Oguz han
Oguz han türkmenleriň iň gadymy hökümdary hasaplanýar. Ol örän uly giňiş topraklary öz içine alan oguzlaryň imperatorlygyny guran adamdyr. Gara hanyň ogly bolan Oguz hanyň günlerimizden birnäçe müň ýyl ozal ýaşap geçendigi türkmen rowaýatlarydyr-dessanlarynda agzalýar. XI asyrda ýaşan alym Mahmyt Kaşgarly “Diwany lugat at-türk” atly eserinde türkmenleri oguz türkmenleri we garlyk türkmenleri diýip ikä bölýär. Oguz hanyň 6 ogly Gün han, Aý han, Ýyldyz han, Gök han, Dag han, Deňiz han we 24 agtygy bolupdyr. Oguz türkmenleriniň 24 boýy onuň 24 agtygyndan öz köküni alyp gaýdýar we olaryň atlaryny göterýär.
Osmanly döwletiniň taryhçysy Rüstem Paşa’nyň bellemegine görä, mukaddes Gurhanda bellenilen Zülkarneýn atly keramatly adamyň Oguz handyr. Sebäbi ol goşa şahly täji bilen tanalypdyr.
Ogullary
[düzet | çeşmäni düzet]Agtyklary
[düzet | çeşmäni düzet]BOZOK
Gün han ogullary:
Aý han ogullary:
Ýyldyz han ogullary:
ÜÇOK
Gök han ogullary:
Dag han ogullary:
Deňiz han ogullary:
Oguz han we Mode han meňzeşligi
[düzet | çeşmäni düzet]Professor Öwez Gündogdyýewiň ylmy makalasynda Oguz han hakynda gyzykly maglumatlar bar. Beýik Hun imperiýasyny esaslandyran Mode niň şahsyýetiniň töwereginde indi 100 ýylyň içidir gyzgyn jedeller dowam edýär. Şeýle gep-gürrüňleriň döremegine bolsa gadymy hytaý kitaplaryny terjime etmekde ýakasyny tanadan Iakinf Biçurin sebäp boldy. Eýsem syrly dünýäň girdabyna düşen ol han kim bolupdyr? ... Orta Aziýanyň territoriýasynda taýpalaryň we halkyýetleriň uly toplumy ýaşaýardy. Has ir döwürlerden bäri olar golaý we uzak aralyga göçüp-gonup, Günbataryň we Gündogaryň ýurtlaryny gorky astyna salýardylar. Şeýle taýpalaryň biri gowy durmuşyň gözleginde uzak Gündogara aralaşypdyr. Özleriniň Orta Aziýaly garyndaşlaryny yzda galdyryp, bu halk Hytaýyň araçäklerinde peýda bolupdyr. Hytaýlylar olary "Hunnu" diýip atlandyrar ekenler (hytaýça "Hu" - hyrsyz, “nu" - gul diýmegi aňladýar). Professor A. N. Bernştamyň tassyklamagyna görä, hytaýlylar Orta Aziýanyň oturymly ilatyny şeýle at bilen “tagmalapdyrlar". Hunlar eýýäm biziň eramyzdan öňki 1200-nji ýylda özbaşdak döwleti esaslandyrypdyrlar diýlip hasaplanýar. Hytaý çeşmelerinden görnüşine görä, olar bu halka takmyman, biziň eramyzdan öňki III asyrdan uly üns berip başlapdyrlar. Şol döwre çenli ep-esli güýç toplap, özüni tutan Hytaý imperiýasy öz serhetlerine howp salýan hunlaryň soňuna çykmagyň kül-külüne düşýär. B. e. öňki 214-nji ýylda Sin imperatory 100 müň adamdan ybarat goşunyny hunlaryň üstüne ýollaýar. Derbi-dagyn edilen hunlar çöle çekilýärler. Hun hökümdary Tümen indi goňşy halklara elgarama bolan ile ýolbaşçylyk edýärdi. Beýleki aýalyndan bolan kiçi ogluny miras eýesi etmegi ýüregine düwen Tümen uly ogly Modeni ýuedžeý halkyna girewine berýär. Has beteri, şeýtse, bu halk Modeni heläklär diýen bet pygyl bilen ýuedžeýleriň üstüne çozuş amala aşyrýar. Ýöne onuň bu pirimi başa barmaýar. Mode gaçmak başardýar. Uly oglunyň ugurtapyjylygyna haýran galan Tümen ony 10 müň atla baştutan belleýär. Şol uçurlar hun halky agyr günleri başdan geçirýärdi. Belli taryhçy L. N. Gumilew şeýle ýazýar: "Göräýmäge, hunlaryň hemişelik tepbedi okalypdy, ine, haý diýmän olaryň goňşy-golamlary hun çöllügini öz aralarynda paýlaşarly görünýärdi. Ýöne taryh bu meseläni özüçe çözdi". Ýaş harby ýolbaşçy atlylaryna söweş tälimlerini berip ugrady. Ol öz ýigitlerine ýaýdan şuwwuldap ses edýän ok atmagy öwredýär (şeýle oklar türk guburlaryndan häzirem tapylýar). Ol öz ýaýyndan şuwwuldap ses edýän oky haýsy ýaňa gönükdirse, nökerleri hem şol ýerini nyşana alyp atmaly ekenler. Buýrugy ýerine ýetirmedigiň başy ölümli bolupdyr. Ilki öz aty, soň aýaly, atasynyň aty onuň ýaýynyň okunyň pidasy bolýar. Buýrugy ýerine ýetirmekden boýun gaçyranlaryň kellesini almagy tabşyrýar. Şeýdip, berk tertip-düzgüni ýola goýan Mode kakasyny tagtdan agdarýar. Kakasy, ejeligi we inisi şol agdarylyşygyň pidasy bolýar. B. e. öňki 203-nji ýylda Mode özüni Hun imperiýasynyň hökümdary diýip yglan edýär. Ol hun uruglarynyň 24-siniň başyny jemläp, hun döwletini dikeldýär. Şu ýerde türkmenleriň ata-babasy bolan Oguz han barada aýdylýan hekaýatlardaky meňzeşlige üns bermezlik mümkin däl. Iakinf Biçurin şeýle ýazýar: "Mode Aziýanyň taryhynda Garahanyň ogly - haýbatly Oguz han ady bilen bellidir. Hondemiriň ýazmagyna görä, Garagumda göçüp-gonup ýören Garahan öz oglunyň täze dine uýup, başga Hudaýa ynanýandygyny eşidip, gahar-gazaba münýär. Ol ogluny öldürmegiň kül-külüne düşüp, ýöriş edýär. Ýöne Oguz hanyň aýaly bu habary adamsyna ýetirýär. Garahan söweşde wepat bolýar. Oguz han bolsa tagta çykyp, özüniň hökümdarlyk eden 73 ýylynyň içinde tutuş Türküstany dyza çökerýär. Abylgazy hanyň ýazmagyna görä, özüni hökümdar diýip yglan eden Oguz han Hytaýyň serhetlerinde göçüp-gonup ýören Tatar hanyň (Dunhu) üstüne ýöriş edip, ony boýun egdirýär. Soňra Hytaý imperiýasyny, Jürjüt we Tangut hanlygyny basyp alýar. Şondan soň bolsa, günortada Mongoliýadan we Günbatarda Kaspi deňzine çenli ýaýran ähli raýaty eýeleýär. Atlarynyň bir-biriniňkä meňzeş däldigine garamazdan, Mode şanýuý baradaky taryhy oçerkiň Oguz han ady bilen berilmegi we döwrüň esasy wakalarynyň geliş tertibiniň dogrulygy, Abylgazy hanyň mamladygyny görkezýär". Hakykatdanam, Mode we Oguz han bilen baglanyşykly wakalarda bir umumylyk bar. Mundan başga hem hunlar - ähli taryhçylara anyk belli bolan ilkinji türki dilli halkdyr. Bu barada hiç kim ikirjiňlenmeýärdi. Gadymy türk runa ýazgyly hun medalýonynyň (b. e. I asyry) üsti açylansoň bolsa bu hakykat ýene bir ýola tassyk boldy. Bularyň üstüne Mode tarapyndan birleşdirilen 24 hun uruglarynyň we Oguzhanyň ogullarynyň arasyndaky meňzeşligi hem goşmak gerek. Hun taýpalarynyň we oguzlaryň - türkmenleriň tire-taýpalarynyň adyndaky meňzeşlik hem ünsüňi çekýär. Häzir bize belli bolan hunlaryň maddy (egin-eşik, haly ...) we ruhy (dini-ygtykatlar we däp-dessur) medeniýetiniň diňe bir orta asyrlarda ýaşan oguzlaryň däl, hat-da häzirki zaman türkmenleriniň medeniýetine juda ýakynlygy barada öňem ençeme ýola gürrüň edilipdi. Dil öwreniji F. Hirtiň pikirine görä, Modeniň ady “bagatur" (“batyr") türk sözüniň diňe hytaý transkripsiýasydyr. Hytaý dilinde “r" harpy düşürilýär, şonuň üçinem “batyr" sözi “badu" ýa “mode" görnüşine eýe bolýar. Modeniň (batyryň) asly "Huan" atly belli hun urugyna degişlidir. A. E. Bernştamyň bellemegine görä, "Hu-an" ieroglifleriniň gadymy okalyşy “üker" (“öküz") diýen formany berýär. "Oguz" ("Ogur") sözüniň fonetiki arhetipi hem “öküz" sözi bilen ýakyndyr. A. E. Bernştam şeýle netijä gelýär: “Eger han-begler urugynyň ady öküz bolan bolsa, onda şol urugyň wekiliniň -genealogiki nesilbaşysynyň öz şahsy adynyň ýany bilen urugynyň adyny ulanmaga hem doly haky bolupdyr. Mahlasy oňa “at we familiýa" edinmägä rugsat berilýärdi. Hawa, hun taýpasynyň bileleşigini esaslandyran adamyň ady Mode bolup, familiýasy -Oguzdy. Sözme söz terjime edilende “öküz -Pälwan" diýmegiaňladýardy...". Hunlaryň (oguzlaryň) tagtynyň eýesi bolandan soň Mode döwleti berkitmek üçin gyssagly çäreleri durmuşa geçirip ugraýar. Ilki bilen ol dunhu (tatar) halkyny derbi-dagyn edýär. Bu waka şeýle bolýar: Hunlaryň içki dawa-jedellerinden habardar Dunhu hökümdary Modeden ajaýyp aty bilen söýgüli aýalyny bermegi talap edýär. Hunlaryň ýaşulylary muňa garşy çyksa-da Mode bu meseläni özüçe çözýär: "Golaý goňşyňdan bir at bilen bir aýaly gysganmak nämä derkar?!". Talaby berjaý bolan dunhu soltany indiki gezek hunlardan özlerine degişli ekiş we mal bakmak üçin ýaramsyz çöllügiň bir bölegini bermegi soraýar. Hun aksakallary bir bölek ýer üçin dawa-jenjeliň gerek däldigini aýtsalar-da Modeniň jogaby olaryňka gapma-garşy gelýär: Ýer - döwletiň esasy emlägi bolup durýar, heý, ony özge birine dözüp bormy?!" Ýer bermegi maslahat berenleriň kellesini alyp, Mode dunhularyň üstüne ýöriş edýär we olary derbi-dagyn edipdir. Bütin Mançžuriýanyň hunlaryň eline geçýär. Ol ýuedžeýleri hem günbatara yza tesdiripdir. Takmynan biziň eramyzdan öňki 204-nji ýylda ordos taýpalary hem boýun egmäge mejbur bolupdyr. Hun halkynyň sany 300 müň adama ýetipdir. B. e. öňki 202-nji ýylda Mode gypjaklary diňlileri, gyrgyzlary özüne tabyn edipdir. Şondan soňra hunlar Hytaýyň üstüne ýörişe ugrapdyrlar. Mai galasyny basyp alyp, demirgazyk şansiniň paýtagty Szinýan şäheriniň eteklerine gelipdirler. Hunlara garşy söweşlere hut imperatoryň özi ýolbaşçylyk edipdir. Mekir pirime ýüz uran Mode yza çekilen bolup, hytaý imperatoryny we onuň iň saýlama goşunyny gabawa düşüripdir. Ýedi günläp gabawda bolan imperator Mode bilen ylalaşyk gazanmaga mejbur bolupdyr. Bu gunlaryň taryhda gazanan iň uly ýeňişleriniň biridi. L. N. Gumilýowyň maglumatlaryna görä 20 müň hun atlysyna 320 müň hytaýly garşy durupdyr. Ylalaşyk boýunça imperator öz gyzyny Modä nikalap beripdir we ýylda uly möçberde sylag-serpaý berip durupdyr. Mode (Oguzhan) beýik özgerdiji bolupdyr: 1) Ol tire-taýpa territoriýalaryny ýok edip, olary ähli halkyň emlägine öwrüpdir.
