Mazmuna geçiň

Ak öýli

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Umumy maglumatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Orta asyr türkmen-oguzlaryň düzüminde şeýle atda uly taýpa bolupdyr. Taryhy çeşmelerde bu adyň gadymy görnüşi we manysy barada dürli çaklamalar getirýärler. Meselem, XI asyryň görnükli dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki sözler diwany» atly ajaýyp sözlüginde alkabölük 22 türkmen taýpasynyň biri hasaplanýar. XIV asyr taryhçysy Reşidetdin bu taýpanyň adyny alkyr-ewli görnüşinde ýazýar we ony Oguz hanyň Günhan diýen oglundan bolan üçünji agtygynyň ady hasaplaýar. Ýazyjy oglunyň (XV asyr) we Salyr Baba Gulaly oglunyň işlerinde-de bu at alka-ewli görnüşinde getirlipdir. Reşidetdin Alkyr-ewli diýen adam (soňra taýpa) adynyň manysyny «her ýerde bolsa-da, ýakymly bolar» diýip, Abulgazy hem (XVII asyr) Oguz hanyň Alkaöýli diýen agtygynyň hem-de onuň neberelerinden emele gelen türkmen taýpasynyň adyny «muwapyk», laýyk, ýakymly» diýip terjime edýärler. Salyr baba bolsa bu adyň «baý we bagtly» diýen manysynyň tarapyny tutýar. Gürrüňi edilýän etnonimiň türki (türkmen) sözlerinden emele gelendigine seretmezden, onuň anyk manysy «ynha şu» diýip aýdaýmak gaty çetin, çünki taryhy çeşmelerde bu at dürli görnüşlerde duş gelýär. Şonuň üçin onuň asyl köki, haýsy sözlerden we goşulmalardan ybaratdygyny belli bolman galýar. Türkmenleriň soňky döwüre degişli tire-taýpalarynyň atlarynda-da bu sözüň dürli görnüşlerde ulanylýandygyny bellemelidiris. Meselem, Horezm oblastyndaky salyrlaryň düzüminde alabölükli diýen etnonimler duş gelýär. Etnograf一alym Ata Jykyýew ony «ala börükli», ýagny «ala tahýa geýýänler» diýip düşündirýär. Ýöne bu adyň Mahmyt Kaşgarly tarapyndan agzalýan alkabölük diýen etnonimiň bir az fonetik üýtgeşmä sezewar edilen görnüşidigini aňlamak kyn däl. Ürgenç raýonynda ýaşaýan salyrlaryň bir bölegine alaöýlükli diýilýär. Türkmen halkynyň taryhyny ürç edip öwrenen moskwaly alym G. P. Wasilýewa bu etnonimiň aslynda gadymy alabölük taýpasyndan gaýdýanlygyny çak edýär, çünki bu ýerde alabölük diýen türkmen urugy 1779-njy ýylda-da bar eken. Ýöne bu alym alaöýlükli diýen tire-urug adyny «keseki öýli», «başga öýli» diýip düşündirýär. Düşündirişler köp, ýöne olaryň hiç haýsy ylmy tarapdan doly esaslandyrylan we ynandyryjy däl. Biz hem bu etnonimiň hakyky manysyny häzirlikçe anyklap bilmedik, ýöne onuň iň ir (XI asyrda) duşýan alkabölük wariantyndan ugur alyp, bu etnonimiň alka we bölük diýen iki sözden durýandygyny aýtmakçydyrys. Onuň bölük sözi «bölek», «topar» (ýagny «urug, tire») diýen manyda bolsa gerek, ýöne wagtyň geçmegi bilen bölük sözüniň öýli (ewli) sözi bilen ornuny çalyşmagy iňkise goýýar. Bu ýagdaýy «garabölük - garaöýli» diýen türkmen etnoniminde-de synlamak bolýar. Alkabölük etnoniminiň birinji sözüni alka, alkyr, alkyn ýaly sözler bilen birlikde bir kökden dörän hasaplasak, onda alka sözi hem «ýygyn», «topar» ýa-da «galyndy» («göçmän galanlary») ýaly manylarda ýüze çykandyr diýip hasaplamak mümkin. Deňeşdirmek üçin, çagataý türkleriniň alkyn sözüni «ýygyn» manysynda ulanandygyny, türkmen şiwelerinde alkyndy sözüniň «galyndy» («sabyn») manyda duş gelýändigini şu ýerde ýatlap geçeliň. Eger bu söz etnonimiň düzüminde ilki alka däl-de, ala görnüşinde ulanylan bolsa, onda onuň gadymy türki (karaim, kaşgar, kuman) dillerindäki alaý sözüniň gysgalan görnüşidigini çaklamak mümkin. Bu dillerde alaý sözi «ýygyn», «topar» (has dogrusy, «urug», «tire») manysynda ulanylypdyr. Eger şu çaklamamyz dogry bolsa, onda alabölük diýen etnonimiň iki sözi-de şol bir manyny ýagny «topary», «urugy» aňladýar.