Ärtogrul Gazy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
TM-2001-500manat-Ärtogrul Gazy-b.png

أرطغرل

Özünden öň: Süleýman şa

Özünden soň: Osman I

Doguldy: 1194/1198 Horasan (häzirki Günorta Türkmenistan) Merw

Öldi: 1291 Anadoly. Bursa, Bilejik.

Kakasy: Süleýman şa ýa‐da Gündiz Alp

Ejesi: Haýme hatyn

Aýaly: Halima hatyn

Çagalary: Sawçy beg, Osman I, Gündiz beg

Ärtogrul 1198-nji ýylda Horasanyň Merw şäherinde (Mary) dünýä indi. Onuň kakasy Süleýman şa ejesi bolsa Haýme hatyn bolupdyr. Onuň Gündogdy we Sungurtekin atly uly doganlary bolupdyr. Ärtogrulyň aýaly Türkmen neberesinden bolan Halima hatyndyr. Ärtogrul gazynyň 3 sany ogly bolupdyr: Sawçy beg, Osman beg I, Gündiz beg. Ärtogrul Gazy XIII asyryň Ortalarynda Oguzlaryň Gaýa (Kaýy) taýpasynyň baştutany bolup, Osman-Türkmenleriň begligini döreden Osman begiň kakasydyr. Çeşmeler Ärtogrul gazynyň asyl gelip çykyşy hakynda dürliçe şejereleri düzüpdirler. Ýazyjyogly Alynyň «Seljuklaryň taryhy(Tewarihi Ali Seljuk)» eserinde [1] ol şeýle beýan edilýär: Gök alp 1.Ärtogrul 2. Dündar (Tündar) Ärtogrylyň bir ogly Osman. Enweriniň «Enweriniň Desturnamasy (Düstürnameýi Enweri)» atly eserinde bolsa şeýledir[2]: Gazan一Mir Süleýman alp一Mälikşa一1Gündiz alp 2. Gök alp. Gündiz alpdan bir ogul ady一 Ärtogrul beg一Osman. Şükrullanyň Behjetut-tewarih atly eserinde bolsa[2]: Oguz一Gökalp一Gyzyl Buga一Gaýa alp一 Süleýmanşa一Ärtogrul一Osman. Hasan bin Mahmydyň el-Baýatynin Jami Jem Aýn atly eserinde bolsa şeýle [3] Gaýa Alp一Süleýman şa一Ärtogrul一1.Sawçy beg一2.Osman一3.Gündiz beg. Ruhy taryhynda beýan edilmegine görä Ärtogrul gazy we kakasynyň baştutanlygyndaky 340 adamlyk Türkmen taýpasy, Seljuklylar bilen birlikde Türküstany terk edip Anadola gelip Engurinyň (Ankara) ýakynyndaky Garajadag eteklerinde birnäçe öýli bolup ornaşýarlar[4]. 1222-1230-njy ýyllar aralygynda, Iznik hökümdary Ýannis Watatzes III bilen Anadolydaky Seljukly soltany Alaýeddin Keýkubad arasynda Soltan Öýügi we Enguri töwereklerinde bolan söweşlerinden habardar bolan Ärtogrul gazy goşuna hyzmat etmek üçin söweşlere goşuldy. Şol uruşlarda Garajahysary gabady. Ony çäksiz hormat bilen garşylan Alaýetdin Keýkubat I, Ärtogrul gazyny goşunbaşy edip belledi[5]. 1230-njy ýylda Horezmşalar bilen Ýassy Çemen söweşi we Mongollar bilen Kösedag söweşleriniň netijesinde Alaýetdin Keýkubat I bilen Ýannis Watatzes III aralarynda şertnama baglaşyldy[6]. Soňra Alaýetdin Keýkubat Ärtogrul gaza we atasyna Söwüdi gyşlak üçin Domaniçi bolsa ýaýlak etmekleri üçin berdi. Ärtogrul gazy bu ýerlerde ýörüş hereketlerini dowam edýärkä Alaýetdin Keýkubadyň dünýeden ötmeginiň yz ýany Garajahysar elden giderilýär. Ärtogrul Seljuk soltany Aladdiniň ölümine çenli alty ýyllap serhet ýakalarynda uly üstünlikler gazandy. Soltan Aladdiniň ölüminden soňra tagt we täç bäsleşigine goşulman Söwüt we töweregindäki beglikleri birleşdirmegini dowam etdirdi. Ol 1281-nji ýa-da 1283-nji ýylda 92 ýa-da 96 ýaşynda Gaya (Kaýy) obasynda dünýeden ötdi. Ony şol ýerde jaýladylar.

Maglumat[düzet | çeşmäni düzet]

Ärtogrul Gazy Türkmen Ärtogrul Gazy ýa-da Ärtogrul Beg. Türkmenleriñ gaýy tiresiniñ begi. XIII asyryñ ortalarynda oguz türkmenleriñ gaýy boýuna beglik eden we Osmanly Begliginiñ düýbüni tutujy Osman Begiñ kakasy. Osmanly imperiýasynyñ binýadyny tutan şahsyýet. Taryhy çeşmelerde Ärtogrul Gazy hakynda aýdylýanlar biri-birinden tapawutlanýar. Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ Wizantiýa imperiýasynyñ çäklerindäki emirliklerindäki türki ilatyñ sany 1243-nji ýylda mongollar bilen bolan Kösedag söweşinden soñra artyp başlaýar. Bu göçler netijesinde Wizantiýa imperiýasynyñ çäklerinde ikinji halka uç beglikleri gurulyp başlabdy. XIII asyryñ ikinji ýarymynda bu beglikleriñ iñ kuwwatlysy Kutahýa sebitinde höküm süren Germiýan ogullary Begligi 1300-nji ýyllara çenli Günbatar Anadola ýörişler geçirip, üçünji halka uç beglikleriniñ gurulmagyny üpjün etdi. Soltan Oyugy (häzirki Eskişehir) sebitinde Sögütde ýerleşen türkmen boýunyñ başynda Ärtogrul Gazy bardy. Ärtogrul Gazynyñ bu ýere haçan we nähili gelendigi barada anyk maglumatlar ýok hem-de dürli ylmy çaklamalar bar. Taryhy çeşmeleriñ aýtmagyna görä, Ärtogrul Gazynyñ ýa-da atalarynyñ ýolbaşçylygyndaky 340 atly türkmen seljuklar bilen birlikde Türkistany terk edip, Anadola gelipdir we Engury (häzirki Ankara) sebitindäki Garajadagyñ eteklerine ýerleşipdir. 1222-30-njy ýyllarda Iznik imperatory Ýannis Watatses bilen Anadoly Seljukly Soltany Aleddin Keýkubat I dagylaryñ arasynda Soltan Oýugy we Engury sebitinde bolup geçen göreşlerden habarly bolan Ärtogrul Gazy seljukly goşunyna gulluk etmek üçin söweşlere gatnaşýar we Garajahisary gabawa almak üçin möhüm goşandyny goşýar. Muny hoşallyk bilen garşylan Soltan Alaeddin Keýkubat Ärtogrul Gazyny göçegçileriñ başy edip belleýär. 1230-njy ýylda Ýassyçemende Jelalleddin Meñburna garşy we mongollara garşy Kösedag söweşleri sebäpli Seljukly Soltany we Ýannis Watatses III bilen özara ýaraşyk baglaşyldy. Az wagtyñ içinde Aleddin Keýkubat Ärtogrul Gaza Sögüti gyşlag, Domaniçi bolsa ýazlag ýeri edip berdi. Ärtogrul Gazy göç akynlaryna bu ýerden dowam edýärka, Soltan Alaeddin Keýkubadyñ aýrylmagy bilen Garajahisar ýene elden gidýär. Bu sebäpli, Ärtogrul Gazy ýerli tekfurlar bilen özara ylalaşyk ýoluny saýlap alýar. Aşykpaşazada bu ýokarda aýdylanlary gysgaldyp, bolup geçenleri Osman Begiñ döwründe bolup geçen diýip hasap edýär. Başga bir rowaýata görä, Sürmeli Çukur (Araz derýasynyñ jülgesi) ýa-da Engury sebitindäki Garajadagyñ eteklerine ýerleşen Ärtogrul Gazy we tiresi bu ýerde birnäçe wagtlap galýar we Iznik imperatory Ýannis Watatsese III garşy söweşmek üçin Alaeddin Keýkubadyñ I goşunyñ hataryna goşulýar. Emma mongol hüjümleri sebäpli, Aleddin Keýkubat paýtagty Konýa dolanýar we Ärtogrul Gaza Sögüti gyşlag, Domaniçi ýazlag edip berýär. Ogly Osman Gazy 1299-njy ýylda merkezi Sögüt bolan Osmanly Begligini gurýar. Sögütde aradan çykan Ärtogrul Gazynyñ ogly Osman Gazy tarapyndan gurdurylan kümmedi bardyr. 2014-nji ýyldan bäri Türkiýäniñ TRT-1 döwlet teleýaýlymynda her çarşenbe güni berilýän "Direliş: Ärtogrul" atly serialda Ärtogrul Gazynyñ roluny Engin Altan Düzýatan janlandyrýar. Ärtogrul Gazy barada ýazylan eserler:

1). Melek Akçiçek "Ärtogrul Gazy" (roman)

2). Şaban Çybyr "Dünýani ýagtyldan nur: Ärtogrul Gazy" (roman). 3).Mehmet Fatih Oruç "Ärtogrulyñ ojagynda oýandyk"

4). Çingiz Zengin "Ärtogrul Gazy; Gurulyş"

5). Ahmet Şimşirgil "Ärtogrulyñ ojagy"

6). Tarkan Suçikar "Osmanlynyñ kökleri; Ärtogrul Gazy" 7). Mustafa Akgün "Taryhyñ aýnasy; Ärtogrul Gazy"

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

[1-2-3-4-5-6] Ýynaljyk, Halyl, 2007; sf. 487-488-489-490-479.