2) Umumy harby düzgün girizilipdir. "Oňa laýyklykda gullukdan boýun gaçyranlar ölüm jezasyna höküm edilipdir. (Oguzhanyň bu ýoluny diňe Çingiz han az-kem kämilleşdiipdir.)
3) Maşgalalara salynýan salgyt aýrylypdyr. Çünki harby gulluk hökmany borja öwrülensoň goşuna öňküleri ýaly pul tölemek gerek bolmandyr.
4) Merkezi häkimiýete tabyn bolan çylşyrymly döwlet apparaty döredilipdir - ähli urug we tire-taýpa hanlary emeldarlara öwrülip, öz aralarynda bäş derejä bölünipdir.
Bu täzelikler hunlaryň jebisleşmegine we Merkezi Aziýanyň iň abraýly, kuwwatly halkyna öwrülmegine getiripdir. Oguz - türkmenleriniň arasynda beýik Oguz hanyň (Modeniň) sylag-hormat ýüki ýetik bolupdyr. Hun imperiýasy çagşandan soň olaryň bir bölegi Ýewropa, Kawkaza we öz Watanlaryna -Orta Aziýa aralaşyp, Gun imperiýasyny döredýärler. Galan bölegi birnäçe ýüz ýyldan soň, Türk kaganlygyny esaslandyrýar. Ol dargansoň Oguzyň nesilleri täze döwlet döredip, oňa Oguz döwleti diýip at berýärler. Aradan näçe wagt geçse-de ilkinji beýik hanlaryny unutmaýarlar. Şondan soňra oguzlaryň Aziýada we Ýewropada gazanan ýeňişleriniň ählisi bu beýik şahsyýetiň adyna ýazylypdyr. Oguz han “müň ýyl" ýaşap, şonça ýyllap hem, hökümdarlyk etdi diýip ýöne ýere aýdylanok. Oguz han oguzlara agzybir we ylalaşykly ýaşamagy wesýet edipdi. Ol ölüminiň öň ýany 24 taýpanyň ählisini - çagalaryny we agtyklaryny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: “Biziň ählimiz bir urugdandyrys!" Bu beýik Oguz hanyň nesillerini jebislige, döwleti pugtalandyrmaga çagyrýan iň soňky wesýeti bolupdyr.
Oguz han Mete (Mode) hanmy?
[düzet | çeşmäni düzet]Mundan ýüz ýyla golaý öň, türki halklaryň taryhyny Hytaý çeşmeleri arkaly öwrenýän alym Iakinf Biçurin, miladydan ozalky III asyrda, hytaý sebirlerinde döwlet guran Hun serkerdesi Metde hanyň, ýagny Modeniň (hytaý çeşmeleride Mao Dun) Oguz han bolaýmagynyň ahmaldygy baradaky pikiri orta atdy. Oňa başga-da goşulanlar boldy. Soň-soňlar şol pikire türkmen alymlaryndanam gol ýapanlary tapyldy. Türki halklaryň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak uly işler bitiren L. N. Gumilew bolsa özüniň “Gadymy türkiler” atly saldamly işinde “türk” söz-ä V asyrda Aşynalar bilen baglylykda, hytaýça “güýçli”, “çydamly” diýen Manyny berýän “tu-kýu” sözünden, “oguz” sözi bolsa VI– VII asyrlarda dowam eden göktürkiler döwleti (Türk kanagaty) döwründe “taýpa”, “bölek” aňlatmasy görnüşinde ýüze çykypdyr, diýen çaklamany öňe sürdi. Ol hususan-da şeýle diýdi: “...Şeýlelikde, “oguz” sözi “taýpalar” diýen Manyny aňladyp, soň etniki ada öwrülipdir. Soňabaka “budun” sözi kimin o-da öz ähmiýetini ýitiripdir we türkmenleriň legendar nesilbaşysy Oguz hanyň adyna öwrülipdir”. Egerde, Gumilýowyň ýokarky sözlerine gulak assaň, onda Oguz han diýen adam, “oguz” dýen halk asyl-ha bolmandyram. Biz munuň beýle däldigi barada aşakda durup geçeris, ýöne, onuň “türk” sözüni düýn-öňňünki dörän Aşynalardan alyp gaýtmakçy bolşunyň ýalňyşdygyny subut etmek üçin welin, Aşynanyň Hun serkerdesem däl-de, hun döwletini syndyran, has irki döwürlerde “sarwi”, “sirwi” diýlip atlandyrylan, häzirki mongollaryň aňyrsy hasap edilýän sýanbillerdendigini, onuň meşhur “bäş ýüz öýlüsiniň” bolsa goňşy oturan döwürleri hunlaryň hytaýlardan, sýanbileriň hut özlerinden basyp alan dürli taýpalaryndan ybarat bolandygyny ýatlap geçmekligiň özem ýeterlikdir. Geň ýeri munuň şeýledigini onuň hut özi, öz eli bilen ýazýar. “Türk kaganlygy” barada gürrüň berip, “oguz” sözünem şol döwrüň içinden döretjek bolup eňip oturşyna bolsa, hut şol bir wagtyň özünde, öz-özüniň atlandyryşy ýaly Aşynalaryň “türkütlerinden” demirgazykda bir ýerde oguzlaryň (guzlaryň) aýratyn bir halk hökmünde ýaşap ýörendiklerini habar berýär we şeýlelikde indi ikinji gezek öz-özüne garşy gidýär. Diýmek, alymyň eli ýazsa-da beýnisi şol zatlar bilen ylalaşMandyr, “türk”, “oguz” sözüniňem, şol ady göterýän halkyňam, şol halkyň serkerdesi Oguz hanyňam eýesiniň salgy berýän döwründen has irräk zamanlara degişlidigini beýni özüniň millionlarça öýjükleri arkaly syzypdyr. Oguz hanyň takyk ýaşyny, oguz halkynyň halk hökmünde kemala gelen döwrüni kesgitlemek elbetde,aňsat iş däl. Çünki, seljuklar döwründen aňryk geçdigisaýy oguz taryhynyň öwrenmesi kynlaşýar, bar bolan maglumatlar bolsa oguz taryhyny hakykatdanda Hytaý çeşmelerinde gabat gelýän hunlardan aňryk äkidip bilenoklar. Netijede, dessanlara, rowaýatlara bil baglamakdan başda alaç galmaýar. Şeýle-de bolsa taryhy wakalary, şahsyýetleri, gurlan döwletleri iň bolmanda wagt yzygiderliligi taýdan ýerbe-ýer goýmak, biri-biri bilen bulaşdyrmazlyk, zoraýakdan biri-birine ýanaşdyrmazlyk weli zerurdyr. Taryhy çeşmelerden görnüşine görä, “tur” (türk” we “öküz” (oguz) atlaryny oguzlar ýokarda agzalan Hun döwleti döremezden müň ýyl ozalam, entek Orta Aziýada ýaýylyp ýören döwürlerem buýsanç bilen göterip ýördüler. Asyl şol döwür olaryň ata-baba mekanlarynyň adam öz hususy atlary bilen baglydy. Ýagny, Turandy. (Tur:an) bu bolsa turlaryň –öküzleriň –oguzlaryň ýurdy diýmekdir. Turlar baradaky maglumatlara biz miladydan öňki I we II müňýyllyklaryň örküjinde, Orta Aziýada dörän otparazçylyk diniň mukaddes kitaby bolan Awestada duş gelýäris. Şol ýerde turlar bireýýämler kemala gelen gadymy halk hökmünde öz serkerdeleri Afrasyýabyň (Awestada Franhrasýan) ýolbaşçylygy astynda otparaz arilere garşy örän gaýduwsyz hereketler edýärler. Halk bolsa hemişe öz adyndan uludyr we onuň halk hökmünde kemala gelen döwri adynyň duş gelýän döwründenem has irräk döwürlerden gözlenmelidir. Çünki, şol bir halkyň ady taryhy möwrütlerde telim gezek ýitýär, gaýtadan döreýär we ýene-de başga bir görnüşe eýe bolýar. Ana, şol turlaryň –öküzleriň (oguzlaryň) belli bir bölegi biziň eýýamymzdan öňki II müňýyllygyň başlarynda käbir bölekleri bolsa ondanam öň, köp alymlaryň seresaplylyk bilen aýdyşlary ýaly dürli sebäplere görä, biziň pikirimizçe bolsa otparazçylyk dinini ündän ariler bilen bolan dini gapma-garşylykar sebäpli asly mekanlary bolan Merkezi Aziýadan –Turandan, has takygy şindiki Türküstandan örňäp Gündogara –hytaý, mongol sebitlerine tarap süýşüpdirler. Hytaýlylar olary “hunlar” diýip atlandyrypdyrlar. Professor A. N. Bernştam ýaly alymlaryň tassyklamalaryna görä, bu söz hytaýça “gelşiksiz gul” diýen Manyny berýän “hu-nu” sözündendir. Oguzlaryň ýewropoid keşpli halk bolandygyny, mongolpisint ýokundysynyň olara hytaý, mongol sebitlerine aralaşandan soň, garyşmak, gatyşmak arkaly ýokandygyny nazara alsaň bu çaklama hem gytaklaýyn Manyda tasa gelmänem duranok, çünki, “garga-da öz çagasyna akjam diýer”, diýlişi ýaly her bir halk özüni owadan, özüne meňzemeýänleri bolsa betgelşik saýýar. Şol sebäbe görä, hytaýlylara-da ýewropoid keşpli oguzlaryň betgelşik görnen bolmaklary mümkindir. Ýöne, şeýle bolaýanda-da hytaýlylaryň turlara –öküzlere dakan hunlar diýen adyny “betgelşik gul” manysyny berýän “hu-nu” sözünden däl-de, hytaýça hem şol bir öňki, öküz manysyny berýän “hu-an” sözündendir öýdýäris we “tur” adynyň dakylşy ýaly öküzleriň hut öz atlarynyň başga bir halk tarapyndan indi ikinji gezek başgaça atlandyrylyşy, ýagny täze bir alloetnonim hökmünde garaýarys. Biziň pikirimizçe, “güýçli”, “çydamly” diýen manyny berýän, alymlar tarapyndan “türk” diýlip okalan, ýöne has giç, ýagny Ý asyrda dörän “tu-kýu” sözüni hem hytaýlylar täzeden oýlap tapmandyrlar-da oguzlaryň gadymy “öküz” “tur” sözüniň yzyna köplük manyny berýän “k” goşulmasyny goşupdyrlar. Netije-de “tur” sözi “türk” görnüşine eýe bolýar, ýagny, şol bir halka degişli ýene-de bir, alloetnonim döredipdirler. Has takygy olar şol ady şol halka dakMandyrlar-da, olaryň şol bir atlaryny özleriçe aýdypdyrlar. Çünki, “güýçli”, “çydamly” diýen söz hemişe, hemme halklarda diýen ýaly öküz sözi bilen Manydaş bolupdyr. Ol şu wagtam şeýle. (Öküz ýaly güýçli, öküz ýaly çydamly we ş.m.) Öküz sözüniň has gadymky tur warianty hem şonuň ýaly. Mysal üçin Öküz sözüniň sportdaky güýç synanyşyklary: Birinji tur ýa-da ikinji tur. Birinji güýç synanyşyk. Ikinji güýç synanyşyk. Ýeri gelende aýtsak, Hun döwletini esaslndyryjy Mode hem hunlaryň hytaýça “hu-an” taýpasyna degişli bolupdyr. Bu bolsa köp halkyýetlerden ybarat bolan federatiw häsiýetli Hun döwletiniň özeninde hut oguzlaryň, turlaryň durandygyny, Modeniň bolsa asyl-ha Oguz han däldigini, ýöne, hakykatdan-da oguz tur serkerdesidigini aňladýan sansyz subutnamaaryň biridir. Modeniň Oguz han däldigini, onuň guran döwletiniňem asla ilkinji oguz döwleti däldigini, oguzlaryň dünýä sahnasyna has irki döwürlerde çykandyklaryny, iň bärkisi oguzlaryň ýa-da olary taryhyň has irki gatlaklarynda görüp bilmeýän, belki-de göresleri gelmeýän käbir alymlaryň dili bilen aýtsak prototürkileriň Turandan çykyp hytaý sebitlerine aralaşanlaryndan soň, miladydan ozalky 1200-nji ýylda, Mdeniň guran döwletinden 900 ýyl öň hem bir döwlet gurandyklary arkalam subut etmek mümkin. Türk alymlarynyň, hususan-da doktor Anil Çeçeniň tassyklamagyna görä bolsa, türki halklaryň ady hytaý çeşmelerinde ondanam ir, ýagny miladydan öňki 1400-nji ýyllarda hem gabat gelýär. Şonuň üçinem ine şol döwleti guran adam Oguz han bolaýmasyn diýen pikir orta atylaýsa, gyzgyn jedellerden bir gyra çekiläge-de, birazajyk böwrüňi diýäýseňem bolman durjak däl. Ýöne, bilermenler welin Oguz hanyň ondanam has irkiräk döwürlerde ýaşap geçen bolmagynyň ahmaldygyny dillerine getirýärler. Mysal üçin XIV asyr musurman taryhçysy Fazlallah Reşideddin boýunça Oguz han miladydan ozalky VII asyrda, mundan 2700 ýyl öň; XVII asyr taryhçysy, Hywa hany Abylgazy Bahadur hanyň pikiri boýunça, miladydan ozalky IV müňýyllygyň ahyrlaeynda, Keýumers döwründe, mundan alty müň ýyl owal; Döwürdeşimiz, folklorçy Ata Rahmanowyň pikiriçe miladydan ozalky V müňýyllygyň ahyrlarynda mundan 7000 ýyl öň; Türkmen edebiýatçysy, professor Nazar Gullanyň ylmy barlaglaryna görä, mladydan ozalky II müňýyllygyň ahyrlarynda, 4000 ýyl mndan öň ýaşap geçen bolmaly. Görşümiz ýaly, Oguz hanyň ýaşap geçen döwrüni salgy berýän awtorlaryň hiç birem Modeniň ýaşap geçen zamanasyna çenli aşak düşmeýär. Şol görkezilýän seneleriň içinde Reşideddiniňkiden özgesi hatda hytaý sebitlerinde, miladydan ozalky 1200-nji ýylda gurlan hun döwletiniň zamanasyndanam has aňyrda. Reşideddiniň Oguz hany bilen Modeniň arasynda-da dört ýüz ýyldan gowrak wagt ýatyr. Beýleki awtorlardan haýsam bolsa biriniňki dogry bolup çykaýsa welin, onda Oguz hany oguzlaryň, ýagny, turlaryň hytaý, mongol, Altaý, Sibir sebitlerine aralaşan döwürlerindenem däl-de, entek Turanda oturan döwürlerinden gözlemeli bolar. Ähli türki halklaryň hökümdary hasap edilýän, öz ygtykadyny gorap otparaz arilere barlyşyksyz göreş alyp baran, tur serkerdesi Afrasyýap, ýagny, Tunga alp är, onuň kakasy Peşeň ýaly patyşalardanam öň ýaşap geçen bolaýmagynyň ahmaldygy barada hem kelle döwmeli bolar. Çünki, Oguz hanyň ýaşan döwrüni salgy berýän awtorlaryň Reşideddinden öňňesiniň görkezýän wagty hakykatdan-da Awestada, miladydan ozalky II müňýyllygyň içinde hereket edip ýören Afrasyýabyň döwründenem has irki döwürlere baryp direýär we Oguz han oguzlar (turlar) hytaý sebitlerine baransoň däl-de, eýsem şu toprakda, Turanda otyrkalar ýaşap geçen bolaýmasyn diýen sorag öz-özünden örboýuna galýar. Ýöne, oguz taryhynyň ýeke-täk çeşmesi bolan “Oguznama” ser salsak welin, Oguz hanyň ýaşan döwri oguzlaryň gündogar ülkelere aralaşan döwrünlerine gabat gelýän ýalam bolup dur. Sebäbi beýan edilýän ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsi, jugrafiki ýagdaýy, ýerleşişi şol ýerleriň tebigaty bilen ras gelýär. Goňşularam şol etrapyň halklary Otparazlar däl. Öz aýdyşlary ýaly, “ýonma agaç taňryly gäwürler”. Ýagny, buddistler ýa-da hersi bir zadyň şekline uýup ýören köphudaýlylar. Şeýle-de bolsa, birinjiden-ä Turan ýurdunyň iňňän giň bolandygyny bir ujunyň Týan-Şan daglaryna çenli baryň ýetýändigini, Orta Aziýadan lükgeleýin süýşmezden öňem oguzlaryň şol giňişliklere ýaýrandyklaryny, hut şonuň üçinem şol çäklere Turan diýlendigini we oguz hanlarynyň, şol sanda Oguz hanyňam şol giň ýurduň islendik künjegini mekan tutunyp, merkez edinip ýaşap biljekdigini nazara almagymyz gerek. Galyberse-de Nuh pygamberiň ogly, türki kowumlaryň iň irki nesilbaşysy hasap edilýän, Türküstan ýurdunda ýaşan Ýafysyň ýazlagynyň “Oguznamanyň” salgy berşine görä, Ynanç şäheriniň golaýyndaky Urtakda we Kurtakda (Urdag we Kur dag. Abylgazynyň döwründe bu daglara Uly dag we Kiçi dag diýilýär eken. Ol Ur dagy we Kur dagy Oguz hanyň atasy Gara hanyň ýaýlagy diýip görkezýär. Garahanyň Ur han, Kur han diýen doganlary hem bolupdyr.), gyşlaklarynyň bolsa şol ýerlerden daş bolmadyk Garagumda (Karakurum), Barsuk diýen ýerde ýerleşendigini, şol ýerlerde iki şäheriň: Talas we kyrk sany tylla derwezeli Saýram şäherleriniň bolandygyny hem ýatlamagymyz gerek. Görşümiz ýaly oguzlar ýurdunyň jugrafiki gerimi diýseň giň. Onsoňam dilden-dile geçip gelen dessanlara, rowaýatlara, gürrüňlere gürrüňçiler tarapyndan her döwrüň ruhuna görä ruh goşmak, öz döwrüniň syýasatyna, dini-ygtykatyna, ýaşaýn ýeriniň jugrafiýa ýagdaýyna görä ýer-ýurt atlaryny, wakalaryň bolup geçýän ýerlerini üýtgetmek mahsus bolupdyr. Modeniň öz döwletini hut hytaý sebitlerinde gurandygyna, özüniňem hut şol ýerde ýaşandygyna hiç hili şek-şühbe ýok. Emma azm eden ýurtlarynyň atlary, harby kartasy, tertip-düzgüni, goşun serenjamy, guran döwletiniň çäkleri Oguz hanyň guran döwletiniň ýaýrawy bilenem, tutumy bilenem düýbünden gabat gelenok. Hun imperatorlygy bary-ýogy gündogarda Manjriýa, Günbatarda Hazar deňzine, aşakda Tibet, ýokarda Ural daglaryna çenli bolan aralygy öz içine alan bolsa, Oguz hanyň döwlet gerimi Demirgazyk Hytaý, Türküstan, Tibet, Hindistan, Orsyýetiň günortasyndaky Emba, Ural, Wolga derýalarynyň aşak akymlaryndaky Ural dag gerişleriniň iki tarapyny tutup ýatan daglyk, Demirgazyk Kawkaz, Eýran, Yrak, Şam, Müsür, Pereňistan ýaly ýerlere baryp ýetýärdi. Şonuň üçinem Oguz han bilen Modeni kybaplaşdyrmaklyga hiç hili esas ýok. Beýtmekligiň özi, gadymy ata-babalarymyzy , şol sanda Oguz hany hem miladydan öňki III asyra eltäge-de elinjek jaýlap gaýdybermekden, gadymy taryhymyzdan öz islegimiz bilen el ýuwup oturybermekden başga hiç zat däldir. Ýene bir zada üns bermegimiz gerek. Ýagny, Modeni Oguz han bilen kybaplaşdyrylmagynyň tarapyny tutýanlaryň içinde, Modeniň 202-nji ýylda diňlileri, gypjaklary, gyrgyzlary özüne tabyn edendigini aýdýanlar bar. Modeniň hut özi babatdaky nukdaý nazardn garanyňda bu dogrudyr, çünki, onuň döwründe şol agzalan halkyýetler özbaşdak halk hökmünde taryhy sahnada göze ilýärler, emma Oguz han döwründe olaryň ýaňy bir nesilbaşylarynyň orta çykandygy aýdylýar. Iň bärkisi gypjaklary alyp göreliň. Olar barada Abylgazynyň “Şejeren täräkimesinde” şeýle diýilýär: “...Oguz hanyň bir begi göçün alyp baryp erdi. Özi uruşda öldi. Hatuny gutuldy. Iki suwnuň arasynda han keýinden gelüp erdi. Ol hatun hamyla erdi. Tolçagy tutdy. Gün sawuk erdi. Girmekge öý ýok. Bir çürük ýygaçnyň içinde ogul togurdy hana maglum kyldylar. Erse han aýtdy. Munuň atasy biziň aldymyzda öldi. Gamhory ýok tiýip ogul okundy. Adyny Gypjak goýdy. Gadym türk tilinde içi kawuş ýygaçny gypjak diýerler. Erkendir. Bu wagtda içi kawuş ýygaçny çaçak diýerler. Gara halkyň tili gelmeslikden kafny jim okunurlar. Şol gypjak turur, çaçak diýürler. Ol oglany han öz golunda saklady. Orus we Olak we Majar we başgut illari ýagy erdi. Ýigit ýetgenden soň han Gypjakga köp nöker berip, il berip o ýakga, Tin we etil suwunyň ýakasyga ýiberdi. Ol Gypjak ýüz ýyl ol ýerlerde patyşalyk kylyp olturdy. Parça gypjak il anyň neslinden tururlar”. (Abylgazy Bahadur han. “Şejerem teräkime”). Gyrgyzlaryň aňyrsynyň oguzdygy barada bolsa, Ata Jykyýew özüniň “Orta asyr zamanynda türkmen halkynyň kemala gelşi we gelip çykyşy barada oçerkler” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Gyrgyzlar birmahallar Altaýda ýaşapdyrlar. Şol wagt olaryň hany Kirgizkan ekeni. Nesilbaşylaryna bolsa Ukuzkan diýer ekenler”. Nesilbaşylary özi bolsa, onda Oguz han hasap edilýän, III asyrda ýaşan Modeniň giden bir halka dönen gyrgyzlary nädip basyp alyp biljekdigini hem özüňiz göz öňüne getiriberiň. Modeni Oguz handyr öýtýänleriň ýene bir tutaryklary –Modeniň ýigrimi dört taýpany birikdirendigi we şol sanyň “Oguznamadaky” oguz taýpalarynyň sany bilen deň gelýändigi. Käbir taýpalaryň bolsa atlaram gabat gelýärmişin. Goşun serenjamlaram, tertip-düzgünlerem, harby-nyzamlaram meňzeşmişin Elbetde! Ol ikisi ýagny, oguzlar bilen hunlar aslynda bir halk bolsa şeýle bolman nirä gitsin?! Çünki, ýigrimi dört taýpa oguzlaryň taryhy durmuşynda has irki döwürlerden bäri hereket edip gelýär. Iň bärkisi mundan on-onbäş müň ýyl ozal Alýaskanyň, Bering bogazynyň üsti bilen Amerika kontinentine aralaşandyr öýdülýän gadymy türki taýpalaryň, şindiki indeýleriň “Popol-Wuh” atly mukaddes kitaplarynda hem olaryň gadymyýetde ýigrimi dört taýpadan ybarat bolandyklary, özleriniňem edil “Oguznahadaky” ýaly her biri on ikiden ybarat iki topara bölünendigi barada maglumat berilýär. (B. Orazow. “Watan” gazeti. 29-njy sentýabr . 1998ý.) Şonuň üçinem, Hun döwletiniň serenjamy bilen “Oguznamadaky” göze ilýän meňzeşlikleri seljereniňden soň, çaňňalyňa ilen çeňňegiň ujuny bärik däl-de, gaýtam ondanam aňyrrak, taryhyň has çuňrak ýerlerine tarap taşlamak gerek. Oguz hanyň hersi bir ygtykada uýup ýören ýigrimi dört taýpanyň hemmesini bir ynanja birikdirip, täze bir dini ynanç döredip pygmberlik derejesine ýeten, asly türki bolmadyk köp-köp halkyýetleri hem özüne tabyn etmek arkaly ägirt uly federatiw döwlet guran, iňňän gadymy şahsyýetdigine ynanmagymyz gerek. Oguz han külli oguzy köphudaýlylykdan, birnäçelerini bolsa buta uýup ýörmekden halas edip, bir hudaýlylyk dinini –Gök taňra bolan ygtykady girizýär. Ýagny, Asmany Hudaý –Taňry diýip yglan edýär. Bu hadysa Oguznamada görnüp dur. Onuň uýgur wariantynda Oguz han şeýle diýýär: Eý, ogullar ,men köp ýaşadym, Uruşlary men köp gördüm, Naýza birle köp ok atdym, Aýgyr birle köp ýöredim, Duşmanlarymy men ýyglatdym, Dostlarymny men güldürdim, Gök taňryga gulluk etdim, Sizlerge berýän men ýurdum. Şeýlelikde adamzat taryhynda Nuh pygamberden soň ilkinji gezek monoteizmiň düýbi tutulýar. Şu çaka çenli politeizme, ýgny köphudaýlylyga ilkinji zarba uranlar ýewreýler diýip düşündirýärler. Gürrüň miladydanozalky II müňýyllykda Musa pygamber tarapyndan döredilen iudaizm barada barýar. Emma Oguz hanyň Gök taňrysy ondan has irräkdir. Gök taňra uýýanlara tä yslama çenli “gök türkiler”, “gök oguzlar” diýilipdir. Taňryçylygyň hem edil yslam ýaly birhudaýlylygy, taňryny tanamaklygy ündeýändigi üçin, oguzlaryň aglaba bölegi soň yslama höwes bilen kabul edipdirler. Taňryçylyk ygtykadyndan galan sözler türkmenlerde şu günki günem edil öz döwründäkisi ýaly ulanylýar. Taňry sözi yslamyň ündeýän Allasy bilen bir hatarda durýar. Mysal üçin: “Eý, Taňrym!” (“eý,Alla!, Eý, Huda-aý!), “Taňryýalkasyn!” (Allaýalkasyn), “Taňrynyň haky üçin!” (Allanyň haky üçin), “Taňrysyny tanamaz” (Allasyny tanamaz), “Bikärden taňry bizar” (Bikärden Hudaýam bizar) we ş.m.görşümiz ýaly, Oguz han ýeke bir güýçli oguz döwletiniň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem umumyadamzat aňynda uly öwrülişik döreden birhudaýlylyk dininiň hem düýbüni tutujydyr. Modeniň terjimehalynda welin beýle uly dereje ýok. Goşun serenjamynyň oguzlaryňka meňzeşdigine garamanan, onuň guran döwleti Oguz han türkmeniňkä görä ýeke bir çäk taýdan ujypsyz bolman,eýsem, gowşak hem bolupdyr. Çünki, köşkdäki tertip-düzgünleriň köpüsi milli häsiýetlere esaslandyrylmandyr-da, hytaýlylardan göçürilip alnypdyr, öz-özlerinden göwünleri hoş bolupdyr, birek-biregiň öwgüsine meýmireşmek keseline uçran Hun serkerdeleri ýurdy diýseň biweçlik bilen dolandyrypdyrlar. B ýadaý olary L. N. Gumilewiň sözleri bilen aýtsak, “zoraýakdan siwilizleşdirilen warwarlara meňzedipdir” we taryhy nukdaý nazardan alanyňda, döwlet iňňän basym dargapdyr. Eýsem, şu döwletiň gadymyýetde ady äleme dolan, Şeýdaýynyň aýdyşy ýaly “kyrk şäherden hyraç alan”, Oguznamadan, agzeki rowaýatlarda we beýleki çeşmelerden görnüşi ýaly, ýer togalagynyň iki ýüzüne-de ýörüş eden oguzlaryň oguz döwletine, Metde hanyň bolsa şol uly döwletiň başynda duran meşhur Oguz hana meňzeýän ýeri barmy?Elbetde ýok! Aslynda, gadymy taryhçylaryň içinde Modeni Oguz handyr diýenem ýok. Ol gürrüň başda belläp geçişimiz ýaly, soň ýüze çykdy. Howwa, Oguz han gadymyýetden gözlenmelidir. Şonuň üçinem, gözleg we maglumat hökmünde şeýle hem sözümiz gury bolmaz ýaly Oguz hanyň ýaşan döwri barada biziň özümiziňem gyzykly bir çaklamany orta atasymyz gelýär. Rim ýazyjysy Warronyň berýän maglumatlaryna görä, miladydan ozalky 2130-njy ýylda Ogigus atly bir hökümdar ýunanlar ýurdunyň (Gresiýa) Beotiýa welaýatyndaky Fiw şäherini esaslandyrypdyr. Has gyzykly ýeri, onuň serkerdelik eden halkam “oguguslar” diýlip atlandyrylypdyr. Şeýle hem tutuş Beotiýa welaýaty “oguguslar ýurdy”, gurduran şäherem “oguguslar şäheri” diýlip atlandyrylypdyr. Bu bolsa Ogugusyňam, oguguslaryňam hakyky ýunanlar däl-de, gaýry ýurtdan gelendigini aňladýar. Açyk pyşgyrmanan, öňürti ýene bir mysala ýüzleneliň. Ýagny, edil şol döwür, miladydan ozalky III müňýyllygyň başlarynda, II müňýyllygyň ahyrlarynda Miken-Krit medenýeti pese düşýär. Muňa bir tarapdan ýunanlaryň özleriniň Kiçi Aziýa eden üznüksiz hem surnukdyryjy uruşlary sebäp bolan bolsa, ikinji tarapdan gündogar çeşmelerinde “deňiz adamlary” diýlip atlandyrylýän haýsydy r bir halkyň ýunanlar ýurduna çozup girendigi sebäp bolýar. Ana, şol “deňiz adamlaryny” oguzlara ýanamak üçin bizde şeýle bir tutaryk bar: ýagny, has irkiräk döwürlerde Aral deňzi “Oguzlar deňzi” diýlip, şol deňziň boýunda ýaşaýan halklar bolsa, “deňiz adamlary” diýlip atlandyrylypdyr. “Deňiz adamlary” sebäpli Krit, Miken medenýetiniň pese düşen döwrem, Ogugusyň Fiw şäherini gurduryp, Beotiýa welaýatyny “oguguslar ýurdy” diýip yglan eden döwrem oguzlaryň –öküzleriň –turlaryň ilki Öküz derýasynyň (häzirki Tejen derýasy), soň Oks derýasynyň (häzirki Amyderýa) boýlaryndan örňäp, Oguzlar deňziniň, ýagny, häzirki Aral deňziniň degrelerine aralaşan döwürlerine, miladydan ozalky II müňýyllygyň ahyrlaryna, III müňýyllygyň başlaryna gabat gelýär. Türki halklar bolsa, bilşimiz ýaly, Kiçi Aziýanyň üsti arkaly arap, semit, ýunan, pereň ýurtlary bilen has irki zamanlardan bäri “iş salyşyp” gelipdirler. Bu taryhy hem jugrafiki giň gerim “Oguznamada” hem öz beýanyny tapypdyr. Eýsem-de bolsa, şol Ogugus diýilýän serkerde dünýäniň çar künjüne ýörüş een Oguz han, oguguslar bolsa oguzlar bolaýmasyn?