Mazmuna geçiň

Baýat

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Mahmyt Kaşgarlynyň döwründe 9-njy orunda duran baýat taýpasy weli, onuň ady bilen baglanyşykly toponimlerden çen tutsaň, biziň respublikamyzda goja Hazaryň kenarlaryndan başlap, Amyderýa boýlaryna çenli aralykda mesgen tutupdyr. 1928-nji ýyla deňeç Gyzyletrek posýologyna Baýathajy diýlen bolsa, Darganata, Dänew, Türkmenabat (Çärjew), Sakar, Farap we Hojambaz raýonlarynda baýatlar häzire çenli kowçum-kowçum bolup ýaşaýarlar. Buhara welaýatynyň köp raýonlarynda, ylaýta-da Alatda we Garakölde bu taýpanyň uly bölegi ýerleşýär. Olar Täjigistanda-da duş gelýärler. Azerbaýjanda baýatlar Ganja şäheriniň töwereklerinde, Agjaberdi, Guba, Neftçala, Ujar, Şamahy, Şuşa raýonlarynda ýaşaýarlar. Ýeri gelende aýtsak, hut Gorkut atanyň özi we beyik Füzuli hem şu baýatlardan gelip çykypdyr. Owganystan, Eýran, Türkiýe, Yrak, Siriýa ýaly ýurtlarda-da baýatlaryň köp sanlysy bar. Bu ülkelere (Owganystandan beýlekilere),şeýle-de Kawkaza olar seljuklaryň ýörişi döwründe aralaşypdyrlar. Mahmyt Kaşgary, Reşidetdin (XIV asyr), Ýazyjy ogly (XV), nusaýly Salyr Baba Gulaly ogly (XVI asyr), Abylgazy (XVII) ýaly orta asyr alymlary Baýady Oguz hanyň Gün han diýen oglundan bolan ikinji çaganyň ady hasaplaýarlar we onuň manysyny hem «aşly-nanly», «döwletli», «bagtly», «baý» diýip düşündirýärler. R. G. Kuzeýew bu taýpanyň adyny oguz-türkmen taýpasy peçenekleriň (itbeçene) Baýaut urugynyň ady bilen baglanyşdyrýarlar.