Ahal welaýaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Ahal sahypasyndan gönükdirildi)
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Ahal welaýaty

Ahal welaýatynyň administratiw bölünişi[üýtget | edit source]

Etraplar Şäherler Şäherçeler Geňeşlikler Oba ilatly ýerleri
9 5 13 103 277

Etraplar

  1. Akbugdaý etraby
  2. Altyn asyr etraby
  3. Babadaýhan etraby
  4. Baharly etraby
  5. Gökdepe etraby
  6. Kaka etraby
  7. Ruhabat etraby
  8. Sarahs etraby
  9. Tejen etraby

Ahal welaýatynyň sosial-ykdysady ýagdaýy[üýtget | edit source]

Ahal welaýatynyň ykdysadyýeti oba hojalyk-senagat häsiýetine eýedir. Onuň ähmiýeti diňe önümçiligiň sebitara ýerleşdirilişindäki we zähmet bölünişigindäki orny bilen däl-de, eýsem döwletiň paýtagtynyň onuň çäginde ýerleşýändigi bilen hem kesgitlenýär. Eýeleýän meýdany boýunça (19,8%) welaýat ýurtda Balkan welaýatyndan soň ikinjidir. 2012-nji ýylyň başyna onda ýurduň ilatynyň 14,5%-i ýaşaýar (dördünji orun). 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna welaýatyň oba ilaty onuň umumy sanyndan 58%-e deň boldy.

2011-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň umumy möçberinde welaýatyň tutýan bölegi 24,9% boldy (ýurduň welaýatlarynyň arasynda birinji orun). Sebitde ekerançylyk ösendir we ol esli derejede şäher etegine mahsus ýöriteleşme bilen tapawutlanýar. Bugdaý öndürmek, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, üzümçilik, et-süýt berýän maldarçylyk we ýüpekçilik oba hojalygynyň ýöriteleşdirilen esasy ugurlary bolup durýar. Gök önümleri (ýurt boýunça umumy ýygnalan hasylyň 35,8%-i), azyklyk bakja (35,9%) we üzüm (78,8%) öndürmekde welaýatyň oba hojalygy birinji orunda durýar.

Düýeleriň (35,2%) we guşlaryň (25,8%) baş sany boýunça sebit ýurtda öňdäki orunda durýar. 2011-nji ýylda dowarlaryň sany olaryň ýurt boýunça umumy baş sanyndan 26,3%-e (ikinji orun), gara mallaryň baş sany bolsa 12,6%-e deň boldy.

Ahal welaýaty ahalteke bedewlariniň gadymy mekanydyr, olaryň baş sany köpelýär.

2011-nji ýylda ýurduň senagat önümçiliginiň 18,7%-i şu sebitiň paýyna düşdi (üçünji orun). Welaýatyň senagaty üçin gaz pudagynyň ýokary ösüş depgini häsiýetlidir. 2011-nji ýylyň jemleri boýunça gaz gazyp çykarmakda sebit Türkmenistanda ikinji orny eýeledi (29,3%). Gaz pudagyndan başga-da, himiýa (mineral dökünleri öndürmek), dokma, azyk we gurluşyk materiallary senagatlary ýöriteleşdirilen pudaklardyr. Mineral dökünleri (56,8%) we aýakgap (63,3%) öndürmekde yurt boýunça welaýata öňdebaryjy orun degişlidir. Gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalary ýurtda ýeke-täk sement öndürijiler bolup durýar we magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürmekde (63,0%) öňdebaryjy orny eýeleýär. 2011-nji ýylda welaýatyň önümçilik kuwwatlyklaryny, infrastrukturasyny we sosial ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň paýy olaryň tutuş ýurt boýunça umumy möçberiniň 5,5%-ine deň boldy (bäşinji orun). Döwlet eýeçiligine degişli bölegiň obýektlerini işe girizmegiň düzüminde önümçilik däl maksatly obýektleriň işe girizilişi agdyklyk etdi (63,3%). Welaýatyň ulag ulgamyna awtomobil, demir ýol we geçiriji turba ulaglary girýär. 2011-nji ýylda ýurduň umumy ýük dolanyşygynyň 16,3%-i we ýolagçy dolanyşygynyň 11,0%-i onuň paýyna düşdi (sebitleriň arasynda, degişlilikde, dördünji we altynjy orunlar). Bölek satuw söwda haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça 2011-nji ýylda welaýat ýurduň sebitleriniň arasynda dördünji orny eýeledi (10,4%). 2011/2012-nji okuw ýylynda Ahal welaýatynda 247 sany orta mekdepde 132,8 müň okuwçy okady. 2011-nji ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ulgamy boýunça maşgala lukmanlarynyň sany 352 adam, orta saglygy goraýyş işgärleriň sany 2,4 müň adam boldy. Hassahana orunlarynyň sany 2,0 müň birlige deň boldy. 2011-nji ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdany bilen üpjünçilik 1 adama hasaplananda 19,0 inedördül metre deň (ýurt boýunça dördünji orun). Sebitde ençeme saglygy dikeldiş resurslary bar, şol ýerlerde döwrebap şypahana edaralary we dynç alyş zolaklary döredilendir (“Arçman”, “Gökdere”, “Ýyly suw”). Welaýatyň çäklerinde ekerançylyk medeniýetiniň dürli eýýamlarynyň, parfiýalylaryň we beýik seljuklaryň hökümdarlyk eden wagtlarynyň taryhy ýadygärlikleri bar, ol ýerlere syýahatçylyk gatnaw ugurlary açyldy (Nusaý, Sarahs, Altyndepe).

