Gadymy Oguz türkmen döwleti
Gadymy oguzlar. Olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklary. Hytaýyň demirgazyk welaýatlaryny, Gündogarda Sary deňzinden başlap tä Hazar deňzine çenli aralykdaky ägirt uly ýerleri eýeläp oturan gadymy oguzlar türkmenleriň ata-babalary hasaplanylýar.
Oguznamalarda berilýän maglumatlara görä, Oguz han dünýeden gaýdandan soň, onuň garry weziri Erkil hoja Gün hana öz doganlaryny, ýurduň akyldarlaryny, serdarlaryny, kethudalaryny çagyrdyp, maslahat geçirýär. Bu maslahatda mundan beýläk döwleti edara etmek üçin döwletiň kada-kanunlaryny işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylyp, jemgyýetde özüňi alyp barmak, edep-ekram, däp-dessurlar barada kitap döretmeklik teklip edilipdir. Şol maslahatyň beýanynda: 《Eger bir, on ýa-da ýüz goýun öldürseňizem, etlerini şu (ýazgyda) aýdylyşy ýaly paýlasynlar. Her kim öz oglanlary bilen, nökerleri bilen iýsin》. Ýazgynyň ýene bir ýerinde: 《Bir kişi günä iş etse (jenaýat etse), ol kişi patyşanyň ýakyn ýa-da daş adamy bolsa-da, patyşa urugundan ýa-da başga bir urugdan bolsa-da,hanyň temmi bermeli adamy temmi berjek bolanynda,hanyň, patyşanyň inisi, ogly, begleriniň hiç birisi oňa gol ýapmasyn. Eger kimde-kim jenaýatça arka çykyp: 《Bu adam menipenalap gelipdir》diýip, ony temmiden, jezadan alyp galjak bolsa, şol arka duran adamyň özüni patyşanyň huzuryna getirip, agyr jezalandyrmalydyr. Goý, görene-göz, eşidene-gulak bolsun!》 diýlip ýazylypdyr.
Maslahatda ähtnama kabul edilip, onuň aşagyna kethudalaryň ählisi öz atlaryny ýazyp, möhürlerini basypdyrlar. Gün hany bolsa hökümdar saýlapdyrlar. Şol wagtlar Gün han 70 ýaşynda eken. Erkil hoja onuň baş geňeşdary we iş dolandyryjysy bolup galypdyr.
Bu ähtnama esasynda Oguz hanyň nebereleri müňýyllyklaryň dowamynda höküm sürüpdirler. Oguz hanyň döreden elipbiýi hem şol müňýyllyklaryň içinde hereket edipdir. Ýöne şol elipbiýiň haçan ýitip gidendigi bize mälim däl. Gadymy oguz döwleti berk kada-kanun esasynda dolandyrylypdyr.
Oguzlaryň durmuşy we dini ynançlary.