
  3. Daşoguz-Balkanabat-Daşoguz
  4. Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat
Gara ýol gatnawlary

Halkara Gara ýollar bilen Balkan welaýaty demirgazygynda Gazagystana we günortasynda Eýran yslam respublikasyna gatnawlar amala aşyrylýar.

Içerki Gara ýollar bilen bolsa Türkmenbaşy-Balkanabat-Bereket-Serdar-Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar amala aşyrylýar.

Demir ýol gatnawlary

Halkara demir ýol gatnawlary Balkan welaýtynyň Bereket etrabynyň üsti bilen tranzit arkaly Gazagystandan Eýran Yslam respublikasyna ýük gatnawlary amala aşyrylýar.

Içerki demir ýol gatnawy Türkmenbaşy-Balkanabat-Bereket-Serdar-Aşgabat ugurlary boýunça gatnawalar amala aşyrylýar.

Geografiýa[düzet | çeşmäni düzet]

Balkan welaýaty geografiýasy boýunça ähli geografik ýerleriň mekanydyr. Welaýatymyzda 3 dag, 1 deňiz, 2 derýa, 1 goraghana we 1 çäkli goraghana, 2 wulkan, 1 çöl, 2 aýlag, 2 ýarymada we 2 ada bardyr. Olar:

Daglar:
  1. Uly Balkan - Iň uly gerşi ARLAN
  2. Kiçi Balkan
  3. Sünt Hasardag
Ýeketäk Hazar deňzi
Derýalar:
  1. Etrek
  2. Sumbar
Sünt-Hasardag goraghanasy we Ogurjaly çäkli goraghana
Ýurdumyzda ýeketäk ýerleşýän wulkan hem Balkan welaýatynda ol palçykly wulkandyr ýagny patlawuk diýlip atlnadyrylýar.
Garagum çöli
Aýlaglar:
  1. Garabogazköl-aýlagy
  2. Türkmenbaşy aýlagy
Adalar we ýarym adalar:
  1. Ogurjaly ada
  2. Gyzylsuw ada
  1. Türkmenbaşy ýarymada
  2. Hazar ýarymada

Sport Durmuş Bilim[düzet | çeşmäni düzet]

Balkan welaýatynyň futbol komandalary:
  • Nebitçi FT
  • Şagadam FT
  • Gara Altyn FT (hazirki wagtda bu topar ýok)
  • Balkan Telekom FT
Balkan welaýatyndan çykan halkara ýeňijiler:
  • Perhat Geltjanow-Erkin göreş söweş sungaty boýunça halkara ýeňiji we tälimçi/Balkanabat şäheri
  • Sapar Gylyjow-Erkin göreş söweş sungaty boýunça halkara ýeňiji we tälimçi/Balkanabat şäheri
  • Batyr Borjakow-2019-njy ýylda Ispanýada geçirilen Gran pri Erkin göreş söweş sungaty boýunça dünýäde 1nji orun eýeläp ýaşyl tugumyzy asmana galdyran halkara ýeňiji we tälimçi/Balkanabat şäheri.
  • Abdylla Taýhanow-2020-nji ýylda MMA -da 1-nji ýeri 25 sekuntda nakaut edip dünýäde rekord goýan ýaş ýigidimiz, 1-aýda 3-4 gezek 1-nji orny eýelän.

Belli we tanymal şahslar (Häzirki Balkan welaýatynyň topraklarynda eneden bolan şahslar)[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Oguz han-D/g Balkan welaýaty (doglan ýyly anyk däl 500-600 ýada 500-700)
  2. Alp Arslan (doly ady: Muhammed bin Dawud Çagry)-Balkan bilen Ahal welýatynyň çäginde-(20.01.1029-24.11.1072)
  3. Jelaleddin Meňburun - Hazar deňziniň içinde bir adada eneden bolan-(1199-15.08.1231)
  4. Garajaoglan(doly ady: Hasan, il içinde Uzyn Hasan ady bilen tanalan)-ýaşan ýyllary we doglan ýerleri (şäherleri) doly anyk däl (1606-1669/70) Etrek etraby ýada Bereket etraby/Gazanjyk
  5. Döwletmämmet Azady-Esenguly/Etrek/Garrygala-
  6. Magtymguly Pyragy-Esenguly/Etrek/Garrygala-1733-1783
  7. Gurbandurdy Zelili-G/o Balkan welaýaty-1779-1836
  8. Pyhy Taganow-Bakanabat şäheri-
  9. Rejepmämmet Puhanow-Akguýy obasy/Balkan welaýaty-1951-2006--Ilkinji Balkan welýatynyň häkimi
  10. Rejepguly Kerimow-Balkanabat şäheri-????-????-Balkan welaýatynyň köp bagşylarynyň halypasy
  11. Hojadurdy Ýegendurdyýew (Hojaýew)-Etrek etraby Balkan welaýaty-
  12. Mylly Meredow-Balkanabat şäheri-1955
  13. Hojageldi Akmämmedow-Gamşylja Balkan welaýaty-1970
  14. Ada Taňrygulyýew-Balkanabat şäheri-1980
  15. Döwran Meredeow-Gumdag şäheri-19??-2020
  16. Laçyn Mämmedowa-Balkanabat şäheri-1980
  17. Meýlis Mahmydow-Serdar etraby-1989
  18. Myrat Mollaýew (Myrat Molla)-Balkanabat şäheri-14.08.1989
  19. Ýagşy Goşunow-Balkanabat şäheri-1990
  20. Täşli Tulegenow-Balkanabat şäheri-1995
  21. Baýma Sarybekow-Türkmenbaşy şäheri-1994
  22. TOÝMYRAT ÇANNYÝEW GUMDAG ŞÄHERI-1994

Balkan welaýatynyň administratiw territoriýa düzümi[düzet | çeşmäni düzet]

Şäherler we şäherçeler[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Balkanabat
  2. Bereket
  3. Türkmenbaşy
  4. Gyzylarbat
  5. Etrek
  6. Magtymguly
  7. Esenguly

Etraplar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. Bereket etraby
  2. Esenguly etraby
  3. Etrek etraby
  4. Magtymguly etraby
  5. Gyzylarbat etraby
  6. Türkmenbaşy etraby

Seret[düzet | çeşmäni düzet]

Flag of Turkmenistan Türkmenistanyň welaýatlary Flag of Turkmenistan
1-Ahal welaýaty (Änew) | 2- Balkan welaýaty (Balkanabat) | 3- Daşoguz welaýaty (Daşoguz) | 4- Lebap welaýaty (Türkmenabat)
5- Mary welaýaty (Mary)