Mazmuna geçiň

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti
GörnüşDöwlet uniwersiteti
Gurulan ýyly1930
Ozalky ady(atlary)oba hojalyk instituty(1998-nji ýyla çenli)
Fakultetler6
kafedra16
salgy744012, 143, (Görogly) köçesi 2009, Aşgabat ş ,  Turkmenistan

Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk Uniwersiteti ýa-da diňeje Oba Hojalyk uniweristeti Türkmenistanda iň uly ýokary okuw jaýlarynyň biri. Uniwersitet ekerançylyk ugruna ýöriteleşdirilen. Uniwersitet Türkmenistanyň birinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýär.

1930-njy ýylda Aşgabat şäherinde Oba Hojalyk instituty ady bilen açylýar.

1998-nji ýyla çenli institutyň ady Mihail Kalinin diýlip atlandyrylýar. 1998-nji ýylda uniwersitet statusy berilýär we ady şu wagtky adyna üýtgedilýär.

2012-nji ýylda CLAAS ady bilen türgenleşik okuw merkezi açylýar.[1]

Fakultetler we kafedralar

[düzet | çeşmäni düzet]

Uniwersitetiň 6 fakulteti we 16 kafedrasy bar. Uniwersitetdäki alymlaryň käbir ýerine ýetirýän işleri:

  • pagtanyň we dänäniň ýokary hasylyny almak üçin gowaçany we bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň täze tilsimaty;
  • tohumçylyk; ýüpekçilik; mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak we olaryň keselleriniň garşysyna göreşmek;
  • suwy dolandyryş desgalarynyň, Garagum derýasynyň, "Altyn asyr" Türkmen kölüniň gurluşyny hem-de ulanylyşyny kämilleşdirmek;
  • suwy tygşytly ulanmagyň ähmiýetli usullaryny önümçilige ornaşdyrmak;
  • oba hojalyk tehnikalaryny ygtybarly ulanmak we olary aýawly saklamak;
  • maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek.[2]
Tertip Nr Fakultetler Kafedralar
1.Oba hojalyk tehnikalary fakultetiÝokary derejeli tehnikalar kafedrasy

Tehnologiki enjamlary abatlamak kafedrasy

2Mirapçylyk we suw gurluşygy fakultetiMirapçylyk kafedrasy

Suw desgalarynyň gurluşygy kafedrasy
Ýer serişdeleri kafedrasy

3Pagtaçylyk fakultetiPagtaçylyk kafedrasy

Tutçylyk we pileçilik kafedrasy

4Däneçilik fakultetiDäneçilik kafedrasy

Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy

5Maldarçylyk fakultetiMallary köpeltmek we idetmek kafedrasy

Mallaryň keselini anyklamak we bejermek kafedrasy

6Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiOba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasy

Tebigy süýmleri egirmek kafedrasy
Mata önümçiligi we tikinçilik kafedrasy

7Rektorlygyň ýanyndaBeýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasy kafedrasyÇeşme gerek

Kompýuter tehnologiýasy kafedrasy

  1. ↑ "Открылся учебный центр компании «CLAAS»". Altyn Asyr. Archived from the original on 4 March 2016. Retrieved 21 November 2012. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)
  2. ↑ "S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti". Ylymlar akademiýasy. Archived from the original on 2017-07-31. Retrieved 2018-05-18. {{cite web}}: Unknown parameter |dead-url= ignored (|url-status= suggested) (help)