Owşar
Owşar — Taryhy çeşmelerde awşar, afşar görnüşlerinde duş gelýän bu etnik topar gadymy oguz-türkmen taýpalarynyň biri bolup, Mahmyt Kaşgary we Salar Baba ony 24 taýpanyň 6-njysy, Reşidetdin, Ýazyjy ogly we Abulgazy hem 9-njysy hasaplaýarlar. Salar baba Owşary Oguz hanyň ogly Aýhanyň ikinjisi perzendi diýse, agzalan alymlaryň beýlekileri ony Ýyldyzhanyň birinji ogly diýip görkezýärler. Adyň manysy barada olaryň pikiri şeýle: «çewik (çalasyn) we bagşy haýwan awyna höwesli» (Reşidetdin), «çustu çalak (çalasyn) we awa, janawara, guşa höwesli» (Ýazyjy ogly), «çalak», ähtimal, «çalasyn» (Salar baba), «işni ýyldam işlegçi» (Abulgazy). Abraýly çeşmelerde bu adyň etimologiýasy barada ýokarda ýatlanan pikirleriň tersine, biz ony düýbünden başga hili düşündirmekçi: 0wşar diýen etnonim og (ow) sözünden we -ş hem-de -ar goşulmalaryndan emele gelipdir. Og «taýpa», «il» diýen manydadyr, -ş we -ar bolsa jemi, köplügi bildirýän gadymy türki goşulmalarydyr. Etnonimiň asly owuş bolupdyr, muny ýomutlaryň orsukçy urugynyň düzümindäki owuş diýen tiräniň ady hem tassyklaýar. Ow we -uş一biri-biri bilen sepleşip, bir söze öwrülip gidenden soň, onuň yzyna köplügi aňladýan -ar goşulmasy ikinji gezek goşulypdyr. Abdallaryň osgşuk (ogşukbaba) tiresiniň adynda bolsa oguş sözüniň yzyna köplügi aňladýan başga bir goşulma一-yk goşulypdyr. Gazaply Nedir şany dünýä inderen bu taýpa şu şanyň döwründe iň kuwwatly ile öwrülýär, ol Eýrana, Türkiýä we Azerbeýjana hem ýaýraýar. Ýerli alymlaryň biragyzdan ykrar etmeklerine görä, Azerbeýjandaky Apşeroun (azerbeýjança Awşaran, ýagny «awşarlar») ÿarym adasyna hem şu ýere Türkmenistandan göçüp gelen awşarlaryň etnik ady dakylypdyr. Nedir şa döwründe esasy bölegi Eýrana giden owşarlaryň galan bölekleri soňra aýry-aýry tireler hökmünde gökleň, mürçeli, esgi we ärsary taýpalarynyň düzümine siňipdirler, mürçelileriň bolsa uly bölegini emele getiripdir. Alilileriň düzüminde-de owşarlar uly rol oýnapdyr.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah 164.