Mazmuna geçiň

Salyr

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Salyrlaryň nyşany

Salyr — Türkmenleriň içinde häzire çenli özbaşdak taýpalygyny saklap gelýän iňňän gadymy oguz-türkmen taýpasynyň biri salyrdyr. Mahmyt Kaşgary ony 24 türkmen taýpasynyň içinde 5-nji orunda goýýar. Orta asyr alymlarynyň galanlary (Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba we Abulgazy) bu taýpany 17-nji orna geçirip, ony Oguz hanyň Daghan oglunyň birinji çagasyndan ýaýran il hasap edýär. Adyň manysy barada bu alymlaryň pikiri şeýle: Reşideddin: «Nirä barsa, gylyç we çalagy (naýzasy) iş görür»; Ýazyjy-ogly: «Sal, ur, ýagny kanda bolsaň, gylyç bilen çomagyň rowan bolsun»; Salar Bab: «Her kişi ýetse, gylyç we çalak urgaý»; Abulgazy: «Gylyçly». Bu alymlaryň ählisi salyrlaryň tagmasynyň gazaýakly (ýagny gazyň aýagyna meňzeş) bolandygyny görkezýärler. Hut şonuň üçin Salyrlara geçmişde gazaýaklylar hem diýlipdir. Şeýlelikde, ýokarda sanalan alymlaryň ählisi salyr diýen ady «Salyr» («Gylyç salar») sözleri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu bolsa eýýäm orta asyrlarda salyr etnoniminiň hakyky manysynyň unudylandygyny, onuň şol döwrüň dilinde bar bolan sözler arkaly düşündirilmäge başlanandygyny görkezýär. Türki etnonimleri derňän Ý. Nemet ýaly meşhur alym hem salyr sözüniň şu manysyndan uzaklaşyp bilmändir we bu ady «çozuşa taýyn batyr esger» diýip düşündiripdir. Biziň pikirimizçe, salar, salyr etnonimleri salak, salyk diýen atlar bilen bir kökden, ýagny sal diýen gun taýpasynyň adyndan we jemi, köplügi bildirýän -ar / -yr diýen gadymy türki goşulmadan emele gelipdir (bu barada Salak makalasyna serediň). Indi salyr, salar we salargazan etnonimleriniň degişli taýpalaryny anyklalyň. Salyr一özbaşdak taýpadyr, ol tire hökmünde saýatly we hydyrili taýpalarynyň düzümine hem giripdir. Bularyň bir bölegi 1263-nji ýylda Kryma göçüp gelipdir, hatda şu ýerdäki Salgir derýasynyň ady hem şu salyrlar bilen baglanyşyklydyr. Gökleňlerde salar diýen tire bar. Hytaýyň Sýunhua welaýatynda (Pekiniň ýakynynda) ýaşaýan türkmenlere-de salarlar diýilýär. Olar 1370-nji ýylda Samarkant welaýatynyň häzirki Nurata we Goşrabat raýonlaryndan bu ýere göçüp gelip, öz milli däplerini, dilini şu wagta çenli saklapdyrlar. Stawrapol ülkesinde ýaşaýan igdirleriň düzüminde hem salargazan tiresi bolup, ol salyrlardan şu taýpa geçipdir. Sözümiziň ahyrynda salyr diýen etnonimiň il içinde salar görnüşinde-de ulanylýandygyny, ärsary, saryk, teke, ýomut ýaly ençeme türkmen taýpalarynyň hem salyrlar (daşky salyrlar) bilen etnik taýdan baglanyşyklydygyny ýatladýarys.

Salyr Gazan we taryhdaky Sulu han

[düzet | çeşmäni düzet]

Hytaýça 蘇祿,пиньинь: sulu,«lang-kk») —türgeşleriň hany 715-nji ý. Özüniň döwründe Arabystana we Hytaýa çozuşlar eden. Araplar oňa «Suzegen» diýýärler. Rusça Сулук-каган. Sulu han 715-nji ýylda türgeşlileri birleşdirip 200000 goşun ýygnap Siýuýeni olara serkerde belläpdir. 717-nji ýylda bolsa Hytaýa ýörüş edipdir. Ol ýerde Hanlyk titulyny alypdyr. Taryhdaky şahsyýet Sulu(k) han (VII一731) bilen Salyr Gazanyň arasyndaky meňzeşlikler bardyr. Sulu han Türgeşler döwletiniň serkerdesi bolupdyr. Hytaý çeşmelerinde ady agzalan Su-lu hanyň duşmanlary dagadyp bilmändigi we Gorkut ata kitabynyň 12-nji bölüminde agzalyp geçilýän Salyr Gazanyň öz duşmanlaryny dargadyp bilmändigi arasyndaky meňzeşligi we döwürleriniň gabat gelişi syn çekýär. Belkäm Sulu-hanyň ady Hytaý çeşmelerinde şeýle atlandyrlan bolmagy mümkin. Umuman Sulu hanyň taryhdaky keşbi Gorkut atanyň dessanyndaky Salyr Gazanyň başdan geçirmeleri meňzeşdir.

Çeşme

Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty). Aşgabat «Turan一1». 1994. sah 183-184.