Daşoguz welaýaty
Daşoguz
Daşoguz
Karta görkez/gizle
|
K:Wikipediýa:Makalada Wiki-ammara göni çykgyt
Daşoguz welaýaty Türkmenistanda administratiw bölek.
Umumy Maglumat[üýtget | edit source]
Bu welaýat türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşip, demirgazyk-günbatarda, demirgazykda we demirgazyk-gündogarda Özbegistanyň düzümine girýän (awtonom) Garagalpagystan respublikasy we Horezm welaýaty bilen, günortada Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen, günorta-gündogarda Lebap welaýaty bilen, günorta-günbatarda bolsa Balkan welaýaty bilen araçäkleşýär. Meýdany 73.4 müň km2. Ilaty: 893.7 müň adam.(1994 maglumaty)
Tebigaty[üýtget | edit source]
Demirgazygyny Horezm pesligi, Günortasyny Üňüz aňyrsy Garagum tutýar. welaýaty, gündogardan günbatardan Amyderýanyň gadymy hanalary bolan Döwdan we Derýalyk kesip geçýär. Bu hanalaryň ugrunda Orungum, Öwezaly, Urpakgum, Ataçagan, Sekizatly, Bäşoý, Garaporsaň, Lawak, Eşegarbat ýaly çägelikler, Garadaşly, Gökçäge ýaly birnäçe uly bolmadyk köller ýerleşýär.
Pesligiň demirgazygynda palezoý we mezozoý döwürleriniň jynslaryndan düzülen uly bolmadyk Gubadag, Misginata, Ýylangyr belentlikleri ýer tutýar.
GUbadagda mermer we granit, käbir ýerlerde oňat hilli kerpiç we keramiki önümleri taýýarlamakda ulanylýan toýun, Düzgyrda nahar duzynyň çykýan ýerleri bar.
Beýleki welaýatlara garanda has demirgazykda ýerleşensoň Daşoguzda gyş sowugrakdyr. Ýanwar aýy ortaça temperaturasy -4 we-7 gradusdyr. Käwagtlar -36 derejä ýetýän we geçýän aýazlar hem bolýar. Tomus yssy hemde gurak bolýar, Iýul aýy ortaça temperaturasy 27-29 gradus, käwagtlar +43-44 gradus hem bolýär. BU welaýatyň territoriýasy Türkmenistanda ygalyň iň az ýagýan ýeridir, bir ýylda ýagýan ygal mukdary 100 millimetre ýetmeýär. 86-98 millimetr bolýar. welaýatyň klimaty bu ýerde Şaly, orta süýümli Gowaça we beýleki oba önümlerini ýetişdirmäge amatlydyr. Welaýatyň esasy suw çeşmesi amyderýadyr.
ILATY[üýtget | edit source]
welaýatyň esasy ilaty türkmenler bolup ol ilatyň 60%a golaýyyny tutýar(1995 maglumaty), özbekler, gazaklar we ruslar hem ýaşaýar. Ilat gürligi ortaça: 1 km2-de 12.2 adam bolup, ol hemme ýerde birmeňzeş däldir. Ilatyň agramly bölegi oazis bşleginde ýerleşýär. GUbadag, Boldumsaz etraplarynda 1 km2 110-115 adam bolsada Üňz aňyrsyndaky Garagumda bu görkeziji 0,1 adamdyr. Merkeziň welaýaty Daşoguz şäherinde bu görkeziji 139,3 adama barabardyr.(1995 maglumatlary)
Häkim[üýtget | edit source]
No | At | Başlan wagty | Çykan wagty | Sebäp |
1 | Sapargeldi Motaýew | 26.06.1992 | 02.08.1996 | Işde goýberen kemçilikleri |
2 | Ýagmyr Öwezow | 02.08.1996 | 1997 | |
3 | Ýazgeldi Gündogdyýew | 23.07.1997 | 11.09.2000 | işde goýberen kemçilikleri |
4 | Habibylla Durdyýew | 11.09.2000 | 15.11.2002 | işde goýberen kemçilikleri |
5 | Işanguly Gulmyradow | 15.11.2002 | 01.12.2004 | işde goýberen kemçilikleri |
6 | Kakamyrat Annagylyjow | 01.12.2004 | 25.01.2006 | işde goýberen kemçilikleri |
7 | Aganyýaz Akyýew | 25.01.2006 | 27.11.2006 | işde goýberen kemçilikleri |
8 | Saparmyrat Aşyrow | 27.11.2006 | 10.07.2009 | işde goýberen kemçilikleri |
9 | Mämmetnyýaz Nurmämmedow | 10.07.2009 | 08.07.2011 | başga işe geçmegi |
10 | Esenmyrat Orazgeldiýew | 08.07.2011 | 09.07.2015 | başga işe geçmegi [3] |
11 | Orazmyrat Gurbannazarow | 09.07.2015 | 12.05.2017 | başga işe geçmegi [4] |
12 | Mämmet Baýramgulyýew | 12.05.2017 | Dowam edýär [5] |
Düzümi[üýtget | edit source]
Şäherler[üýtget | edit source]
Etraplar[üýtget | edit source]
- Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrap
- Görogly etraby
- Gurbansoltan Eje ad. etrap
- Gubadag etraby
- Boldumsaz etraby
- Akdepe etraby
- Köneürgenç etraby
- Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap
- Ruhybelent etraby
![]() |
Türkmenistanyň welaýatlary | ![]() |
---|---|---|
1-Ahal welaýaty (Änew) | 2- Balkan welaýaty (Balkanabat) | 3- Daşoguz welaýaty (Daşoguz) | 4- Lebap welaýaty (Türkmenabat) 5- Mary welaýaty (Mary) |
|
Çeşmeler[üýtget | edit source]
- ↑ www.turkmenistan.gov.tm!-Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi
- ↑ Изменения географических названий Туркменистана
- ↑ Türkmenistanyň Prezidenti jogapkärli wezipelerde birnäçe üýtgeşmeleri geçirdi
- ↑ Orazmyrat Gurbannazarov was appointed as acting Vice Premier coordinating financial and economic sector
- ↑ Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi