Mazmuna geçiň

Din

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Din - Taňry tarapyndan esaslandyrylýandygyna ynanylýan kanundyr. Ol ynsana ýaradylyş maksadyny, barlygynyň hikmetini bildirýär, Taňrynyň öňünde nähili ybadat etmelidigini öwredýär.

Din ynsanyň "Men kim ? Nireden gelip, nirä barýaryn?" diýen sowallaryna jogap berýän çeşmedir.

Din adalat , ýagşylyk, fazylet, dogrulyk, pidägärlik ýaly duýgularyň çeşmesi, ynsan wyždanyndaky ynanç mätäçligini kanagatlandyryjydyr.

Din kişilere ýaradylyş maksadyny bildirýän, olary öz erk-eradasy bilen Taňrynyň ilçisiniň dogry ýol görkezmegi esasynda ýagşylyga, rahatlyga, kämillige, ösüşe ugrukdyrýan, şeýle hem olaryň maddy we ruhy zerurlyklaryny üpjün edýän ylahy kanunlaryň kodeksi diýmekdir. Başgaça aýdylanda: din erk-erada eýesi bolan baýlyklaryň magnewi, sosial, dolandyryş, ykdysady we duýgy taýdan tutuş durmuşlaryny düzgüne salmak üçin ynsanyň bilip we isläp tabyn bolan düzgünleriniň toplumydyr.