Osman I

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Osman I
Osmanly imperiýasynyň soltany
I Osman.jpg
Hökümdarlygy1299–1326 (27 ýyl)
Tagta çykmagy1299
Doly adyOsman Gazy
Dünýä inmegi1258, Söwüt
Aradan çykmagy1326, Söwüt (68 ýaşynda)
Özünden öňkiÄrtogrul
MirasdüşeriOrhan I
Hökümdarlyk neberesiOsmanly neberesi
KakasyÄrtogrul Gazy

Osman I ýa-da Osman Gazy (1258, Söwüt, Türkiýe – fewral 1326, Söwüt) Osmanly imperiýasynyň gurujysy bolupdyr. Kakasy Ärtogrul Gazy, we ejesi:Halima hatyn Atasy Süleýman şa, Enesi:Haýme hatyn.

Garaşsyzlygyny gazanmagy[üýtget | edit source]

1299-njy ýylda Anadoly Seljukly türkmen döwletiniň uç begi bolmaklykdan çykyp Söwüt we Domaniçde Osmanly begligini gurdy. Soň hem garaşsyzlygyny yglan etdi. Meşhur taryhçy Halyl Ynaljyga görä Osmanly döwleti garaşsyzlygyny 1302-nji ýylda Goýunhisaz söweşinden soň gazanypdyr. Mongol çozuşlaryndan gaçan Musulmanlaryň begligine sygynmagy bilen syýasy we harby güýçleri artdy. Synyp barýan Gündogar Rim imperiýasyndaky topraklary Türkmenler barha gysyp barýardylar. Türkmenler Gündogar Rim imperiýasyna degişli Iznik we Bursa şäherlerini gabadylar[2].

Ýaşlyk ýyllary[üýtget | edit source]

Osman beg (käbir çeşmelerde Orhun beg) 1258-nji ýylda Söwütde doguldy[3] Çagalyk ýyllaryna degişli takyk maglumatlar ýok. Osman Begiň ömür beýany hakynda maglumatlar örän azdyr. Özi hakyndaky maglumatlar hem öleninden soň 100 ýyl geçen soň ýazylypdyr. Bu eserler arasynda gadymylygyny saklap gelýän Ahmedi (ö. 1414). Dastan we Tewarihi Mülük-Aly Osman. Şükrulla (ö. 1481). Tewarihi Aly Osman atly eserler hakykata ýakyn çeşmerdir. Döwrüne degişli çeşmeler 1422-nji ýyllardan soň ýazylypdyr[4]. Käbir taryhçylara görä [3] kakasy Ärtogrul Gazy (käbir çeşmelerde Ärdogdy beg) Günbatar Anadolyda Söwüt obasy bilen Domaniç ýaýlasynda ýaşaýan Oguz Türkmenleriniň Bozok toparynyň Gaýy taýpasyna baştutanlyk edipdir. Osman Gazy onuň kiçi ogly eken. Taryhçy Ibni Kemal (ö. 1534) Tewarihi Aly Osman atly eserinde Ärtogrul beg Anadola (Ruma) geleninde iki oglunyň bolandygyny, Söwüte baranynda hem kiçi ogly Osman dünýä inipdir[5]. Halk döredijiliginde onuň ejesi ýa enesi Haýma enedir[6]. Taryhçy Ibni Kemal, Osmanyň ýaşlygynda «Ýigitleriň arasynda ýetişendigi» we «Urmakda tutmakda örän başarnyklydygyny» ýazypdyr. 1281-nji ýylda 23 ýaşynda wagty Ahilerden Şeyh Edebalynyň gyzy Malhun hatyn bilen öýlendi. Malhun hatyndan hem Orhan gazy doguldy.

Tagt ugrundaky göreş ýa-da göreşler hakyndaky pikirler[üýtget | edit source]

