Sarahs etraby
Sarahs etraby —Ahal welayatynda yerlesyar. Ýanwar 1925-nji ýylda Türkmenistan SSR-iň Merw okrugynyň düzüminde Sarahs şäher görnüşli posýolkasynda merkezi bolan Sarahs etraby hökmünde döredildi. 1926-njy ýylyň awgust aýynda Merw okrugy ýatyryldy we Sarahs etraby gönüden-göni Türkmen SSR-iň tabynlygyna geçdi. 1939-njy ýylyň noýabr aýynda Sarahs etraby täze döredilen Aşgabat welaýatyna berildi. 1959-njy ýylyň maý aýynda Aşgabat welaýaty ýatyryldy we etrap Mary welaýatynyň düzümine goşuldy. 1963-nji ýylyň ýanwar aýynda Sarahs etraby ýatyryldy, emma 1964-nji ýylyň dekabr aýynda gös-göni Türkmenistan SSR-iň tabynlygyna gaýtarylyp berildi. 1970-nji ýylyň dekabr aýynda etrap Mary welaýatyna, 1973-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa Aşgabat welaýatyna berildi. 1988-nji ýylda Aşgabat welaýaty ýene-de ýatyryldy we etrap gönüden-göni Türkmenistan SSR-iň tabynlygyna geçdi. 1992-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Sarahs etraby Sarahs etraby diýlip atlandyryldy we Ahal welaýatynyň düzümine goşuldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2018-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky karary bilen Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Altyn Asyr etrabynyň ýatyrylmagy sebäpli, onuň düzümine giren Balykçy geňeşligi Sarahs etrabyna geçirildi.