Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap
Saparmyrat Türkmenbaşy etraby welaýatyň çet demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýär. Etrap pagtaçylyk, däneçilik, şalyçylyk, gökbakja ekerançylygy, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmek, dowardarçylyk, düýedarçylyk, ýüpekçilik boýunça ýöriteleşdirilýän iri hojalyklaryň biridir. Onuň çäginde 1 şäherçe, 27 geňeşlik, 109 sany oba bar.
Etrap merkezi S.Türkmenbaşy şäherçesi Daşoguz şäherinden 140 km töweregi uzaklykda bolup, şäherçede gurluşyk, durmuş hyzmaty kärhanalary, bilim we saglygy saklaýyş edaralary işleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda A.Kakabaýew obasynda agyz suwy zawody guruldy, şeýle hem «Şirwan» pagta arassalaýjy zawody işleýär. 2001-nji ýylda Köneürgenç şäherinden etraba demir ýoly çekildi. Etrabyň ähli obalary awtomobil ýollary arkaly birleşýärler.Etrabyñ çaginde taryhy yadygärlikleriñ galalaryñ birnaçesi bar olara durli ýurtlardan we başga welaýatlardan syýahatçylar gelýärler
|