Ärtogrul Gazy metjidi
Appearance
Ärtogrul Gazy metjidi Aşgabat şäherinde ýerleşýän metjitdir.
| Metjit | |
|---|---|
| Ady | Ärtogrul Gazy Metjidi |
| Ýerleşýän ýeri | Aşgabat.ş, Ahal.wel, Türkmenistan |
| Koordinata | 37°55'58.6"N 58°23'56.5"E |
| Gurluşyk dowamlylygy | 1993-1998 ýyllar aralygy |
| Adam sygymy | 5000 orunlyk |
| Umumy uzynlygy | 80 m |
| Uzynlygy | 40 m |
| Ini | 40 m |
| Meýdany | 3200 ㎡ |
| Gülmez sany | 1 (kiçi gümmezler bile 25) |
| Minare sany | 4 |
| Arhitekturasy | Osman arhitekturasy |
| Material | mramor |
Ärtogrul Gazy Metjidi - Aşgabat şäheriniň iň uly metjitleriniň biri bolup, türk arhitekturasynda gurlan. Onda 4 minara(diň) bar. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ilkinji salnan metjitleriň biri. Oňa türk soltany Ärtogrulyň ady dakylan. Bu metjidiň esasy aýratynlygy dogry Käbä bakmagydyr.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Metjit gurmak hakynda 1992-nji ýylda Türk primer-ministri Süleýman Demirel tarapyndan pikir öňe sürüldi. 1993-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda düýbi(fundament) tutuldy(guýuldy). Bu metjit Türkiýada ýerleşýän " 1616 ýylda salnan meşhur Gök Metjide meňzeşdir.
Şeýlede
[düzet | çeşmäni düzet]- Gurbanguly-Hajy Metjidi
- Daşoguz Metjidi
- Hezreti Omar Metjidi
- Abu Bakr Metjidi
- Türkmenabat Täze Metjidi
- Serdar Metjidi