Süleýman Demirel
Süleýman Demirel — 1924-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Isparta iliniň Atabeg ilçesiniň Yslam obasynda dogulýar. Başlangyç bilimi obada alýar. Spartada orta mekdebi, Afýongarahisarda liseýi tamamlaýar. 1949-njy ýylda suw gurluşygy (bent gurmak) inženerçiligi temasyndan alymlyk derejesini alyp, Stambul tehniki uniwersitetini tamamlaýar. 1949-1950-nji ýyllarda Amerikada öz ugry boýunça hünär praktikasynda bolýar. 1955-ýylda Türkiýe döwlet suw işleriniň baş müdiri bolýar. Ol 28 ýylyň içinde 7 gezek premýer-ministriň wezipesini eýeläp, hökümeti dolandyrýar (1965-1969, 1969-1970, 1970-1971, 1975-1977, 1977-1978, 1979-1980, 1991-1993). 1983-nji ýyldan bäri öz döreden Dogry Ýol partiýasynyň (DÝP) öňbaşçysydyr. “Erk, ynanç we çörek“ şygary bu partiýanyň baş maksatnamasydyr. 1993-2000-nji ýyllar aralygynda Türkiýäniň Prezidenti boldy.
Türkiýede köppartiýalylyk ulgamy dowam edýär. Harby düzgün mahalynda (1980-1982) syýasy partiýalaryň işlemegi gadagan edilenem, bolsa 1983-nji ýyldan başlap olar gaýtadan hereket edip ugraýar. Süleýman Demireliň prezidentlik döwründe ýurtda dürli syýasy partiýalaryň guran gatyşyk hökümetleriniň ençemesi çalyşdy. Olara Tansu Çiller (Dogry Ýol partiýasy), Nejmeddin Erbakan (Refah partiýasy), Mesut Ýylmaz (Ene Watan partiýasy), Bülent Ejewit (Demokratik Çepçiler partiýasy) ýolbaşçylyk etdiler. Ejewitiň hökümeti Türkiýe Respublikasy döräli bäri 57-nji hökümetdi.