Türkmen dili
Türkmen dili Türkmen dili, تورکمن ﺗﻴﻠی | ||
---|---|---|
Gürlenilýär: | Türkmenistan, Eýran, Owganystan, Türkiýe | |
Jemi gürleýän sany: | 9 million | |
Dil maşgalasy: | Altaý dilleri | |
Ýazylyş düzgüni: | Latyn elipbiý (Türkmen elipbiýi) | |
Resmi ýagdaýy | ||
Resmi dil: | Türkmenistan | |
Sazlaýjy: | Resmi sazlaýjy ýok | |
Dil kod | ||
ISO 639-1: | tk | |
ISO 639-2: | tuk | |
ISO 639-3: | tuk | |
Bellik: IPA fonetik simwollary Unicode görnüşinde bu sahypada bolmagy mümkin. |
Türkmen dili: Türkmenistanyň resmi dilidir. Türkmen dili - türki dilleriň oguz dilleri toparyna degişlidir. Türkmenistanyň halkynyň esasy ulanýan dili bolup, şeýle hem Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda bölekleýin ulanylýar.
Taryhy[üýtget | edit source]
Türkmeniň häzirki ulanylýan edebi diliniň döreýşi köp kişi tarapyndan Magtymgulynyň şygryýeti bilen baglanyşdyrylýar. Magtymguly ilkinjileriň hatarynda halkyň ulanýan dilini öz çylşyrymly dini-pelsepi-sosial temalarda ýazylan şygyrlaryna sygdyrmagy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde gündelik türkmen durmuşynyň meselelerine hem örän ýiti çemeleşmegiň hötdesinden gelendigi üçin türkmenleriň we beýleki Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda aýratyn hormatdan peýdalanýar.
Käbir goýberilýän ýalňyşlyklar[üýtget | edit source]
"meň" däl "meniň", "şumat" däl "şu wagt", "wagyt" däl "wagt", "bagyt" däl "bagt", "howwa" däl "hawa"," şoň ýaly" däl "şolar ýaly", " nämäñ" däl "nämäniñ".