Ýaparly
Umumy maglumatlar
[düzet | çeşmäni düzet]Mahmyt Kaşgary (XI asyr) Ýabagu diýen gadymy türki taýpanyň adyny tutýar. Ol hem manysy babatda ýokarky etnonimler bilen bir hatarda durýan atdyr. Bu atlarda gaýtalanýan ýap, ýab sözi (çekimlisi gysga) gadymy türki söz bolup, ol ýapmak (çörek ýapmak, ýorgan ýapmak), ýapyşmak, ýabşyrmak ýaly sözlerde häzire çenli ýörgünli ulanylýar. Irki eýýamlarda ol «ýapyşmak, birleşmek, toplanmak, jemlenmek» ýaly manylary aňladypdyr. Saýylmadyk, ýagny berçigip ýatan topbak-topbak ýüňe ýapagy ýüň, gadymy türki dillerde burum-burum tüýli haýwana (gürjä) hem ýapagy diýlip at berilýandigini ýap sözüniň hut şu manydadygyny bildirýär. Diýmek, sanalan etnonimleriň ählisi «birleşen il», «topar», «ýygyn» manysyndaky ýap (ýap, ýab) sözünden durýar. Indi olaryň degişli taýpalaryny görkezip, bu atlaryň manysy baradaky käbir çaklamalary hem şu ýerde ýatlap geçeliň. Saryklaryň ýapagy tiresi ýokarda ýatlanan ýabagu diýen gadymy taýpanyň galyndysydyr. Bu at ýap sözünden we -ak hem-de -y diýen köplük goşulmalardan durýar. Ýapan (teke) we ýapaç (esgi, teke) etnonimleri-de ýap sözünden we -an, -aç diýen köplük goşulmalaryndan hasyl bolupdyr. Ýomutlaryň ýapban tiresiniň ady ýapan etnonimiň fonetik görnüşidir. Bu ady etnograf alym G. P. Wasilewa «aryk, kanal» manysyndaky ýap sözünden hasaplap, onuň manysyny «mirap» diýip düşündirýär we bu etnonimi Sumbar, Çendir, Etrek jülgelerinde dörändir çaklaýar. Ata Jykyýew şyhlaryň düzümindäki ýapma etnoniminiň «ýapyşan, soň goşulan» manysynyň tarapyny tutýar.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah 246.