Mazmuna geçiň

Baýyndyr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Baýyndyr Oguz hanyň 4-nji ogly Gök hanyň uly oglynyň adydyr. Ol Üç ok kowumlarynyň iň ulusydyr. Adynyň manysy «Hemişe baý we nygmatly». Tagmasy «Ş» harpyna meňzeş. Guşy一şuňkar, Süýegi一sol gary, ýagyrny. Rowaýatda bularyň guşlary ýatgundyr diýilýär[1]. Baryp orta asyrlarda Baýyndyr (a sesi uzyn aýdylýar) we Baýat taýpalary oguz türkmenleriniň özbaşdak etnik toparlary hökmünde taryhyň sahnasyna çykanlygyna, baý diýen urug-tireleriň bolsa aglaba türkmen taýpalarynyň düzüminde duş gelýändigine seretmezden, biz bu etnik toparlaryň bir kökden, atlarynyň hem şol bir sözden ýüze çykandygyna şübhelenmeýäris. Aşakda etjek gürrüňimiz bu pikiri delillendirse gerek. Baý ýa-da baýlar diýen etnonimler ata, garadaşly, ýemreli, ýomut, mukry, olam, salyr, saryk, teke, ärsary ýaly türkmen taýpalarynyň däl, eýsem başgyrt,gazak, gyrgyz, özbek, Krym tatarlary ýaly türki halklaryň düzüminde-de bar. Bu etnonimleriň Günorta Sibiriň we Demirgazyk Altaýyň territoriýalarynda ýaşaýan samodiý halkyýetlerinde we mongollarda baý diýen etnik toparyň biziň eramyzdan öňki birinji müňýyllygyň ahyrlarynda türki, mongol we somadiý halkyýetleriniň gatyşyp ýaşan döwründe dörändigini belleýär. Ol şol döwürde uly etnik topary (taýpalar birleşigini) emele getirip, soňra agzalan halklaryň arasyna siňip giden bolsa gerek diýlip çak edilýär[2]. Mahmyt Kaşgary Baýyndyrlary 24 Oguz-türkmen taýpasynyň üçünjisi hasaplaýar. Häzirki döwürde Köneürgenç raýonynda Baýyndyroý diýen obanyň, Garrygalada Bagandar atly çeşmäniň we galanyň, gökleňleriň, çandyrlaryň düzüminde baýyndyr diýen urug-tireleriň bardygyna seretmezden, Kaşgarynyň zamanynda sany we güýji boýunça üçünji orunda duran bu kuwwatly taýpanyň uly bölegi XI asyrda seljuklar bilen häzirki Türkiýa, Yraga, Siriýa, Kawkaza gidipdirler, şonuň üçinem bu taýpa häzirki Türkmenistanda onçakly uly yz galdyrmandyr. Akademik W. W. Bartold orus senenamasynda köp agzalýan «BERENDEÝ» diýen türki taýpanyň adyny şu baýyndyrlaryň adynyň üýtgän görnüşi hasaplaýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistandan giden şol baýyndyrlaryň XIV一XV asyrlarda Tigr derýasynyň ýokary akymynda kuwwatly Akgoýunlylar döwletini esaslandyrandygyny, Uzyn Hasan ýaly meşhur patyşalaryň we güýçli serkerdeleriň ençemesiniň şu taýpadan çykanlygyny bellemelidiris. BAÝYNDYR diýen atda baý sözüniň yzyna goşulýan goşulmalar has çylşyrymlydyr: baý-yn-dyr. Bularyň birinjisi -i (-yn, -ýen, -in, -un, ün) bolup, ol oglan (asly一ogul一an) eren, goşun, bütin, tozan, ilen-çalan ýaly sözlerde we alpan, garkyn, gyzan (guzan, ýagny oguz-an), keman, haryn, çakan ýaly türkmen etnonimlerinde duş gelýär. Onuň yzyndaky -dyr goşulmasy aslynda ýokarda agzalan -t (-at, -et) we -r (-ar, -er, -yr, -ir) goşulmalarynyň birikmeginden hasyl bolup, ol-da köplügi aňladýar.

[1] Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat一2001. sah-82.

[2]. Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmeniň nesil daragty). Aşgabat. «Turan一1» 1994. sah-61.