Mazmuna geçiň

Türkmen elipbiýi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Türkmen elipbiýi, Türkmen dilini ýazmak üçin peýdalanylýan Latyn, Kiril we Arap grafikasyndaky elipbiýleri aňladýar. Türkmenler Yslam dinini gabul eden wagty ilki bilen Arap elipbiýinde ýazyp başladylar. Ýöne 1930ly ýyllarda Sowet hökümedi tarabyndan, Türkmen halkynyň Yslam dini bilen bagyny goparmak we Türkmenler dini ylym almasynlar diýip elipbiýleri ilki Latyn elipbiýine, ondan soň Kiril elipbiýine üýtgedildi. Türkmenistan garaşsyzlygyny eline alandan soň, Saparmyrat Türkmenbaşy tarabyndan Türkmen diliniň üstünden Rus diliniň täsirini azaltmak üçin 1993 ýylynda latyn elipbiýine geçildi we ol döwürden bäri Türkmenistanda durmuşyň ähli pudaklarynda ulanylmaga başlandy. Ýöne Eýran we Owganystandaky Türkmenler şo döwürde hem Türkmen dilini ýazmak üçin Arap elipbiýinden peýdalanýarlar. Türkmen elipbiýinde 30 sany harp bar.

Bular:

A B Ç D E Ä F G H I J Ž K L M N Ň O Ö P R S Ş T U Ü W Y Ý Z
a b ç d e ä f g h i j ž k l m n ň o ö p r s ş t u ü w y ý z
latyn kiril IPA latyn 1993 latyn 1992-1993 latyn 1927-1940 arap
A a А а [a] A a A a A a آ، ع
B b Б б [b] B b B b B в ب
Ç ç Ч ч [ʧ] Ç ç C c C c چ
D d Д д [d] D d D d D d د
E e Е е [e] E e E e E e ا
Ä ä Ә ә [æ] Ä ä Ea ea Ә ә أ
F f Ф ф [ɸ] F f F f F f ف
G g Г г [g] G g G g G g گ
G g Г г [ʁ] G g G g Ƣ ƣ غ
H h Х х [h] H h H h H h ه، ح
H h Х х [χ] H h H h X x خ
I i И и [i] I i I i I i ای
J j Җ җ [ʤ] J j J j Ç ç ج
Ž ž Ж ж [ʒ] £ ſ Jh jh Ƶ ƶ ژ
K k К к [k] K k K k K k ک
K k К к [q] K k K k Q q ق
L l Л л [l] L l L l L l ل
M m М м [m] M m M m M m م
N n Н н [n] N n N n N n ن
Ň ň Ң ң [ŋ] Ñ ñ Ng ng Ŋ ŋ نگ
O o О о [o] O o O o O o او
Ö ö Ө ө [ø] Ö ö Q q Ө ө او
P p П п [p] P p P p P p پ
R r Р р [r] R r R r R r ر
S s С с [θ] S s S s S s ث، س، ص
Ş ş Ш ш [ʃ] $ ¢ Sh sh Ş ş ش
T t Т т [t] T t T t T t ت، ط
U u У у [u] U u U u U u او
Ü ü Ү ү [y] Ü ü V v Y y او
W w В в [β] W w W w V v و
Y y Ы ы [ɯ] Y y X x Ь ь ای
Ý ý Й й [j] Ұ ÿ Y y J j ی
Z z З з [ð] Z z Z z Z z ذ، ز، ض، ظ

Çekimli we çekimsizler

[düzet | çeşmäni düzet]

a, e, ä, y, i, o, ö, u, ü harplary çekimli sesleri, beýleki harplar bolsa çekimsiz sesleri aňlatmak üçin ulanylýar.

Ulanylan çeşmeler

[düzet | çeşmäni düzet]