Şu pikirimize goltgy bermek üçin biz 1950nji ýylyň 3-nji fewralynda, AGPI-niň ylmy konferensiýasynda eden çykyşynda alym S. P. Tolstowyň hem oguzlaryň baryp-ha ant eýýamynyň awtorlary tarapyndan “augasiler” diýlip atlandyrylandygyny habar berendigini hem agzap geçmek isleýäris. Pikirimizi has berkider ýaly şeýle bir Mantyky oýlanma ýol bereliň. Ýagny, eger-de Aleksandr Makedonskiý döwründe ýunanlar Türkmenistanyň häzirki çäklerine gelip, Orta Aziýa Aleksandriýasyny (Isgendergala) gurduran bolsalar, oda olardanam has ir äleme dolan oguzlar ýunanlar ýurdunda oguzlar şäherini gurduryp bilmezlermi? Oguz-türkmen taýpalary seljuk soltanlarynyň ýolbaşçylygy astynda Kiçi Aziýa –Ruma baranlaryndan soň, Marko Polo ýaly dünýä belli syýahatçylar ol ýeri: Türkmenleriň ýurdy” diýip atlandyrypan bolsalar, onda oguzlardan ýaňa ýer çabgalana dönen Beotiýa welaýatyny taryhçylar, syýahatçylar “oguzlar ýurdy” diýip atlandyryp bilmezlermi? XV asyrda Hindistanda ýaşap geçen türkmen şahyry, serkerde we döwlet işgäri Baýram han Deli şäheriniň bir derwezesini “türkmen” derwezesi diýip atlandyran bolsa, onda oguzlar ýunanlar ýurdunda gurduran şäherleriniň bir derwezesini “oguzlar derwezesi” diýip atlandyryp bilmezlermi? Aslynda, şu edähet oguzlaryň türkmenleriň gadymdan bäri baran ýerlerinde ýöredip gelen özboluşly ýörelgeleri bolaýmasyn diýip güMan etsek bolmazmyka?Serkerde Makedonsiý şu sebitlere gelende-de Beýik oguz serkerdesi Oguz hanyň ters yzyny çalyp, oňa jogap hökmünde ýörüş edendir diýen ýaly düşünjä iýýanymyzda bolmazmyka?Elbetde, bu zatlary aňyrýany bilen takyklamagam, tassyklamagam gelejegiň işi. Onda-da biz ýaly höwesjeň däl-de bilermen, alym kişileriň işi. Ýöne, şunda esasy nygtamakçy bolýan zadymyz, miladydan ozalky III asyrda ýaşap geçen, ýaşy iki ýarym müňe-de ýetmeýän, Hun serkerdesi Mode hanyň hiç bir jähtden Oguz han bilen kybaplaşmaýandygy, kybaplaşyp-da bilmejekdigi, Oguz hanyň taryhyň has aşaky gatlaklaryndan gözlenmelidigi. Şeýle hem biz entek “türkiler” atly has üstkiräk gatlaklarynyňam üsti doly açylmadyk taryhy gatlaklaryň astynda “turlar”, “oguzlar” atly has uly, galyňdan-gayň gatlaklaryň ellenmän, diňlenmän ýatandygyna, bu babatda bütindünýä taryhyny öwreniji alymlaryňam, alymlarymyzyňam gelejekde iňňän uly, köp-köp açyşlar etjekdiklerinie, Aleksandr Makedonskiniň, Çingiz hanyň, Demir agsagyň, Napelonyň ýörişleriniň öwrenilişi kimin Oguz hanyň taryhy ýörüşleriniň hem iru-giç jikme-jik taryhy hem ylmy nukdaý-nazardan dogruçyl we doly öwreniljekdigine, umumyadamzat ylmynyň aň baýlygyna öwrüljekdigine, gadymy Ýunan, Müsür, Şumer, Wawilon, Assiriýa döwletleriniň öwrenilişi kimin Oguz han tarapyndan berkarar edilen gadymy oguz döwletiniň, Turan ýurdunyň taryhynyň-da has ykjam öwreniljekdigine ynanýandygymyzy buýsanç bilen belläp geçmek isleýäris. Çünki, häzir iň gadymy medeniýet hökmünde ýunan, rim, müsür medeniýeleri öwrenilýän hem bolsa, edebiýatyň, sungatyň iň uly irki hem kämil nusgalarynyň Gündogardan, hususan-da Orta Aziýanyň çäklerinden (Turandan), türki halklaryň ýaýran, örňän ýerlerinden, şol halklaryň medeni miraslarynyň içinden çykjakdygyny ýewropa alymlary bireýýämden bäri tassyklaşyp gelýärler. Şonuň üçinem, şol uly tutuma öňi bilen biziň özümiziň ýapyşmagymyz özümiziň goşant goşmagymyz gerek. Düýrügip oturman, akyl ýaltalygyna ten bermän, elimiziň, gözümiziň ýetmeýän ýerlerini aňymyz bilen sermelemegimiz, seljermegimiz gerek. Iň bärkisi, mundan dört müň ýyl ozalam Turan atly uly bir ýurtda ýaýnap ýören turlaryň –türkileriň –oguzlaryň –türkmenleriň halk hökmünde dünýä gelen döwrüni, atlarynyň, şahsyýetleriniň ýüze çykan möwritini kimdir biriniň ýüzugra aýdyp goýberen çaklamasyna esaslanyp düýn-öňňine getirjek bolup oturman, gaýtam, ewolýusion ösüşlerini, özgerişlerini, takyk derňemegimiz dünýä möçberinde ykrar etdirmegimiz gerek. Ýogsam ýene-de müň ýyldan soň kimdir biri Metde hanyň, ýagny, Modeniň, hytaý çeşmelerindäki Mao Dun adynyň ortasyna atdan lykda ýa bilgeşländen “Sze” sözünem goşup goýbär welin, ine onsoň oguzlary has ýigdeldesi gelýän kişileriň käbirleri: Oguz han ýigriminji asyrda Hytaý kompartiýasynyň başlygy wezipesinde işlän Mao Sze Dun boaýmasyn diýen soragyň üstünde kelle döwmeli bolarlar we özlerinem, Oguz hanam oňaýsyz ýagdaýa salarlar.
Dört delil makalasy ýa-da Magtymgulynyň Oguz han hakyndaky goşgy setiri
[düzet | çeşmäni düzet]Türkmen topragynda pasyllaryň soltany hasaplanýan baharyň iň soňky aýy –maý aýy türkmen üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mübärekleşen aýlaryň birine öwrüldi. Bu aýyň birinji ongünlügindäki Ỳeňiş baýramynyň dowamaty ikinji ongünlikde Gündogaryň şamçyragy, Turan topragynda ýaşaýan türki halklaryň ruhy zulmatda ýaşan zamanasynda —XVIII asyrda olaryň tümlüge bürenen ruhy asmanyna nur saçyp, halka geljegiň ýoluny görkezen parlak ýyldyz –türkmen milletiniň beýik aryf-danasy hezreti Magtymguly Pyragynyň hormatyna uly dabara bilen bellenýän Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen sepleşýär. Milletimiziň beýik akyldaryna döwlet derejesinde edilýän bu hormat, külli türkmeni diýseň hoşnut edýär. Milli Liderimiziň türkmen ruhunyň şamçyragy –hezerti Magtymguly Pyragy babatda amala aşyrýan haýyrly işlerini diňebir türkmenistanlylar däl, eýsem-de dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan türkmenler bimöçber alkyşlaýar. Mähriban Arkadagymyzyň aryf-danamyza goýýan çuňňur hormaty, akyldaryň döredijiligini öwrenýänlere-de ruhy hemdemlik berýär. Şu makala hem Milli Liderimiziň aryf-danamyzyň mertebelenmäge mynasyp ruhuna goýýan çuňňur hormatyna özboluşly seslenmedir.
«OGUZDAN TÄ KI, ÇINGIZ HANA ÇENLI»
Türkmeniň beýik şahyrlarynyň biri Nurmuhammet Andalyp «Oguznama» poemasynyň «Gypjak hanyň dünýä inmegi» atly babynyň 18-nji beýtinde Oguz han atamyzyň dünýäden öten wagtyndan Çingiz hanyň dünýä inen senesine çenli geçen zamanany şeýle nygtaýar:
Oguzdan tä ki, Çingiz hana çenli, Geçipdir tört müň ýyl, dah:a (ýene-de) elli...
Diýmek,Oguz hanyň dünýäden gaýdanyndan tä Çingiz hanyň dünýä inen ýylyna çenli 4050 ýyl töweregi wagt geçipdir. Şeýle bolsa, Çingiz han miladynyň 1155-nji ýyly dünýä inen. Eger ol seneden bäri 2014-nji ýyla çenli 859 ýyl geçendigini göz öňünde tutsak, ony hem goşgy setirlerindäki agzalýan 4050-niň üstünde goşup, Andalybyň hasaby esasynda jem çykarsak, Oguz han atamyzyň dünýäden gaýdanyna 859+4050 = 4909 geçipdir... Indi ýene-de Andalybyň «Oguznamasyna» dolanalyň. Ol «Oguz hanyň hakanlygyny ogullaryna tabşyrmagy» atly babynda Oguz hanyň şa tagtynda oturan döwri barada şeýle maglumat berýär:
Jahangirlik (patyşalyk) ýolunda segsen üç ýyl, Gezip, öz iline aýlandy ol, bil...