GADYMY NUSAÝ


Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýanyň siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.

B.E. öň IV asyrda grek-makedon goşunlarynyň zarbasy astynda Ahemenitleriň imperiýasy dargapdyr. Aleksandr Makedonskiniň oruntutarlary bolan selewkitleriň döwründe Baktriýa, Parfiýa we Horezm döwletleri döräpdir. B.E. öň III asyrdan B.E. III asyryna çenli 600 ýyla golaý dowam eden Parfiýa döwleti uly imperiýa öwrülip, b.e. I asyryndan başlap Rim imperiýasynyň bäsdeşine öwrülipdir. Özüniň gülläp ösen wagtynda Ortaýer deňzinden Demirgazyk-Günbatar Hindistana çenli ýerleri öz içine alan Parfiýa imperiýasynyň esasy özeni Partawa bolupdyr.

Hut şu ýerde B.E. öň 247-nji ýylda Garagumda ýaşaýan aparn (ýa-da parn) taýpasynyň serdary Arşak Partawy eýeläpdir. Bu ýerdäki selewk satrapy Andragor öldürilipdir. Şondan soň Arsak özüni garaşsyz Parfiýanyň hökümdary diýip yglan edipdir. Parfawnisada Arsakidler neberesiniň mülkleriniň administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyň adynyň Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ol B.E. öň 171-138-nji ýyllarda patyşalyk eden Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr.

Köne Nusaýda demigazyk we günorta atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süňkünde (şirmaýydan) edilen meşhur ritonlar tapyldy. Günorta toplumda üç sany desgany - diň şekilli ymaraty, inedördül we tegelek zallary tapawutlandyrmak bolar.

Köne hem-de Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryň böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniň deň-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy.

Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraň desga bolupdyr. Gaznalaryň jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluşly seýflere öwrülipdirler.

Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açyldy. Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleriniň detallary altyn çaýylan bürünçden, sap altyndan we bürnçden taýýarlanypdyr. Ritonlarda dürli kompozisiýaly güberçek gazma nagyşlar ýerleşdirilipir. Ritonlar kentawrlaryň, ýolbarsa çalymdaş grifonlaryň, aýallaryň we ş.m. keşbi bilen bezelipdir.

Bezeg-haşamlarynyň kompozisiýalarynyň sýužet äheňi esasan grek mifologiýasy bilen baglanyşykly bolup, ýöne grek mifleriniň personažlaryna ýerli, parfiýa häsiýeti berlipdir. Ritonlaryň birinde Parfiýa şalygyny esaslandyryjylaryň biriniň şaýylygyň ýüzündäki “skif” eşigine çalymdaş lybasly parfiýaly gabat gelýär. Beýlekileriniň käbirinde bolsa garamaýak parfiýalylary görýäris.

Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweşjeň altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyň bölekleri ýaly şa ýaraglarynyň görnüşleri hem tapyldy. Şanyň baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaşaň bezelipdir.

Seret[üýtget | edit source]

http://www.stat.gov.tm/content/info/turkmenistan/turkmenistan/ http://www.stat.gov.tm/assets/klasifikator/t_admin_delenie_20130101.pdf

Flag of Turkmenistan Türkmenistanyň welaýatlary Flag of Turkmenistan
TurkmenistanNumbered.png
1-Ahal welaýaty (Änew) | 2- Balkan welaýaty (Balkanabat) | 3- Daşoguz welaýaty (Daşoguz) | 4- Lebap welaýaty (Türkmenabat)
5- Mary welaýaty (Mary)