Änew
Şäher
Karta
|
Änew şäheri 1973-nji ýylda döredildi, ilaty 14,2 müň adam. Şäher Akbugdaý etrabynyň dolandyryş merkezi. Änewde geologik-gözleg ekspedisiýasynyň kontorasy, kerpiç zawody, çakyr zawody, ekerançylyk we toprak institutlary, durmuş medeni edaralar, demir ýol stanisiýasy, gurluşyk guramalary ýerleşendir. 2008-nji ýylda oňa etrapdaky şäher derejesi berildi. Änew ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşmek bilen, welaýatyň uly ykdysady we durmuş-medeni merkezine öwrülýär. Şäherde 110-a golaý senagat, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk kärhanalary we edaralary bar. Şäherde welaýatyň we Ak bugdaý etrabynyň dolandyryş edaralary ýerleşyär. Änewde senagat kärhanalaryndan çakyr zawody, un-degirmen toplumy, kerpiç zawody, söwda we durmuş-medeni maksatly edaralar bar. Änewde Ak bugdaý muzeýi, onuň golaýynda bolsa uly arheologik toplumy bolan Änew galasy ýerleşýär. Änew 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.
Ýadygärlikler
[düzet | çeşmäni düzet]- All articles with failed verification
- Articles with failed verification
- Dil şablonlary
- Wikipediýa:Wikimaglumatdan öňden kesgitlenen bahaly makalalar
- Ilatly nokatlar, elipbiýe görä
- Ilatly nokatlar, poçta indekssiz
- Türkmenistandaky şäherler
- Ahal welaýaty
- All stub articles
- Pages using the Kartographer extension