Diýmek, Oguz han atamyz 83 ýyllap dünýäniň dürli künjegine ýöriş edip, iň soňunda öz iline aýlanypdyr (dolanypdyr). Ỳokarda çykaran sanymyz esasynda Oguz han atamyzyň 2014-nji ýyldan 4909 ýyl ozal aradan çykandygyny ykrar edýän bolsak, onda ol sanyň üstüne onuň hökümdarlyk süren 83 ýylyny ham goşsak, onda «Oguz han atamyz mundan (4909+83=) 4992 ýyl ozal şa tagtyna çykypdyr» diýen netijä gelmek bolýar. Eger «Oguz han atamyz orta hasap bilen 25 ýaşanda hökümdarlyga geçiripdir» diýip kabul etsek, onda «Ol 2014-nji ýyldan (4992+25=) 5017 ýyl ozal dünýä inipdir hem-de 108 ýyl töweregi ýaşapdyr» diýen netijä gelmek bolar. Bu çaklama hasabymyzda 5-10 ýyl eýläk-beýlek bolup biler. Andalybyň poemasyndaky bu maglumaty Magtymguly akyldarlyrymyzyň şygyrlaryndan ýüze çykaran dör delilimiz bilen hem kömegi bilen hem berkidip bileris. Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda ýerleşdirilen «Ýaşy nädendir?» atly goşgusynda bar bolan iki setiriň türkmen neşirlerinde berilýän nusgany getireliň:
«OL KIMDIR, BAKYDA BIR RÖWŞEN GÖZ BAR»
Birinji delil
Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyndaky Oguz han hakyndaky syrly setirleri seljermäge girişmezden ozal, bir meseläni çözmekçi. Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanyna seljeriş işlerini ýazmagy özüme maksat edinenim bäri 20 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Zähmetimiň miwesinden 100 töweregi ulyly-kiçili makala emele gelipdir. Emma bu Magtymgulynyň syrly diwanyny içi ary baldan doly ýanlyga meňzetsek, meniň barmagyma ilen, ol ýanlykdan aşak daman bir damja bal mysalyndadyr. Şoňa-da şükür edýärin. Bu gezekki makalany ýazmak bilen edýän synanyşygymyz Magtymguly danamyzyň şygyr diwanynda Oguz han atamyza bagyşlanan syrly setirlere ünsi çekmekdir. Şahyryň 7 bentden ybyrat «Ỳaşy nädendir?» atly goşgusynyň aşakdaky setirleri şeýle nusgada ýerleşdirilen (mysalllar TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň neşir eden «Magtymguly» eserler ýygyndysy atly 2 jiltlik (Aşgabat —2013) kitapdan alynýar): Ol kimdir, bakyda bir röwşen göz bar, Öňünde magnysy tört müň tört ýüz bar... (1-nji jilt, 126 sah.) Şygyrdaky birinji setirinde neşirçiler tarapyndan doly anyklanylmadyk nätakyklyk gidipdir, sebäbi ondaky «göz» sözi biziň pikirimizçe göz däl-de «Guz» bolmaly. Arap dilinde Oguz hanyň adyny Guz, oguz-türkmenleri hem guzlar diýip ýazypdyrlar. Bulary delillendirmek üçin arap, pars çeşmelerinde däl-de, okyjylarymyzyň aglabasyna elýeter, 1957-nji ýylda Aşgabatda rus dilindeneşir edilen «Istoriýa Turkmenskoý SSR» atly taryh kitabynyň 1-nji jildiniň 178-nji sahypasyna salgylanmak ýeterlik. Onda şeýle ýazylan: «Araplar oguzlary «guza», hytaýlylar bolsa «gesa» diýip atlandyrypdyrlar». (Elbetde, bu ýerde özümden goşmaça aýtjak zadym, araplar oguzlara «guza» diýmän, «guz» diýipdirler). Arapça: «gaýn», «waw» we «ziý» harplary bilen ýazylan «guz» sözüni diňe arap elipbiýini bilýän, arap ýazuwynyň esasyndaky köne türkmen elipbiýinde «gül», «gunça», «göz» ýaly sözleri ýazmak üçin ulanylýan «gaf —(g)» harpynyň bardygyny ünsden düşüren kätip «Guz» sözüni «göz» diýip okap hem, göçürip biler. Ýöne hezreti Magtymguly ol setirleriniň başynda «Ol kimdir?» diýen sowaly goýýar ahyryn! Eger ol ýerde ynsanyň synasyndaky göz hakynda gürrüň gidýän bolsa, onda ol ýerde aryf danamyz: «Ol näme?» diýen sowaly orta atardy. Şeýlelikde, ol ýerdäki söz «göz» däl-de, has at (Oguz adynyň arapça nusgasy) Guz bolup gelýär diýsek, dogry bolar. Şahyryň: «Ol kimdir, bakyda bir röwşen Guz bar?» diýýänini sadalaşdyryp, häzirki türkmen dilinde aýtsak, ol «Baky dünýäde, ýatan ýeri ýagty (röwşen) bolan Guz diýen şahsyýeti tanaýaňyzmy?» diýýär. Ol sowala, elbetde: «Ol Oguzdyr, bakyda-da bir röwşen Guz bar» diýip, jogap berip bolar. Bu ýerde ýene-de bir meselä üns bermek gerek. Biz «bakyda» sözini häzirki wagtda «hemişelik», «o dünýäde» diýip düşünýäris. Emma «bakyda» sözüniň köpmanylylygyna üns berseň: 1. Geçmişde; 2.Taryhda diýen manylary hem bar. Mysal üçin, Abureýhan Biruniniň (miladynyň 973-1048-njiýyllarynda ýaşan) «El-asar ul-bakiýä» atly eseriniň adynda «baky» düýp sözünden ýasalan «bakiýä» sözi bar. Eseriň adyny türkmençä «Geçmişden (taryhdan) galan ýazgylar» diýip terjime etmek bolar. Şonuň üçin akyldarlarymyzyň ýokardaky şygyr setirlerinde: «Geçmiş taryhda öçmejek, ýagty yz (röwşenlik) goýan (O)Guz barada bilýäňizmi?!» diýmek isländir diýen netijäni çykarmak bolýar. Soňra bolsa şahyr seljerilen setiriň yz ýanyndaky setirde «Öňünde magnysy tört müň tört ýüz bar...» diýen ikinji setirini getirýär. Özi-de «4400 ýyl bar» diýmekden ozal «Öňünde magnysy...» diýen söz düzümini ulanypdyr. Eýsem, «4400»-iň öňündäki «magnysy» näme? Hakykatdan hem biz bu iki setiriň Oguz han atamyza bagyşlanandygyny subut etmek isleýän bolsak, onda 4400 ýylyň üstüne akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä inen wagtyndan bäri şu ýyla çenli geçen 290 ýyly goşsak-da, 4400+290 = 4690 bolup, ol ýokarda Andalybyň hasabyndan çykaran jemimiz 5017 hasabyna dogry gelmeýär. Bu ýerde bir syr bolmaly. Biz bu syry açmak üçin «öňünde magnysy» diýen söz düzümini dolulygyna ebjet hasabyna salyp görmegi dogry bildik: arap elipbiýinde türkmeniň diliniň «öňünde» sözündäki «ö» harpyny aňlatmak üçin «elip» hem-de «waw» harplaryny bile ýazmaly): «elif» bilen «waw» —7+«n» (nun) —50+«g» («gaf») —20+«waw» —6+«n» (nun) —50+«d» (dal) —4+«e» («ha-ýe häwwäz») —5 = 142. Şeýlelikde, «öňünde» sözüniň ebjet hasabyndan çykýan sanyň jemi —142 bolýar. Indi bolsa «manysy» sözüniň ebjet hasabyny çykaralyň: «m» (mim) —40+«a» («aýn») —70+ «n» («nun») —50+ «y» («ýa») —10+ «s» («sin») —60+ «y» («ýa») —10 = 240. «Magnysy» sözüniň ebjet hasabyndan çykýan sanyň jemi = 240. Indi bize ebjet hasabyna salnan sanlar bilen göni agzalan sanlary goşaýmak galýar: 142+240+4400 = 4782. Magtymguly Pyragynyň ol setirleri ýazan zamanasyny kesgitlemek üçin Andalybyň poemasyndaky setirleriň esasynda çykarylan 5017-den Magtymgulynyň şygyrlarynyň hasabynda emele gelen 4782-ni aýyrýarys. 5017-4782 = 235. Indi bolsa, häzirki ýaşap ýören ýylymyzdan —2014-nji ýyldan 235-i aýyrýarys. 2014-235 = 779. Diýmek, bu çaklama boýunça şahyr bu şygyryny 1779-njy ýylda ýazypdyr diýmek bolýar.
Ikinji delil
Görnüşi ýaly, her näçe geň hem bolsa, Nurmuhammet Andalyp bilen Magtymguly Pyragynyň setirlerindäki: Oguz hanyň dünýä ineninden bäri 5017 ýyl geçipdir, onuň ömrüniň dowamlylygy hem 108 ýyl bolupdyr diýmäge esas berýändigi baradaky pikirleriň gaýtalanmagy ýöne ýerden däl. Türkmen akyldarlarynyň Andalyp bilen Magtymgulynyň ikisi hem bu meseläni özüçe düşündirmegi başarypdyr. ... Hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanynda şu ýerde seljermäge mynasyp ýene-de bir irki setir bar. Ynha, ol setir türkmen neşirlerinde şeýle nusgada çap edilýär: Tört müň tört ýüz ýaşan Lukman hekimiň, Başy gara guma batdy, ýaranlar! Bu setirleriň çap edilen nusgasynyň asyl nusga golaýdygyna şekim bar, çünki yslam dinine degişli ygtybarly çeşmeleriň hiç birinde Lukman hekimiň 4400 ýaşandygyny barada maglumat ýok. Aslynda «hekim» sözi «tebip» sözüni aňlatman, «dana», «paýhasly», «akyldar»... diýen manylary berýär. Eger taryhda Lukman lakamy bilen meşhur bolan Gippokrat (miladydan ozalky 460-370-nji ýyllarda ýaşan) ýa-da Abu Aly ibn Sina (miladynyň 980-1037-nji ýyllarynda ýaşan) 4400 ýyl ýaşamadyk bolsa, onda hezreti Magtymguly näme üçin «Lukman atly hekimiň 4400 ýaşandygyny» nygtaýarka? Eger Magtymguly beýle diýmedik bolsa, onda näme üçin neşirlerde ol setir hut ýokardaky nusgada?Bu sowallary köpeldip hem bolar. Bu ýerde «Birinji setirdäki «lukman» sözüň üýtgemegine goşgyny arap elipbiýinden göçürenler ýa-da arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenleriň haýsydyr bir sebäbe görä goýberen säwlikleri sebäp bolupdyr» diýen netijä gelmek bolar. Indi bu ýerde Oguz adynyň arap elipbiýinde ýazylşyna üns bereliň 1..زوغا4زوغ..2
زغوا3زغ Gadym döwürlerde (hatda geçen asyryň 70-nji ýyllaryna çenli hem) hemme ýerde ýazuw syýa per (pero) batyrylyp ýazylýardy. Eger syýaly ýazylan kagyz çyg çekse welin harplar gürrüňsiz ýoýulýar. Onsoň olary okamak hem kynlaşýar, ýoýulmalar emele gelýär. Indi Oguz adynyň syýa bilen ýazylan nusgasy (1-nji şekil) syýasy (kagyzy) çyg çekip, ol ady nähili derejede üýtgedip biljekdigini (2-nji şekil) göreliň:
1. نمقول.