1281-nji ýylda kakasy Ärtogrul Gazy 90 ýaşlarynda wagtlary wepat bolupdyr. Käbir taryhçylaryň aýtmaklaryna görä Gaýy taýpasynyň begligi üçin Osman Gazy ýakynlary bilen tagt ugrunda göreşipdir. Osman Gazy öz agasy Dündar Gazy bilen beglik ugrunda göreşipdirler. Bu söweşleriň nähili bolup, nähili gutarandygy hakynda çeşme bize hiç zat düşündirmeýär. Söweşiň soňunda Osman beg ýeňilipdir. Osman Gazy şol wagty bir pursat tapyp Dündar begi ok ýaý bilen atyp öldüripdir. Şondan soň Osman beg Oguzlaryň Gaýy taýpasyna baş we beg bolupdyr[3] Hajy Bekdaşyň «Welaýatnama» eserinde Osmanyň beglige geçiş wakasy tapawutlydyr[7]. Gaýy taýpasy Soltanöňiniň ýakynyna göçüp baranlarynda ilki agasy Aýdogmuş we soňra kakasy Ärdogdy (Ärtogrul) beg we birneme has soň Gündiz Alp Gaýy begi bolupdyr. Osman Gazy şol wagtlar öz egindeşleri bilen ýerli Wizantiýaly Ýarhisar, Bilejik,Inegöl, Iznik taraplaryna çozuş edipdir. Wizantiýaly Bursa Tekfury Konýada oturýan Seljukly soltany Alaýeddin Keýkubada ilçileri ugradyp şikaýat edipdir. Seljukly Soltany bolsa Gündüz Alpa habar ýollap bulagaýlyk döredýän jigsi Osman begi ýola salmagyny isläpdir. Gündüz Alp Osman begi tapyp ýigitleri bilen birlikde Koniýa Alaýeddin Keýkubadyň III ýanyna alyp barypdyr. Seljuk Soltany Osman Gazyny görüp begenipdir we ony Soltan Garahöýükde ýaşaýan Hajy Bekdaş Weliniň ýanyna ugradypdyr. Hajy Bekdaş Osmany Gazyny myhmansöýerlik bilen garşylapdyr we öz sellesini onuň kellesine orap täç geýdiripdir. Osman Konýa baranynda Hajy Bekdaş Osman Gaza bir hat beripdir we Soltana bermegini aýdypdyr. Ol hatda Osmanyň öwgüsi bar eken. Seljukly Soltany bu haty okapdyr. Osman gazy Soltanöňiniň merkezi bolan Söwüte baranynda Seljukly soltany oňa «Altyn uçly Sanjak we Teblhana (mehter) ugradypdyr. Bu ýazylanlar Ýazyjy Oglynyň «Seljuknama» atly eserinde hem agzalyp geçilýär[8]. Hajy Bekdaşyň Welaýatnama eseri Gündiz Alp bilen Osmanyň arasyndaky baglanyşyklaryň nähili bolup geçendigini agzamandyr. Birnäçe taryhçy Osman beg bilen jigsi Gündiz Alp bilen söweş bolandygyny we bu uruşlarda Gündiz Alp öldürip uçbegi bolandygyny ýazypdyrlar. Emma käbir taryhçylar Gündüz Alpyň beglige saýlanyp Gündüz Alp bilen söweşe girendigini ýazypdyrlar. Şonuň üçin tagt ugrundaky söweşler göreşler hakyndaky wakalar çekeleşiklidir.

Çäkleriň giňeldilmegi[üýtget | edit source]

Osman Gazy 1280-nji ýyldan 1300-nji ýyllara çenli 20 ýyl boýunça Osmanly döwletini janlandyrmagy üçin Bitaniýada (Bursa-Bilejik-Iznik) Uçbegligiň goşunyny güýçlendirmek üçin birnäçe söweşleri alyp barypdyr. Bu söweşlerde Gazy dostlary Samsa Çawuş, Goňur Alp, Akjagoja, Aýgut Alp, Gazy Abdurahman ýaly beýleki «Alp» begler we bularyň elindäki goşun birliklerine daýanypdyrlar. Osman Gazy öz gyzy Bala hatyna öýlenen Şeýh Edabaly bilen dowamly gatnaşyk saklapdy[3]. Osman gazy başda 1283-nji ýylda Ineköliň golaýynda Nikola bilen bolan «Ermenibili söweşinde» ýeňlişe sezewar bolupdyr. Şol söweşde hemw jigsi Saryhanyň ogly Baý Hoja şehit bolupdyr. 1284-nji ýylda Osman beg 300 kişilik goşun birlikleri bilen Ineköliň golaýyndaky Emirdagynyň eteklerinde ýerleşen «Gulaja Hisar bir gije çozdy se bu galany eýeläpdir. Bu Osmanlylaryň ilkinji gala ýeňişleridir[3][9]. 1286-njy ýylda Osman beg bilen Wizantiýaky birleşen Ineköl ýerlileri bilen «Dominiç söweşi» bolup geçdi. Osman beg bu söweşde ýeňiş gazanypdyr ýöne jigsi Saryhan (käbir çeşmelerde Gündiz Alp) bu söweşlerde şehit bolupdyr. Şondan soň Garajahisar Osman begiň eline geçipdir. Şondan soň Osman Gazy egindeşleri bilen birlikde çozuşlar gurnap başlapdyrlar. Mudurnynyň ýakynlarynda Samsa Çawuş we jigsi Satylmyş we Harmangaýa (Priminos) Köse Mihal güýçleri bilen birlikde Sakarýa derýasynyň golaýlaryna Göýnük taraplara çozuş edipdirler[3]. 1298-1299-njy ýyllarda Osman Gazynyň kuwwatlanmagyndan birahat bolan Bilejik (Belekona) bir toý gurnap ony duzaga düşürmegiň kül-külüne düşüpdir. Osman Gazynyň dosty Harmangaýa bu