Mazmuna geçiň

Türkmenistanyň baýdagy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Türkmenistanyň baýdagy

Türkmenistanyň baýdagy — Baýdak ýaşyl reňklidir.Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke¸ýomut¸ salyr¸ çowdur¸ ärsary gölleri ýerleşdirilen¸ olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan¸ onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl-gyrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlanýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir. Olaryň her biri aşakysyndan we ýokarkysyndan başgasy jübüt ýerleşen¸ uçlarynda keçilýän ýapraklaryň onusyndan ybaratdyr.

Baýdagyň uly ýaşyl böleginde çep ýokarky burçda ak reňkli ýarymaý we bäş sany ýyldyz şekillendirilendir.

 Türkmenistanyň baýdagynyň ýaşyl bolmagynyň sebäbi ata-babalarymyz

baýyrlaryň,tokaýlaryň,daglaryň ýaşyldygyna garamazdan baýdagyň rengini ýaşyl edipdirler.


Türkmenistanyň baýdagy:

1. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy

milletiň agzybirliginiň hem garaşsyzlygynyň we döwletiň bitaraplygynyň nyşanydyr.

2.Türkmenistanyň Döwlet  baýdagy göniburçluk görnüşindäki mata bölegidir. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden bir ýarym esse ulydyr.