Gökdepe etraby
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Gökdepe etraby 1927-nji ýylda döredildi. Meýdany 7,4 kw.km. Ilaty 76,8 müň adam. Etrapda 1 şäherçe, 14 geňeşlik we 36 oba ilatly punktlary bar. Etrabyň territoriýasy 3 fiziki-geografiki böleklerden durýar: Köpetdagyň etraba degişli gerişleri, dag etek duzlik we garagum çoli. Etrabyň ähli obalary, Gökdepe şäherçesi, ekin meýdanlary dag we awtomobil ýol, elektrik geçiriji liniýasy, magistral gaz geçiriji turba derýajyklary (Altyýap, Sekizýap), 100 gowrak suw çykaryjy skwazinalardyr. Etrabyň çäklerinde Köpetdag suw howdany ýerleşýär. hojalygyn esasy ýöriteleşen ugurlary: miweçilik, üzümçilik, däneçilik, maldarçylykdyr. Gökdepe etraby welaýatyň günbatarynda ýerleşip, Köpetdagyň dag gerişlerini, dag etek düzlügini we Garagum çölüniň günorta bölegini öz içine alýar. Etrabyň ähli ekin meýdanlary, ilatly ýerleri dag etegi düzlüginde ýerleşendir. Onuň çägini Garagum derýasy, Aşgabat-Türkmenbaşy de- mir we awtomobil ýollary kesip geçyär. Garagum derýa- synyň ugrunda Köpetdag suw howdany guruldy. Etrabyň hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary däneçilik, pag taçylyk, gök we bakja ekerançylygy, miweçilik, üzümdarçy- lyk, dowardarcylyk we düýedarçylyk bolup durýar. Etrap da senagat önümçiligi hem barha ösýär. Bu ýerde magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhana, Şorgala obasynyň golaýynda çakyr zawody, etrap merkezinde bir näçe senagat kärhanalary ýerleşyär. Gökdepe etrabynyň çä- ginde 1 şäher, 12 geňeşlik we 54 oba bar.
Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |