Mazmuna geçiň

Daşoguz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Daşoguz
Daşoguz şäheri
Ýurt
Türkmenistan
Koordinatlar
Düýbi tutuldy
Öňki ady
Daşhowuz
Meýdan
160,6 km²
Resmi dil
türkmen dili
Ilat
201 142 adam adam (2022)
Ýaşaýjy ady
daşoguzly
Sagat guşaklygy
Telefon kody
+993 (322)
Poçta indeksleri
746300
Awtoulag kody
DZ
Resmi saýt
Karta
Karta
Daşoguz

Daşoguz (öňki: Daşhowuz, iňlis: Dashoguz, rus: Дашогуз öňki rus: Дашховуз, Ташауз). Türkmenistanyň demirgazyk bölegindäki Daşoguz welaýatynyň merkezi şäheriniň adydyr. Demirgazyk ykdysady etrabyň iň uly senagat, ulag, medeniýet we durmuş, administratiw merkezidir. Ilat sany - 227 184 adam. (2009)

Ýerleşişi

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda, Şabat kanalynyň iki ýakasynda ýerleşýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada daşlygy - 546 km, Garagalpagystanyň paýtagty Nöküse çenli 76,6 km, Özbegistanyň Horezm welaýatynyň merkezi şäheri Ürgenje bolsa 80 km daşlykda. Şäherde demir ýol wokzaly we aeroport ýerleşýär. Aeroport şäherden 10 km daşlykda.

Adynyň gelip çykyşy

[düzet | çeşmäni düzet]

Şäheriň resmi adynyň gelip çykyşy "Gorkut ata" eposynda ady geçen Daş Oguzlardan gelýänligi bellenilýär. Irki döwür Oguz taýpalary Iç Oguz we Daş Oguzlar diýilýän iki şahamça bölünýärdiler.