Musulmanlar
Jump to navigation
Jump to search
Musulmanlar — Allanyň barlygyna we birligine, Onuň pygamberlerine, perişdelerine, kitaplaryna, ahyrýet gününe, heläkçilige we ykbala ýüregi bilen ynanan adamdyr. [1].
- Musulmanlar Alla ybadat ederler. [1]
- Olar namazlaryny dogry okarlar, namazlarynyň arasyny bölmezler. Ybadatlarynda arkaýynlyk görkezmezler.
- Musulmanlar zekatlaryny (Sadakalaryny) bererler, özüne berilen rysgalyň mätäçleriňkidigini bilýärler we şoňa görä hereket edýärler. Hem bolçulykda hem-de ýoksullykda Alla üçin harç ederler.
- Gowulygy buýurar, ýamanlygy gadagan ederler.[1]
- Allanyň haram diýeniniň janyna kast etmezler.[1]
- Özüne erk ederler, zyna etmezler.
- Amanadyň we sözüň arkasynda durarlar.[1]
- Gyşarnyksyz şaýatlyk ederler.
- Olar boş we peýdasyz zatlardan ýüz öwrerler.
- Öte geçmezler. Sabyr ederler, ýöne ýere gozgalaň turuzmazlar.
- Gahar-gazaplaryny ýuwdarlar we adamlary bagyşlarlar.
- Isrip etmekden we gysgançlykdan uzakda durarlar, ikisiniň arasyndaky orta ýoly taparlar.
- Özlerine Allanyň aýatlary ýatlaryna inderilende kör we ker ýaly hereket etmezler, ýürekleri titrär.
- Muhammet Pygamberiň hadyslarynda hem ýygy-ýygydan musulmançylyk barada durlup geçilýär, göreldeli musulmanyň aýrtaynlyklary barada aýdylýar. Muhammet Pygamber musulmanlar barada: “Musulman elinden we dilinden musulmanlaryň arkaýyn bolan adamsydyr” diyyär.[1]