Aşgabat welotrek desgasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Aşgabat Welodrom Sport Toplumy sahypasyndan gönükdirildi)
Jump to navigation Jump to search

Aşgabat welotrek desgasy , Aşgabat şäherinde türk Polimeks gurlyşyk firmasy tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin welodromdyr. Olimpiýa şäherjiginiň welotrek desgasy 6000 tomaşacy üçin niýetlenilendir.Tagta tregiň ölçegleri 250m x 7.1m bolup, ol Olimpiýa oýunlaryny, Dünýä çempionatlaryny we UCI Elit dünýä çempionatlaryny geçirmeklik üçin Halkara welosipedçiler bileleşigi (UCI) tarapyndan talap edilýän 1-nji kategoriýa laýyklykda gurlandyr.

Tregiň daş-töweregini gurşap alýan tomaşaçy orunlary süýnmek şekil emele getirýär. Tomaşaçy orunlarynyň yerleşişi tomaşaçylaryň ýokary hilli tomaşa etmegine mümkinçilik berýär. Desgada ýokary hilli hyzmat hödürlemeklik üçin ähli otaglar, şol sanda fitnes otaglary, ofisler, kafeteriýalar, egin-eşik çalşyrylýan otaglar we tehniki meýdançalar göz öňünde tutulan.

Links[düzet | çeşmäni düzet]