Mazmuna geçiň

Welaýat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Welaýat döwletiň iň uly dolandyryş-çäk birliklerinden biridir. Ol öz içinde başga etraplara bölünip, şäherleri, şäherçeleri, obalary, geňeşlikleri öz içine alýar. Welaýatlar birnäçe ugurlarda(bilim, saglyk, howpsuzlyk) biri-birinden tapawutly bolup bilerler we özlerine mahsus ekonomik hem-de milli aýratynlyklary bolup biler. Şeýle-de olar tapawutly sosial durmuşa hem eýe bolup bilerler. Mysal üçin, bir welaýatyň şäher ilaty has köp bolup, başga birinde çarwadarçylyk ösüp biler.

Welaýatlar bir döwletiň geljeginde örän uly rol oýnap, bir welaýat öz güýjüne görä ösüp, döwletiň galkynmagyna hem uly goşant goşup biler.