Mazmuna geçiň

Gurbanguly-Hajy Metjidi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Metjit
Ady Gurbanguly Hajy metjidi
Ýerleşýän ýeri Mary.ş, Mary.wel, Türkmenistan
Koordinata 37°35'21.4"N 61°51'09.8"E
Gurluşyk dowamlylygy 2001-2009 ýyllar aralygy
Adam sygymy 2500 orunlyk
Minara sany 4
Gümmez sany 1
Minara beýikligi 63 m
Metjidiň tegelek diametri 63 m
Uzynlygy 56 m
Ini 56 m
Arhitekturasy Yslam arhitekturasy
Material mramor

2001-nji ýylda Aşgabat arhitektorlary Kakajan we Dürli Durdyýewalar tarapyndan metjidiň proekti düzülýär. Material ýetmezçiligi sebäpli gurluşyk döwri uzaga çekýär. 2007-nji ýylda Mary welaýatynda geçen Halk Maslahatyynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylary tarapyndan prezidentden towakga soraldy. Prezident "Haýyr-sahabat gaznasyndan" mln amerikan dollary gurluşyga goýberdi. Metjit Türk firmasy "Gylyç Inşat" tarapyndan guruldy. Metjit 2009-njy ýylyň ýazynda açyldy. Oňa prezidentiň ady dakyldy. Prezident açylşa gatnaşdy we şol ýerde sadaka berdi.

Arhitektura

[düzet | çeşmäni düzet]

Metjit 2 gat bolup ýokarky gat zenanlar üçin. Uly gümmezi 8 sütün saklaýar. Gümmeziň diametri 24 m. Metjidiň içine mramor, reňkli faýans plitkasy, ýelmenen gips, oýup ýasalan daş we owadan mermer goýlan. Metjidiň esasy bezegi bolup arap kalligrafynda ýazlan Kuran süreleri we Allanyň ady bolup durýar. 2019-njy ýylda hemme gümmezler altyn reňke geçirildi. [[Metjit|Metjidiň hasabyna ýanynda ýerleşýän Sadaka jaý, uly tärethana, Myhmanhana we şuňa meňzeş üpjünçiliker ýerleşdirlen.

Ärtogrul Gazy Metjidi
Daşoguz Metjidi
Hezreti Omar Metjidi
Abu Bakr Metjidi
Türkmenabat Täze Metjidi
Serdar Metjidi

[1] [2]

  1. https://ru.m.wikipedia.org/wiki/Мечеть_Гурбангулы-хаджи
  2. https://en.m.wikipedia.org/wiki/Gurbanguly_Hajji_Mosque