2. زغوا
Ilkinji şekil göçüriji, eger ol «lukman» sözüniň arapça dogry ýazylyşyndan asla bihabar ýa-da onuň çyg çekip ýoýlandygyndan habarsyz kätip bolsa «Oguz» sözüni tebigy şertlerde ýoýulmalara sezewar bolan nusgasyny «lukman» diýip göçirip biler ýa-da ol sözi okaýan hem şeýdip biler. Elbetde, arapça «lukman» ady biraz başgaça ýazylýar, emma halkymyzyň «Her molla öz bildiginden okar» diýen sözi hem ýöne ýerden dörän däldir. Ýüreklerinde ýagşy işi edesi gelýän hem bolsa, elipbiýni özleşdirdim hasaplan mollaryň hemmesiniň sowat derejesi deň bolan däldir. Soňra 1900-nji ýyllardan 1928-nji ýyla çenli arap elipbiýinde çekimlileri ýazmak, ýagny jeditçe (jezitçe) elipbiý halk arasynda rowaç bolupdyr. Şeýle häsiýetli ýene-de bir mysal bu setirleri arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenler, ol ýerdäki «Garagum» diýen sebit adyny baş harpy bolmaýan arap elipbiýsindäki «gara gum» diýip sypat görnüşinde kabul edip, kirill elipbiýsinde we häzirki milli elipbiýimizde-de setir harpy bilen ýalňyş ýazypdyrlar. Emma ol ýerdäki Garagumuň manysy –Türkmen ülkesi. Şeýlelikde, ol iki setir hakykat ýüzünde şeýle nusgada bolmaly. Tört müň tört ýüz ýaşan Oguz hekimiň, Başy Garaguma batdy, ýaranlar! (2-nji jilt 70 sah) Ozalky seljeriş setirlerimizde Magtymguly Pyragynyň hasabynda onuň öz döwrüne çenli Oguz hanyň aradan çykanyna (4400+240=) 4640 ýyl geçipdir diýýändigini nygtapdyk. Ỳokardaky setirlerde şahyr Oguz han atamyzyň aradan çykan wagtynyň däl-de, «ýaşan», ýagny «dünýä ineni bäri» geçen zamanyny aýdýar. Bu ýagdaýda hem 4400 ýyl Oguz han bilen bagly 5017 ýyla gabat gelmeýär. Şonuň üçin bu ýerde hem «4400» sandan soňky «ýaşan» diýen sözi ebjet hasabynda sana öwreliň (sebäbi ol ýerdäki «ýaşan» sözi mantyga-logika hem laýyk gelmeýär): «ý» —10+«a» —1+«ş» —300+«a» —1+«n» —50 = 362. Ol sany 4400-iň üstüne goşsak, 362+4400 = 4762 ýyl bolýar. Akyldar ýokardaky setrirleriniň üsti bilen türkmeniň nesilbaşysy Oguz han atamyzyň dünýä ineninden (şahyryň ol setirleri ýazan zamanasyna çenli) 4762 ýylyň geçendigini habar bermek isläpdir. Indi Magtymgulynyň bu setirleri haçan, haýsy ýyl ýazandygyny kesgitlemek üçin, ozalky çykaran sanymyyz 5017–den 4762-ni aýyrýarys. 5017-4762 = 255. Bu 255-i häzirki 2014-nji ýyldan aýyrýarys. 2014-255 = 1759. Diýmek, şahyr bu setirlerini miladynyň 1759-njy ýylynda ýazypdyr.
Üçünji delil
Magtymguly atamyzyň şygyr diwanynda «Zory gitmezmiş» atly şygyr ýerleşdirilen. Onda şeýle setirler bar: Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary, Iki müň iki ýüz Resuldan bäri... (2-nji jilt 230 sah) Ilkinji nobatda ikinji setiri seljerip, soňra uzak düşündiriş talap edýän1-nji setirde geçmek isleýärin. Kitaby neşire taýýarlanlar (goşgyny arap elipbiýinden türkmen elipbiýine geçirenler) 2-nji setiriň birinji sözüni ýalňyş okapdyrlar. Arap elipbiýinde «iki» sözüni ýazmak üçin «elip», «ýa», «kaf» we «ýa» harplaryny ýazmaly. Ỳöne «ýeke» diýip ýazmak üçin bolsa «ýa» ,«kaf», «he» (ha-ýe häwwäz) harplary ýazylmaly. Bu şygyry arap elipbiýinden geçirenleriň nähili säwlik goýberenlerini aýdyp bilmesemem, birinji sözüň «iki» däl-de, «ýeke» diýip okalmalydygyny bütin jogapkärçilik bilen aýdyp bilerin. Çünki, ol setirde akyldarymyz: «Resuluň (hezreti Muhammet pygamberiň) dünýäden öteli bäri 1200 ýyl («Ỳeke müň iki ýüz») ýyl geçdi» diýmek isläpdir. Eger biz ol setiri diwany neşire taýýarlanlaryňky ýaly «Muhammet pygamberiň dünýäden gaýdaly bäri 2200 ýyl geçdi» diýsek ol gülkünç bolýar. Häzirki wagtda ondan bäri bary-ýogy hijri-şemsi hasabynda 1392 ýyl, hijri-kamary hasabynda bolsa 1434 ýyl geçen. Şeýle bolýan bolsa, hijri senenamasynyň birinjisi (şemsi) boýunça 2200 ýyla ýetmek üçin ýene-de 808 ýyl, ikinji (kamary) hasaby boýunça bolsa ýene 766 ýyl gerek. Akyldarymyzyň hezreti Muhammet pygamberiň dünýäden gaýdan zamanasyndan özüniň ýokardaky setirlerini ýazan ýylyna çenli 2200 ýyl geçdi diýmegi asla mümkin däl. Şonuň üçin ol setir: Ỳeke müň iki ýüz Resuldan bäri... nusgasynda düzedilip okalsa, ol dogry bolar. Häzirki wagt hijri-kamary hasabynda 1435-nji ýyl. Hijri-kamarynyň 1200-nji ýylyny milada geçirmek üçin ony 97-ä köpeldýäris. Çykan sany 100-e paýlap, onuň üstüne 621-i goşýarys. Bu hasap boýunça akyldarymyz ol setiri (ýagny «Ỳeke müň iki ýüz Resuldan bäri» diýýän goşgusyny) miladynyň 1785 (86) –nji ýylynda ýazypdyr. Bu setiriň meselesini çözdük diýip, indi 1-nji setiri seljereliň. Aryf-danamyzyň ol setiri: Dört togsan müň elli alty dünýäniň bary... diýmegi şol ýagdaýda hiç kime düşünikli däl bolsa gerek. Ol setirde «Dört» ýa-da «togsan» sözleriniň haýsyda bolsa biri öz ýerinde däl ýa-da ol sözlerde bir syr bar. Ỳadyňyza düşýän bolsa, Nurmuhammet Andalyp hem öz «Oguznamasynda» Oguz hanyň dünýäden öteninden Çingiz hanyň dünýä inen senesine çenli: Geçipdir tört müň ýyl, dah:a (ýene-de) elli... diýip ýatlaýardy. Şeýlelikde, Nurmuhammet Andalyp «4050...» ýyly getirýär. Hezreti Magtymguly bolsa «dört» sözi bilen «müň» sözüniň arasynda şol ýerde, şol ýagaýda hiç hili many aňlatmaýan «togsan» sözüni getirýär. Eger biz ol ýerden «togsan» sözüni aýryp okasak, aryf-danamyzyň hem getirýän sany 4056 ýyla deň bolýar. Emma bu setirde, şol ýagdaýda şahyr Oguz han barada söhbet açypdyr diýmäge esas bolmaýar, çünki 4056-nyň üstüne 1785 (86) –nji ýyldan bäri geçen 227 ýyly goşsak bu sanlaryň jemi 4283 ýyl bolup, ol biziň Oguz hanyň dünýä ineni bäri ozalky nygtaýan 5017 ýyl aradan çykaly bäri bolsa 4909 ýyl diýýänimize asla gabat gelmeýär. Şonuň üçin biz, ol setirdäki öz ýerinde bolmadyk «togsan» sözüni hem ebjet hasabynda sana geçireliň. «T» —400+«o» —6+«g» —100+«s» —60+«a» —1+«n» —50 =617. Indi biz 4056-nyň üstüne 617-ni goýarys, 4056+617 = 4673. Bu 4673 ýylyň üstünde şahyryň ol setirleri ýazan senesini 1785-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçen döwri milady hasabynda däl-de, hezreti Magtygulynyňky ýaly hijri-kamary senenamasy boýunça çykarýarys (milady hasabynda ol geçen döwür (2014-1785=) 229 ýyl bolýar). Ol hijri-kamaryda 236 ýyldan ybarat bolýar. Bu 236 + 4673 = 4909 ýyl. Diýmek, hezreti Magtymguly ol setiriň üsti bilen türkmenleriň dünýä senenamasy Oguz han atamyzyň aradan çykan senesinden, ýagny mundan 4909 ýyl ozal (hezreti Magtymgulynyň ol setirleri ýazan döwründen bolsa 4673 ýyl ozal) başlandygyny aýtmak isläpdir. Ol 4909 ýylyň üstüne atamyz Oguz hanyň ýaşan108 ýaşyny goşýarys welin, onuň dünýä ineli bäri häzirki wagta çenli geçen wagt ol setiriň seljerşinden çykýan hasap ene-de 5017 ýyla gabat gelýär duruberýär. Mälim bolşy ýaly, gadymy dünýäniň taryhynda döredilen (ulanyp başlanan) senenamalar aglaba ýagdaýda beýik hökümdarlaryň dünýä inen ýa-da aradan çykan... ýyllaryndan başlapdyr. Mysal üçin, milady hasaby hem öz gözbaşyny Isa pygamberiň dünýä inen senesinden başlaýar. Şeýle mysallar taryhda ýetik.
Dördünji delil
Magtymguly Pyragynyň «Kaýdady bilinmez» atly sowal görnüşli goşgusynda: Tört müň tört ýüz kyrk tört sapasyn sürsün... diýen setir bar. Ol setir özüniň öň ýanyndaky ýa-da soňundaky setir bilen pikir taýdan baglaşman, özbaşdak gelýär. Onsaň, akyldar näme üçin eýesiz sözlem ýasap, sözlemiň eýesi hökmünde «4444» diýen syrly sany getirýärkä?! Hut şonuň hem Oguz han atamyz bilen bagly bolaýmasyn diýen pikir bilen bu setiri seljermäge girişdim. Elbetde, «4444» bu setirde göze görnüp duran san. Biz ol setirdäki «sapasyn» sözüniň hem ebjet hasabynda aňladýan sanyny çykaralyň. «Sad» (s) —90+«fe» (f) —80+«elip» (a) —1+«sad» (s) —90+«ýa» (y) —10+«nun» (n) —50 = 321. Bu sany 4444-üň üstüne goşsak, 4444+321 = 4765 bolýar. Şahyr ýokardaky setirleri bolan «Kaýdadygy bilinmez» atly goşgusyny miladynyň 1762-nji ýylynda ýazypdyr diýip açyk aýdyp bilýäris. Eger 1762–nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçen 252-ýyly ol 4765-iň üstüne goşsak, ýene-de bu setirden hem umumy çykýan san 5017 ýyla deň bolýar duruberýär. (Çünki, ozalky delilde çykaran 5017 ýyldan 252-i aýyrsak 4765 çykýar. Eger 2014-den 252-i aýyrsak, çykýan san 1762-nji ýyl bolýar). Şeýlelikde, «Şahyr bu setiriniň üsti bilen özüniň şol setirleri ýazan wagtyna çenli dünýä inenden 4765 ýyl geçen Oguz hanyň nesil dowamatlary bu dünýäde abraýly döwran sürmegi dowam etdirewersin diýmek isläpdir» diýen netijä gelmek bolýar.
Sözsoňy
Şeýlelikde, türkmen milletiniň akyldary hezreti Magtymguly babatda käbir bilermensireýäniň «Ol näme üçin Oguz han barada öz şygyr diwanynda hatyralanmandyr?» diýen bolup akyl satmagyna bu seljeriş ýazgylary geljekde böwet bolar diýip umyt edýärin. Milli Liderimiz hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletimiziň şanly geçmişini dikeltmek, geçmişde ýaşan beýik ata-babalarymyzyň mertebesine-mertebe goşup, ruhlaryny hoşnut etmek üçin durmuşa geçirýän ýagşy işleri müňlerçe ýyllaryň gerdişini göterip gelýän goja türkmen halkyny geçmişe buýsandyryp, geljege galkyndyrýar. Ata Watanyna, milletine ýagşylyk etmegi başaran, başarýan islendik Şahsyýet goja zeminiň taryhynda ýalkanandyr, ýalkanýandyr! Eger şeýle bolýan bolsa, Türkmeniň milli Lideri hem ýalkanmaly şahsyyetdir.
Oguz han taryhy şahsyýetmi
[düzet | çeşmäni düzet]Gorkut ata kitabynda Oguz han hakynda şeýleräk maglumatlar bar. «Howa hanym! Bir gün oguz ili otyýrka, üstüne ýagy çozýar. Tün içindе il ürkýär. Gaçyp gidеn wagty Aruz gojanyñ oglanjygy galýar. Ony bir arslan tapyp еslеýär. Oguz ýеnе öýüne gеlip, ýurdunda gonýar. Oguz hanyñ ýylkyçysy gеlip, habar gеtirýär...» Bu kiçiräk parça gerekli maglumat bolup hyzmat edýär. Birinjilik bilen Oguz hanyň Oguzlaryň Mifiki eposynyň ady birje gezek şol gysgajyk ýazgyda galdyrylypdyr. Diýmek, Gorkut dessanlarynyň wakalary Oguz hanyň örän gadymy döwürlere degişlidigine yşarat edýär. Ikinjisi oglanyň Besediň arslan (ýolbars) tarapyndan ulalyp ýetişmegi bolup biljek zat.däl. Depegöz ýaly obrazlaryň hem asly örän gadymy, hatda gadymy grek mifleriniň emele gelip ýazylan döwürlerine gabat gelýär. Gorkutşynasçylaryň biri bolan Dits 1812-nji ýylda ýazan makalasynda Depegöz beýleki Sikloplara (döwi), aýratynam Gomeriň ýazan siklopy bilen örän meňzeş. Gorkut atanyň oguz siklopy greklerden göçürlen däl. Greklileriňki onuň sunutnamasy. Greklileriňki köne däl bolsa, oguzlaryňky hem täze däldir [Anar. «Dədə Qorqud dünyası". Baku-1992] Oguz iliniň gadymy rowaýatlaşdyrylan Oguz han zamanyndan bäri üýtgedilmedik bolup, şol bir ýurtda ýaşamagy, biziň eramyzdan ozalky birinji müňýyllygyň ortalarynda hatda gadymy hatda gadymy grek eserlerinde hem ýazga geçirlmegi, eposyň suratlandyrylmagy dünýäniň meşhur alymlary tarapyndan kabul edilipdir. Şondan hem belli bolýar, Oguz iliniň dili hatda Gadymy Grekler üçin bellidi. Akademik B. Piotrowskiý Teýşebany Galagyran galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçireninde şeýle diýdi:... Bu galanyň gadymy dünýäniň bütin ülkeleri bilen baglanyşykly bolup; bu ýerde Assiriýa we Aralyk deňiziniň kenaryndan getirlen gymmatbaha tapyndylary, Hindistandan getirlen monjuklar tapyldy» [B. Piotrowskiý. «Wanskoýe sarstwo Urartu». M.,-1959. sah-22]. Meşhur sowet arheologlarynyň XX asyryň ortalarynda äşgär eden hakykatlary «Kitaby Kakam Gorkud» yň içindäki maglumatlar 1300 ýyl ozal galama alnypdyr. Siriýadan Sewan kölüne (Göýçä) çenli uzanan arealdaky meňzeş grafikaly kitaplaryň haýsy etnosyň dilinde ýazylandygyny aýdyňlatmak üçin üns beren: XIV asyr taryhçysy Reşideddin özüniň «Jamyguttawaryh» eserini gadym Oguznamalar esasynda tertipläp ýazandygyny we eseriň «Taryhy Oguzan we Turkan» atly ikinji kyssasynda ýazýar: «... Oguz han Sewan kölünden Hazar deňzine tarap göç etdi. Şirwana we Şama ilçi gönderdi. Arana we Mugana hereket etdi... Ýaýlakda oturan wagtlary bütin ülkeleri ele geçirip zabt etdiler. Azerbeýjan welaýatyny hem aldylar[«Oguz dessany-Reşideddin oguznamasy» Stambul-1972. sah-30.] XVII asyr taryhçy Hywaly Abulgazy Bahadur han özüniň «Şejereýi teräkime» eserinde Oguz hanyň Azerbeýjany, Yragy, Siriýany basyp alyp söweşde ussatlyk görkezenlere aýratyn at we dereje beripdir. XVI asyr taryhçysy Ebu Bekr Tehrany bolsa ýene gadym oguznamalara salgylanyp «Kitaby Diýarbekriýe» (Ak goýunly türkmenleriniň taryhy) atly eserinde: «Patyşa Baýandyr han Eýran, Turan, Rum, Şam, Müsür, Ifranjy basyp aldy» diýilýär we mifik täsirleriň bardygyny görse bolýar. Azerbeýjan taryhynda her wakalar tersine bolup Türki döwletleri Parslaryň, Assiriýalylaryň, Araplaryň, Grekleriň aralaryndaky söweşleriň bolup geçen wagtlarynda peýda bolup, taryhda bolsa epizodik rollar ýöňkelipdir. Hywaly Abulgazy hanyň beren maglumatlaryna görä Oguz han real taryhy şahsyýet bolup we Muhammet pygamberden 4000 ýyl ozal, ýagny bizin eramyzdan IV müňýyllygyň soňlarynda,takmynan 3400-3500-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Bütin dünýä taryhçylary tarapyndan baha berilen Reşideddin hem Oguz hany real taryhy şahsyýet hasaplap onuň gabrynyň Sewan (Göýçe) kölüniň ýakynlarynda bolandygyny aýdýar. XIX asyryň meşhur rus rus kompozitory, birnäçe Aziýa halklarynyň taryhyna degişli maglumat toplan N. Ý. Biçurin (Iakinf) bolsa Oguz hanyň taryhy şahsyýet bolandygyny birmanyly şekilde tassyklaýar we onuň biziň eramyzdan ozalky III-II müňýyllyklarda ýaşandygyny aýdýar[N. Ý. Biçurin-Iakinf. Sobraniýe o narodah, obitawşih w Sredneý Azii w drewniýe wremena. M. -L., 1950. sah-225]. XII asyr taryhçysy Baýburtly Osman bolsa öz ýüzýyllyklarynda ýazyjysy belli bolmadyk gadymy kitabynda «Bähr el-Ensab» hakynda maglumat berýär. Şol kitapda Gotkut atanyň wakalary aýdyň görülýär. Hem şol kitapda Baýandyr han iliniň biziň eramyzdan öňki döwürlerde hem oturandyklary hakynda öz beýanyny tapýar. XIV asyryň oguz asylly taryhçysy Ebu Bekr bin Abdulla bin Aýbek ad-Dawadari bolsa özüniň «Düräri tijan» atly eserinde biziň eramyzyň IV asyrynda näbelli awtor tarapyndan ýazylan «Ulu han Ata bitikçi» kitaby barada maglumat berýär we şeýle ýazýar: «Türki dilli halklara ullakan söýünji bilen bagş edilen bu kitap oguzlar arasynda örän meşgurydyr. Çünki kitapda oguzlaryň 3000 ýyl mundan ozalky wakalary, örän irki durmuşlaryndan we ilkinji hökümdarlaryndan, gahrymanlaryndan habar berýär. Kitapda Depegöziň Peri gyzyndan dogulmagy, oguzlarda ýitginiň bolmagy we Aruz oglu Beset tarapyndan öldürilmegi we Oguz han jümlesiniň şol bölümde agzalyp geçilmegi baglanyşdyrylypdyr. [H. Görogly. «Oguzskiý geroiçeskiý epos». M., 1976. s.-38].